Birleşen Ştatlaryň Orsýete garşy girizen nobatdaky sanksiýalar toplumy ozalky girizilen sanskiýalardan nähili tapawutlanýar? Bu ýagdaý iki döwletiň arasyndaky dartgynlylygy güýjedermi?
Orsýete garşy girizilýän sanskiýalaryň nobatdaky üçünji tapgyry işe girizildi. Girizilýän sanksiýalaryň her tapgyry, öz nobatynda ozalkylardan tapawutlanyp, iki döwletiň arasyndaky dartgynlylygy has hem güýjedýär.
Ýöne soňky girilzilen sanksiýalar aýratyn ähmiýete eýe. Sebäbi, üçünji tapgyrda Orsýetiň garşysyna girilen çäklendirmeler edil Eýrana garşy girizilen çäklendirmeler ýaly, ykdysady gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny böwetleýär. Sanksiýalaryň üçünji tapgyry ýurduň durmuşyndaky iki esasy energiýa kompaniýany, iki sany uly göwrümli banky we sekiz sany ok-ýarag zawodyny nyşana alýar.
Martda girizilen çäklendirmeleriň birinji tapgyrynda ABŞ we ÝB Orsýetiň käbir jogapkär şahsyýetleriniň garşysyna Amerika we Ýowropa Bileleşiginiň ýurtlaryna syýahat gadagançylygyny girizipdi, şeýle-de käbir orsýetlilere degişli bolan hasaplary doňdurypdy.
28-nji aprelde Amerikanyň Birleşen Ştatlary sanksiýalaryň ikinji tapgyryny durmuşa geçirdi. Ikinji tapgyrda girizilen çäklendirmeler Putiniň ýanyndaky täsirli adamlary we olar bilen ilteşikli 17 sany kärhana holdingini nyşana aldy. Şonda Brýussel hem degişli adamlara garşy sanskiýalar girizipdi, ýöne Brýusseliň girizen çäklendirmeleri Waşingtonyňky ýaly giň göwrümli bolmady.
Sanksiýalaryň ikinji tapgyrynda Waşington Orsýetiň iň esasy uly banklarynyň, Wneşekonombankyň, ýagny Daşaryykdysadybankynyň we Gazprombankynyň öňünde öz gapylaryny ýapdy. Şonda Waşington döwlet eýeçilgindäki ”Rosneft” we ”Nowatek” atly has iri energiýa kompaniýalaryny, şol sanda ”Kalaşnikow” kärhanasyny hem öz içine alýan ok-ýarag öndürýän sekiz sany zawody hem sanksiýalar sanawyna girizipdi.
Birleşen Ştatlar Ukrainanyň iki sany separatist regiony bolan ”Lugansk Halk Respublikasyna” we “Donetsk Halk Respublikasyna” garşy hem sanksiýalary girizdi. Ýagny, ABŞ olaryň emläkleriniň hasabyny doňdurdy we amerikan kärhanalarynyň we raýatlarynyň olar bilen söwda gatnaşygyny etmeklerine gadagançylyk girizdi.
Birleşen Ştatlaryň kärhanalary we raýatlary agzalýan iki sebit bilen söwda gatnaşyklaryny edip bilmeýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary iň soňunda Orsýetiň FSB aňtaw gullugynyň wekili Sergeý Besedany we Donetskdäki separatistleriň lideri Aleksandr Borodaýy hem öz içine alýan jemi bäş sany rus raýatyna garşy çäklendirmeleri girizdi.
Sanksiýalar rus kompaniýalaryna we rus ykdysadyýetine nähili täsir edýär?
Synçylaryň aýtmaklaryna görä, sanksiýalar agzalan kompaniýalara o diýen täsir etmez, ýöne umumylykda rus ykdysadyýetine gytaklaýyn zarba urar.
Prezident Barak Obama sanksiýalary “ähmiýetli, şol sanda maksatly” diýip häsiýetlendirdi.
Banklar we energiýa kompaniýalary Birleşen Ştatlaryň bazaryna çykyp bilmezler we mundan beýläk olar Birleşen Ştatlaryň kapital çeşmelerinden pul karz alyp bilmezler. Muňa garamazdan, olar amerikan kompaniýalary bilen söwda gatnaşyklaryny dowam etdirip bilerler. Hususdan-da, ”Rosneft” barada aýdylanda, ýagdaý şeýle. ”Rosneft” Amerikanyň ”ExxonMobil” atly ýangyç läheňi bilen söwda gatnaşyklaryny edýär.
Sanskiýalar rus ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna aýratynlykda zarba urmaga derek, käbir kompaniýalary nyşana alyp, Kremle duýduryş bermegi maksat edinýär.
Moskwada ýerleşýän “ Macro Adivsory” atly maslahat beriş firmasynyň düýbüni tutujylardan Kris Wýufer girizilýän çäklendirmeler barada şeýle diýýär: “Sanksiýalar habar serişdeleriniň üsti bilen Moskwa basyş etmegi maksat edinýär. Basyş edýärem. Meniň pikirimçe, biz häzir ýuwaş-ýuwaşdan kritiki nokada tarap süýşüp barýarys. Eýsem, ýagdaý gowulyk bilen çözülermi ýa-da has erbetleşermi? Ýalňyşmasam, şu zatlaryň takyklaşdyrylmagyna bary-ýogy birnäçe hepde galan bolmaly”.
Ne “Nowatek”, ne-de “Rosneft” Birleşen Ştatlaryň kapitalyna garaşly. Şonuň üçinem olar üýtgeşik täsir astynda galanok. Ýöne ABŞ meşhur kompaniýalara garşy sanksiýa girizmek bilen, Orsýet bilen işleşmäge meýilli günbatarly maýadarlara bir zatlary kakdyrýar.
Synçylar sanksiýalar rus ykdysadyýetine gytaklaýyn täsir eder diýýärler.
17-nji iýulda ruz biržasy soňky alty hepdäniň iň uly şowsuzlyklaryny başdan geçirdi we rubluň hümmeti yzygiderli ejizläp, rus ykdysadyýetini agyr güne salýar. Rubluň hümmetsizlenmegi Orsýetde banklarda saklanýan pullara-da täsir edip, kapitalyň ýurtdan gaçmagyna ýol açýar.
Halkara pul gaznasynyň hasabatyna görä, rus ykdysadyýetiniň ösüşi durgunlyk derejesine baryp ýetid we ol doly pese gaçyp, gitdigiçe gowşaýar. Üstesine, Ukrainada krzis başlaly bäri Orsýetden kapitalyň ummasyz möçberde daşary çykmasy ýüz berdi we bu ýagdaý entegem dowam edýär. Girizilýän nobatdaky sanksiýalar maýadarlaryň degnasyna degýär. Wýufer: “Sanksiýalar rus ykdysadyýetine gytaklaýyn täsir etmegi maksat edinýär” diýýär.
Sanskiýalar näme üçin şu wagt girizilýär? ABŞ we ÝB mundan näme netije gazanýar?
Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Birleşen Ştatlar Moskwa Ukrainadaky dartgynlylygy peseltmegi talap edip, duýduryş berip geldi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obama 16-njy iýuldaky çykyşynda täze sanksiýalaryň girizilýändigini habar berdi we ol, hususan-da, şeýle diýdi: “Orsýet Ukrainanyň araçägine ýarag we söweşiji eltmegini hökman bes etmeli”
Şu wagta çenli Orsýet muňa nähili reaksiýa bildirdi?
Orsýetiň daşary işler ministri Birleşen Ştatlaryň sanksiýalaryny “primitiw” diýip häsiýetlendirdi. Ol: “Ukrainadaky hadysalar Waşingtonyň islegine görä bolmansoň, Birleşen Ştatlar primitiw ar almaga synanyşýar” diýdi we ol Ýewropa Bileleşigini Birleşen Ştatlaryň ýalan haýbatyna boýun bolmakda aýyplady.
Putin sanksiýalaryň soňunyň gowulyga eltmejekdigini aýdyp, şeýle diýdi: “Girizilýän sanksiýalaryň bumerang şekilli täsiri bolar we olar, gürrüňsiz, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Orsýet bilen gatnaşyklaryny çykgynsyz ýagdaýa salar. Sanksiýalar örän çynlakaý zyýan ýetirer we bu çäklendirmeler, gürrüňsiz, amerikan hökümeti we amerikan halky bilen biziň aramyzda ýola goýlan uzak möhletleýin strategiki bähbitlere esaslanýan gatnaşyklara-da zyýanly täsir eder”.