Gadaganlykdaky söýgi

Türkmen gelni.

Täjigistandaky köneden oturymly etniki türkmenler öz ata Watany Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşasalar-da, öz däp-dessurlaryny, ata-baba durmuş ýörelgelerini aýawly saklaýarlar. Täjigistan türkmenleriniň köneden gelýän däbine görä, olar beýleki milletleriň wekillerine gyz bermekden saklanýarlar.

30 ýaşyndaky Dildora Täjigistanda ýaşaýan etniki türkmen gyzlarynyň biri. Ol öz göwün beren ýigidi – etniki täjik bilen sekiz ýyllap halaşypdyr. Emma muňa garamazdan, ol “bigäne” bilen maşgala gurmaga öz ene-atasyndan we dogan-garyndaşlaryndan rugsat alyp bilmändir.

Täjigistanda ýaşaýan etniki türkmen maşgalasy.

Bu döwürde Täjigistanda ýaşaýan türkmen maşgalalary Dildorany gelin edinmek üçin ençeme gezek olara sawçylyga barýarlar. Ýöne sawçylar her gezekde eli boş yzlaryna dolanmaly bolýarlar.

Berk däp-dessurlar

Dildora Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren maglumatynda öz söýgüsiniň gaýduwsyz bolandygyny aýtdy. Emma täjik ýigidi sekiz ýylyň dowamynda eden synanyşyklaryna garamazdan, öz söýýän gyzynyň maşgalasyndan nika üçin razylyk alyp bilmändir.

“Biziň örän berk däp-dessurlarymyz bar. Türkmenlerimiz şol däp-dessurlary berk berjaý edýärler we hiç kim olaryň garşysyna durup bilmeýär. Şol däp-dessurlaryň biri hem beýleki milletiň wekilleri bilen, mysal üçin, täjik milletinden biri bilen maşgala gurmazlykdyr. Biziň türkmen gyzlarymyz diňe türkmene durmuşa çykyp bilýärler. Biz Täjigistanda ýaşaýarys we biziň başga milletden bolan birini söýmäge hukugymyz bar ahyryn? Men täjikler bilen türkmenleriň birek-birege has hem ýakynlaşmagyny we maşgala gurmaklaryny örän köp isleýärin” diýip, Dildora Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna gürrüň berýär.

Dildora özi ýaly arzuw-hyýallary hasyl bolmadyk türkmen gyzlarynyň başga-da az däldigini sözüniň üstüne goşýar. Ol öz jorasynyň hem täjik ýigidi bilen halaşandygyny, emma onuň ahyrynda söýmedik türkmen ýigidi bilen maşagala gurmaga mejbur bolandygyny belleýär. Dildora özüniň göwün beren ýigidi bilen maşgala gurup bilmedik jorasynyň ýakyn wagtda nikasynyň bozulandygyny aýdýar.

Täjigistandaky türkmenler

Dildora we onuň dogan-garyndaşlary Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Jylyköl etrabyndaky Gardy Gulmyrat obasynda ýaşaýarlar. Bu obada ýaşaýan etniki türkmenleriň sany 5 müň çemesidir. Täjigistanda ýaşaýan türkmenleriň haçan bu sebite göçüp barandygy anyk bilinmese-de, olaryň ýaşaýyş durmuşlary resmi taýdan ýeterlik derejede öwrenilmese-de, bu obanyň ýaşaýjylary özleriniň eýýäm 300 ýyldan bäri bu territoriýada ýaşaýandyklaryny aýdýarlar.

Täjigistanda ýaşaýan etniki türkmenler, esasan, bilim, medisina we oba-hojalyk pudaklarynda işleýärler. Täjigistanda ýaşaýan türkmen zenanlary bolsa, öz ata Watanyndan eýýäm birnäçe ýüz ýyl bäri uzakda ýaşaýandyklaryna garamazdan, öz milli lybaslaryny geýýärler. Bu regionda, esasan, ärsary taýpasyndan bolan türkmenler ýaşaýarlar.

Täjigistanyň Jylyköl etrabynda ýaşaýan etniki türkmen Ysmaýyl Serdarow türkmenleriň Täjigistanda parahat ýaşaýandygyny, olaryň birek-biregiň öýüne myhmançylyga gidýändigini aýdýar. Emma ol eýýäm onýyllyklardan bäri dowam edýän düzgünlere ýa-da urp-adatlara görä, türkmenleriň başga milletiň wekilleri bilen maşgala gurmagyna rugsat berilmeýändigini aýdýar.

"Bigäne"

Ysmaýyl: “Biziň ata-babalarymyz türkmen gyzlarynyň “bigäne”, ýagny başga milletden bolan biri bilen maşgala gurmagyny islemediler. Olar, eger siz başga milletden biri bilen durmuş gursaňyz, biz sizden ýüz öwreris diýip, gyzlary gorkuzdylar. Gyzlary diýenetmezeklikde aýyplap, öýden kowmak haýbatyny atýardylar” diýip, gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň milletara nikalar barada beren soragyna Jylyköl sebitiniň ZAGS edarasynyň işgäri Hasan Barfoýew henize çenli türkmenler bilen täjikleriň arasynda resmi nikanyň hasaba alnandygy baradaky maglumatyň ýadyna düşmeýändigini aýtdy. Bafoýew: “Biz olaryň [türkmenleriň] öz däp-dessurynyň bardygyny we ony özleriniň göz guwanjy edip goraýandygyny bilýäris” diýdi.

"Ganymyz gatyşmasyn"

Täjik eksperti Rustam Saparow.

Täjigistanyň Hatlon welaýatyndaky sosial meseleler boýunça ekspert Rustam Saparow Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda mundan bir ýyl öň Jylyköl sebitinde ýaşaýan türkmenleriň durmuşy barada ylmy barlaglaryň geçirilendigini gürrüň berdi. Ol bu barlaglaryň netijesinde Täjigistan türkmenleriniň etniki azlygynyň durmuş ýörelgeleri, prinsipleri barada wajyp maglumatlaryň üsti açyldy diýdi.

“Türkmenler ýeterlik derejede progressiw millet. Olar döwür bilen aýakdaş ädim ädýärler we olar oba-hojalygyň ähli pudagynda zähmet çekýärler. Ýöne şol bir wagtyň özünde-de olar örän konserwatiwdirler. Barlaglar döwründe biz türkmenleriň näme üçin başga milletiň wekilleri bilen maşgala gurmakdan saklanýandyklary barada soradyk. Garaşyşymyz ýaly, her obada ilat tarapyndan saýlanan oba ýaşulusy bar eken. Adamlar şol ýaşulynyň aýdanlaryny berjaý edýärler. Şonda olar biz diňe täjikler bilen däl, eýse başga milletiň wekilleri bilen hem ganymyzyň gatyşmagynyň tarapdary däl diýip, aç-açan aýtdylar. Şeýlelikde olar öz milletiniň arassalygyny saklamaga çalyşýarlar” diýip, täjik eksperti Saparow bu barada gürrüň berdi.