Tegelek stol: Edebi terjimedäki terslikler

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanda sowet ýyllarynda edebi terjimäniň uly mekdebi döredilip, dünýä halklarynyň edebiýatyndan köp eserler türkmen diline terjime edildi. Eýsem bu mekdebiň häzirki ýagdaýy nähili? Azatlyk Radiosynyň nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligine gatnaşan synçylar türkmen terjimeçilik mekdebiniň weýran edilendigini aýdýarlar. Eýsem bu mekdebi dikeltmek näme üçin gerek? Ýa-da dünýä edebiýatynyň nusgalyk eserlerini türkmen diline geçirmek zerurlygy  ýokmy? Azatlyk Radiosynyň bu barada gurnan ýörite söhbetdeşligine gatnaşan synçylar, şol sanda okyjylaryň teswirleri bu mesele barada dürli pikirleri orta atýarlar. Diňle, söhbete goşul, gadyrdan okyjy!