"Arkadagyň" heýkeli "islenilýär"

Resmiler prezidentiň heýkeliniň oturdulmagyny sorap, “köpsanly teklipleriň gelendigini” tekrarladylar.

Türkmen resmileri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan ýurduň paýtagtynda onuň öz heýkelini oturtmaga rugsat soradylar.

Prezident Berdimuhamedowyň paýtagtdaky giň gerimli gurluşyklaryň täze tapgyrynyň proýekti bilen tanyşdyrylýan mahaly ýurduň wise-premýeri we daşary işler ministri Reşid Meredow, gurluşygyň beýleki işlerini bir gyra goýup, prezidentiň hut özünden “paýtagtyň gözel künjekleriniň birinde, görnükli ýerde arkadag prezidentiň” heýkeliniň oturdylmagyna ygtyýar bermegini sorady.

Bu haýyşy şol bada Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy K.Babaýew hem gaýtalady.

"Halk isleýär"

Resmi maglumatda nygtalyşy ýaly, bu iki çinownigiň ikisem ýurduň wezipeli adamlaryndan we adaty raýatlaryndan şeýle prezidentiň heýkeliniň oturdulmagyny sorap, “köpsanly teklipleriň gelendigini” tekrarladylar.

Şondan soň, “Halkyň isleginiň mukaddesdigini” we bu ugurda “halk bilen maslahatlaşylmalydygyny” aýdyp, prezident Berdimuhamedow bu teklibe biraz aýlawlyrak jogap berdi.

Prezidentiň bu ýadygärlik guruljak bolsa, “halk bilen maslahatlaşmaly” diýen teklibi bilen bagly resmi çäreleriň nähili tertipde gurnaljakdygy barada türkmen metbugatynda häzirlikçe hiç hili maglumat berlenok. Prezidentiň heýkelini paýtagtyň anyk haýsy “gözel künjeklerinde” oturtmak göz öňünde tutulýandygy hem entek belli däl.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, G.Berdimuhamedowyň heýkeli bilen bagly mesele soňky ýyllaryň dowamynda eýýäm ikinji gezek ýurtda resmi derejede gün tertibine girizilýär.

Berdimuhamedowyň ilkinji heýkeli

Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçeli bäri onuň at üstündäki ak reňkli ilkinji heýkeli 2012-nji ýylyň 8-nji martynda zenanlar gününe gabatlanyp geçirilen güller sergisinde ýerleşdirilipdi. Emma şondan soň hut şu güne çenli Gurbanguly Berdimuhamedowa hiç hili ýadygärlik dikilmändi.

Emma welin, prezidentiň portretlerini ähli döwlet edara-kärhanalarynda, okuw jaýlarynda, keselhanalarda, harby bölümlerde we beýleki ýerlerde häzirem isledigiňçe görmek bolýar.

Mundan başga-da paýtagtdaky käbir binalaryň girelgeleriniň ýokarsynda, daşky diwarlarda hem onuň suratlary sanardan kän. Soňky 3-4 ýyllykda neşir edilýän okuw kitaplarynyň baş sahypalarynda hem prezidentiň suratlary çap edilýär. Hatda paýtagtyň köçelerinden gatnaýan sary reňkli döwlet taksileriniň öňki aýnalarynda hem prezidentiň suratlary ýerleşdirilýär.

Berdimuhamedowyň atasynyň heýkeli

Şol bir wagtda prezidentiň atasy Berdimuhammet Annaýewe Yzgant obasynyň orta mekdebinde we onuň kakasy Mälikguly Berdimuhammedowa Babarapdaky medeniýet köşgüniň öňünde hem-de Içeri işler ministrliginiň onuň adyny göterýän 1001-nji harby bölüminiň baş binasynyň öňünde ýadygärlikler dikilipdi.

Türkmenistanyň garaşsyzlyk döwrüniň taryhyna nazar aýlasak, 2006-njy ýyla çenli ýurduň öňki prezidentiniň we onuň ejesidir, kakasynyň ýadygärliklerini oturtmak ýoň bolupdy. Paýtagtda, her welaýat merkezinde, käbir etraplarda S.Nyýazowyň özüniň we onuň ene-atasynyň ýadygärlikleri oturdylypdy.

Paýtagtda bolsa olaryň birnäçesi bar. Altyn çaýylan bu ýadygärlikleriň ählisi diýen ýaly öňki ýerlerinde dur. Olardan diňe käbirleri aýryldy. Mysal üçin, S.Nyýazowyň Serhet gullugynyň öňki baş edara binasyndaky ýadygärligi aýryldy. Paýtagtyň häkimliginiň öňki binasynyň öňündäki ýadygärligi hem şol bina bilen birlikde ýok edildi.

"Bitaraplyk" binasy paýtagtyň merkezinden göçürilýär. 2010 ý.

Onuň paýtagtyň merkezindäki Bitaraplyk binasynyň çür depesindäki elini güne serip duran ýadygärligi bolsa şol bina bilen birlikde paýtagtyň bir çetine göçürildi. Geçen ýyl S.Nyýazowyň kakasynyň hem ýadygärligi onuň adyny göterýän parkdan ýok edildi.

S.Nyýazowyň ýadygärlikleri bilen bir hatarda onuň edara-kärhanalara dakylan atlary ýuwaş-ýuwaşdan aýrylýar. Geçen ýyl paýtagtdaky S.Nyýazowyň adyny göteren medeni merkezinden onuň ady aýryldy. Paýtagtyň S.Nyýazow adyndaky etrabyň hem ady Bagtyýarlyk diýlip üýtgedilip, ondan S.Nyýazowyň ady aýryldy.