Garabag: BMG ýaraşyga çagyrýar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Mun

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Mun Daglyk-Garabag sebitinde ýüze çykan ganly çaknyşyklardan soň, ermeni hem azeri taraplaryna ýüzlenip, özara gahar-gazapdan gaça durmaga we ýaraşyk ylalaşygyna boýun bolmaga çagyrdy.

Ban Ki-Mun ýazmaça beýanat bilen çykyş edip, sebitdäki çaknyşyklar bilen baglanyşykly “aladalanma” bildirýändigini mälim etdi. Şeýle-de ol Garabag sebiti boýunça araçylyk edýän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Minsk toparynyň dartgynlylyklary gowşatmak ugrunda edýän tagallalaryna goldaw bildirdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň ýaýradan maglumatyna görä, soňky günleriň dowamynda Daglyk-Garabag sebitinde ermeni güýçleri bilen çaknyşykda 15 esger öldürilipdir.

Daglyk-Garabagyň de facto, ýagny iş ýüzündäki liderleri bäş esgeriň wepat bolandygyny aýdýarlar.

ÝHHG-niň Minsk toparynyň düzümindäki ABŞ-nyň wekili Jeýms Uarlik (James Warlick) 4-nji awgustda çykyş edip, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň prezidentleriniň duşuşyp, meseläni çözmek ugrunda gepleşikleri geçirmelidiklerini nygtady.

Putin bilen gepleşik

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň aýtmagyna görä, şu hepdäniň ahyrynda rus prezidenti Wladimir Putin Soçi kurortynda ermeni we azeri prezidentleri bilen duşuşar.

Ermenistanyň premýer-ministri Howik Abrahamiýan bu görnüşdäki duşuşygyň 8-9-njy awgust töwereklerinde amala aşyp biljekdigini aýtdy.

Bu duşuşyga Ylham Alyýewiň gatnaşyp-gatnaşmajakdygy häzirlikçe belli däl, muňa degişli maglumaty azeri resmileri heniz tassyklanoklar.

Daglyk-Garabag sebiti boýunça gelnen ýaraşyk ylalaşyklaryny bozmakda Ýerewan we Baku birek-biregi aýyplaýarlar.

Ermenistanyň goranmak ministri Seiran Ohaniýan 4-nji awgustda çykyş edip, Azerbaýjanyň ýagdaýlary dartgynlaşdyrmak ugrundaky synanyşyklarynyň urşa getirip biljekdigini, emma “doly göwrümli harby operasiýanyň geçirilmegi üçin häzirlikçe hiç hili sebäbiň ýokdugyny” hem sözüniň üstüne goşdy.

Daglyk Garabag sebiti boýunça Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda ençeme ýyldan bäri konflikt dowam edip gelýär.

Ermenistan tarapyndan goldaw berlen separatistler 1990-njy ýyllarda bolan uruşda aglaba ermenilerden ybarat bu sebiti Azerbaýjandan basyp alypdylar.

Konflikti gowşatmak ugrundaky edilen diplomatiki tagallalaryň netijesi häzirlikçe Ujypsyz bolup galýar.