Türkmenistan Awaza meselesinde Türkiýe bilen turizm ugrundan ýörite hyzmatdaşlyk edýär we ylaýta-da Antaliýanyň turizm boýunça tejribelerinden nusga alýar diýilýär. Eýse, soňky wagtlarda Türkmenistanda turizm pudagynda nähili işler edilýär we mundan beýläk edilmeli zerur işler nämelerden ybarat?
Azatlyk Radiosy şeýle sowallar bilen düýbi Türkiýäniň Antaliýa şäherinde ýerleşýän “Termessos turizm” firmasynyň ýolbaşçylaryndan Metin Ölçere ýüz tutup, turizm işinde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň Awaza ýetirýän täsirleri we Türkmenistanda bu ugurdan edilmeli işler barasynda söhbetdeşlik geçirdi.
Azatlyk Radiosy: Jenap Metin Ölçer, Firmaňyz Türkmenistan bilen turizm barada nähili işler alyp barýar we nähili aragatnaşyk saklaýar?
Metin Ölçer: Biz Türkmenistan bilen köp ýyldan bäri gaty gowy dostlukly dialoglar arkaly turizm boýunça işleşip gelýäris. Belli bolşy ýaly, her ýyl Aşgabatda geçirilýän Halkara turizm, saglyk we sport sergisine gatnaşýarys.
Şol sergide Türkiýäni we Antaliýany tanadýarys. Şonuň üçinem ol ýerdäki Türkmenistanly doganlarymyz bilen gaty gowy gatnaşyklarymyz bar. Türkmenistanly kärdeşlerimiz Antaliýa gelip, turizm boýunça tälim alýarlar.
Turizmiň kämilleşmegi üçin Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky dowam edýän şeýle iş hyzmatdaşlyklarynyň gaty uly peýdasy degýär. Gysgaça aýdylanda, biz turzim bilen bir hatarda halklarymyzyň birek-biregi gowy tanamagy we ysnyşmaklygy üçin iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirýäris diýsem, öte geçdigim bolmazmyka diýýärin.
Azatlyk Radiosy: Jenap Metin Ölçer, Türkmenistanyň turizm sebiti Awazada, siziň pikiriňizçe, geçen ýyllar bilen deňelende, ösüşler we üýtgeşiklikler barmy?
Metin Ölçer: Men Awaza turizm-dynç alyş ýerini gowy bilýärin. Meniňçe, Awazanyň turizm mümkinçilikleri barha kämilleşýär. Türkmenistanly turizm işgärleri, müdirleri we dürli wezipelerdäki jogapkär adamlar iki ýurduň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda gelip, bärde Antaliýada, turizm boýunça döwrebap tälim alýarlar we kämilleşýärler.
Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda turizm işlerini professional derejede alyp barmak boýunça iş hyzmatdaşlygy bar. Ýaňky, tälim alyp, bu ýerde kämilleşip giden türkmenistanlylar ýurda dolananlarynda, diňe bir Awazanyň turizm hyzmatlaryny däl, eýse Aşgabat we beýleki ýerlerdäki turizm hyzmatlarynyň kämilleşmegine hem uly goşant goşýarlar.
Azatlyk Radiosy: Jenap Metin Ölçer, Türkmenistandaky Awaza turizm dynç alyş sebitiniň daşary ýurtlular üçin hem açylmagy babatda häzir ýagdaý nähili? Meselem, Türkiýedäki siziň turistleriňizden biri Awaza gidip dynç almak islese, arkaýyn, aňsat, kynçylyksyz gidip-gelip bilýärmi? Bu ugurda nähili güzerlerden geçmeli bolýar?
Metin Ölçer:Elbetde, gynansagam, [Türkmenistana barjak bolsaň], wiza problemalary we kynçylyklary öňüňden çykýar. Türkmenistana aňsat wiza alyp bolanok. Ýöne, eşidişime görä, bu ýerde halkara turizmini ýola goýmak maksady bilen Awazada dynç aljaklar üçin ýörite wiza ýeňillikleri giriziljekmiş.
Gönümel Awaza dynç almaga gelip-gitjekler üçin Türkmenistan wiza ýeňilligini döretmekçi diýýärler. Şu wagt munuň bilen baglanşykly ýörite iş alnyp barylýar, men şony bilýärin.
