Türkmenistanda Metbugat hakyndaky täze kanunyň güýje girenine bir ýarym ýyldan gowrak wagt geçdi. Bu kanunda metbugatda senzura ýol berilmeýändigi aýdylýar. Emma ýerli çeşmeler täze kanunyň türkmen metbugatyna uly bir üýtgeşiklik getirmändigini habar berýärler.
Şeýle-de türkmen gazet-žurnallarynda we radio-telewideniýesinde, prezident derejesinde aýdylýan tankydy belliklerden başga, ýurtdaky problemalar, adamlaryň gündelik durmuşynda duşýan kynçylyklar, ýol hadysalary we beýlekiler ýaly islendik ýurtda duşýan negatiw hadysalar barada habar berilmeýändigi aýdylýar.
Eýsem türkmen metbugaty hemişe şeýle bolupmydy? Ýagny türkmen metbugatynda negatiw hadysalar barada ýazmak, bar bolan problemalar we olaryň çözgüdi baradaky jemgyýet habardarlygyny giňeltmek synanyşyklary, durmuş-ýaşaýyş meseleleriniň döwrebap çözgüdini yzarlamakda metbugatyň pozitiw rol oýnamagy indi başlanmaly zatmy ýa-da bu ugurda ozal belli bir tejribeler hem bolupmydy?
Azatlyk Radiosy bu soraglary aşgabatly publisist, türkmen metbugatynda köp işlän öňki žurnalist Amanmyrat Bugaýewe berdi. Söhbetdeşligi diňläp, metbugatdaky tankyt meselesi barada pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar