Dünýä Türkmenleri: YYDL we etniki türkmenleriň arzuwy
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanyň resmi metbugatynda Yrakda, Siriýada ýaşaýan etniki türkmenleriň içinde galan uruş-gowgalary, özüni «Yrak yslam döwleti we Lewant» diýip atlandyran jeňçi toparyň öz basyp alan ýerlerinde bir taraply görnüşde Yslam döwletini ýa-da Halyfaty jar etmegi barada maglumat berilmeýändigi aýdylýar.
Azatlyk Radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky sany Siriýada, Yrakda ýaşaýan ýaşaýan ýa-da ol ýerlerden gaçyp, Türkiýä geçen etniki türkmenleriň şu günki hal-ahwallaryna bagyşlandy.
«Häzirki ýagdaý ertir-birigün üýtgäp biler, ýöne biziň jogapkärçiligimiz nähili bolmaly diýlende, meselem, nesip bolsa, geljekde bir ýerden goldaw tapyp, yrak türkmenlerini Türkmenistan bilen bir hatarda bütin dünýä tanadyp biljek bir telekanal gurup bilsek, ana, şonda biz özümizi gowy tanadyp bileris» diýip, Yrakda ýaşaýan türkmenleriň «Garaşsyz türkmenler» hereketiniň gurujylarynyň biri, syýasatçy hem Erbil türkmen radiosynyň başlygy Mahmut Çelebi Azatlyk radiosyna aýtdy.
Bu söhbeti diňläp, pikirleriňizi ýazsaňyz, hoşal bolarys.