Azatlyk Radiosy: Jenap Metin Ölçer, Siz turizm ugrundan hünärmen hökmünde Siziň pikiriňizçe, Türkmenistanda Awaza turizm-dynç alyş sebitiniň talabalaýyk kämilleşdirilmegi üçin nähili işler edilmeli?
Metin Ölçer: Awazada gaty uly maýagoýumlar edildi we ummasyz pul sowuldy. Şonuň üçinem owal-başdan Awazadan Türkmenistanyň öz halkynyň peýdalanmagy gerek diýip pikir edýärin. Ýagny, Awaza ilki bilen Türkmenistanyň içerki bazarynda halka açylyp, hyzmatyň öz işiniň hilini görkezip, gowy ynam gazanmagy we talaba laýyklygyny subut etmegi gerek.
Awazada owal Türkmenistanyň öz halkynyň dynç alyş mümkinçiliginiň ýokary hilli, döwrebap hyzmat bilen doly üpjün edilmegi zerur. Edil şonuň ýaly daşary ýurtlardan geljek turistleriň-de Awazada dynç alşyň hiliniň ýokary derejede bolmagyna garaşjagy belli.
Awaza dynç alyş hyzmatlarynyň we dynç alyş merkezlerinde iş dolandyrylyşynyň hiliniň ýokary hilliligi bilen bilelikde dynç alyş möwsüminiň yzgiderliligi babatda hem öz işini kämilleşdirmeli. Ýöne turizmde şeýle mümkinçilikler we üstünlikler birden bolmaýar, ýagny wagt gerek bolýar.
Meselem, şu wagt Antaliýa bir ýylyň dowamynda dürli ýurtlardan 12 million turist dynç almaga gelýär. Antalýada turizm birden şeýle ösüşe we mümkinçilige eýe bolmady. Iň azyndan 15-20 ýyllap Antaliýa turizmde kämillik basgançaklaryny geçmeli boldy. Häzir indi Antaliýa turizm pudagy gelýän turistlere professional derejede hyzmat edýär.
Aeroport hyzmatlary, içerki gatnaw hyzmatlary, turizm geňeşçileri, myhmanhanalaryň ýolbaşçylary we ähi işgärleri turzm hyzmatlary babatda yzygiderli döwrebap ýagdaýda özüni kämilleşdirip durmaly. Awazada hem birden hemme zadyň biterine garaşmaly däl.
Turizmiň Awaza ornaşmaklygy üçin owaly bilen 5-10 ýyllyk başlangyç tapgyrynyň geçilmegi gerek. Şeýle başlangyç tapgyry Antaliýa hem başdan geçirdi. Men edilmeli işler edilen halatynda Awazada hem turizmiň Antaliýadaky ýaly boljagyna ynanýaryn.
Türkiýe beýleki ýurtlar bilen bir hatarda Awazanyň turizmde dünýä möçberinde özüni görkezmegini isleýär. Ýöne munyň üçin Awazany tanadyş işleriniň geçirilmegi we guramaçylyk işleri wajyp rol oýnaýar.
Tanadyş we guramaçylyk üçin internetden gowy peýdalanmagy bilmeli. Internetde, ylaýta-da Facebook, Twitter ýaly sosial ulgamlaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmaklyk örän möhüm.
Awazanyň bütin dünýä tanadylmagy üçin Türkmenistanyň şeýle internet mümkinçiliklerinden peýdalanyp biljekdigine ynanýaryn. Sebäbi Awazada turizme goýlan maýalaryň hökmany suratda öwezini dolmaly we ol maýalar girdeji bermeli.
Azatlyk Radiosy: Jenap Metin Ölçer, Türkmenistanyň turizmi diňe Awaza baglymy? Türkmenistanyň turizminiň nähili kynçylyklary we bökdençlikleri bar? Türkmenistanda ýurduň ähli turizm mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin nähili işler edilmeli?
Metin Ölçer: Türkmenistan turizmde köpçüligi diňe bir ýere gönükdirmeli däl. Ýagny, Türkmenistanda diňe Awaza bar ýaly hereket etmeli däl. Gelip, diňe Awazany görüp gitmeli bolsa, onda munuň Türkmenistana turistleriň köpçülikleýin gelmegi üçin ýeterlik bolmazlygy hem ahmal.
Meselem, ýurduň paýtagty Aşgabat hem turizm üçin gaty ünsi çekiji, özbaşyna ajaýyp owadan bir şäher. Aşgabat dürli çyralaryň şöhle saçýan gijeleri, owadan jaýlary we seýilgähleri hem täsin arhitekturasy bilen turistler üçin özüne çekiji şäher bolup biler.
Aşgabatdan başga hem Türkmenistanda hemme turistleriň ünsüni özüne çekýän gaty köp turistik ýerler bar. Aşgabadyň öz töwereginde, ýagny Ahal sebitinde hem täsin turistik ýerler bar. Galyberse-de, Daşoguz we Marydaky gadymy ýerler bilen dürli sebitlerdäki tebigy gözellikler bar.
Şonuň üçinem şeýle ýerleri görmek isleýän turistler üçin ýörite gezelençler, ekskursiýalar gurnalmaly. Dürli ýerlere gezelençleri öz içine alýan syýahat teklipleri turistleriň has köp ünsüni özüne çeker we olary Türkmenistanda dynç alşa hem gezelenje höweslendirer.
Şeýlelik-de Türkmenistanyň turizmi hem dürli gezelenç, dynç alyş, syýahat mümkinçilikleri bilen has çalt ösüp kämilleşer. Ýaňky zatlar bilen birlikde hökmany suratda wiza almak işi örän aňsatlaşdyrylmaly. Uçuşlary, halkara gatnawlaryny ýeňilleşdirýän mümkinçilikler döredilmeli.
Türkmenistanda turizmde edilmeli ýaňky işler bilen bir hatarda turistleriň saglyk kepilligi babatda hem ähli şertler döredilmeli. Dünýä turizm hereketinde adamlar syýahat, gezelenç, dynç alyş bilen bir hatarda saglyk kepilliginiň hem talabalaýyk bolmagyna gaty uly üns berýärler.
Sebäbi turist dynç almaga, gezelenç etmäge gidýän ýurdunda özüne hödürlenýän saglyk kepilligi babatda gaýgy etmek islemeýär. Turizm diýlende, ýurda geljek turistleriň saglyk kepilligini hem doly üpjün etmekligi unutmaly däl. Şeýle-de, meselem, biz Antaliýada adaty dynç alyşdan tapawutlylykda saglyk turizmini hem doly ýola goýup, kämilleşdirdik.
Türkmenistan hem saglyk turizmine üns berip biler. Antaliýada dynç alyp ýörkäler saglyk ýagdaýyna seretdirmek isleýänler üçin ýa-da şypaly suwlardan peýdalanmak isleýänler üçin ýörite saglyk turizmi mümkinçilikleri döredildi.
Şonuň üçinem Türkmenistan diňe dynç alyş, gezelenç turizmini göz öňünde tutman, ýaňky ýaly saglyk turizmi, sport turizmi ýaly dürli turistik ugurlar bilen turizmiň dürli görnüşlerini köpeltmeli. Halkara turizm sergilerine gatnaşyp, diňe ýurduň turizm mümkinçilikleri barada maglumat bermeklik ýeterlik däl. Turizm barada edilýän işleri hasam kämilleşdirmek gerek.
Azatlyk Radiosy: Jenap Metin Ölçer, Antaliýada işläp ýörkäňiz, Türkmenistany we türkmenistanly iş hyzmatdaşlaryňyzy küýseýän wagtyňyz bolýarmy?
Metin Ölçer: Türkmenistanly doganlarymyza şu pursatdan peýdalanyp, siziň üstüňiz bilen mähirli salam iberýärin. Biz olary gaty gowy görýäris. Türkmenistan halkynyň hem bize mähir bilen çemeleşýändigini her gabatlaşanymyzda we işleşýän her pursatymyzda ýürekden duýýärys.
Dogrusyny aýtsak, türkmenistanly doganlarymyz bilen işleşmeklige gaty öwrenişdik. Nesip bolsa, şu ýylyň turizm möwsüminiň soňunda ýene-de Aşgabady we Türkmenistanyň beýleki ýerlerini görmegi höwes edýäris. . Türkmenistan baradaky bu arzuwlarymyz hasyl bolsa, gaty begeneris.