Dünýäniň ösen ýurtlarynda ýylda müňlerçe täze kitap çap edilýär, sowatly-düşünjeli adamlar, maşgalalar kitap satyn almaga, olary okamaga kän serişde, wagt harçlaýar. Şonuň bilen birlikde ösen ýurtlaryň metbugatynda hem kitap hakynda kän gürrüň edilýär.
Eýsem edebiýat hakynda näme üçin kän gürrüň edilýär, ol näme? Onuň jemgyýetdäki, durmuşdaky roly nämeden ybarat? Edebiýat diňe bir owadan söz, gyzykly güýmenjemi ýa-da jemgyýete oňyn täsir ýetirjek bolan raýatyň aýgytly sesi?
Azatlyk radiosy bu barada orsýetli ýazyjy we žurnalist Ýelena Fanaýlowa bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Ýazyjy, žurnalist hökmünde öz pikiriňizi aýtsaňyz, edebiýatyň jemgyýetdäki roly nämeden ybarat? Siz muňa nähili garaýarsyňyz we neneňsi baha berýärsiňiz?
Ýelena Fanaýlowa: Umuman, edebiýatyň durmuşda iki hili ähmiýeti bar. Orsýetdäki däplere görä, ýazyjynyň, edebiýat wekiliniň ähmiýeti nesihatçylyk bilen bagly. Bu nukdaý nazardan, 20-nji asyrda Tolstoýyň, Dostoewskiniň, soňra Şalamowyň, Pasternagyň şahsyýetlerini ýatlap bolar. Olardan soňkularyň biri hökmünde Brodskini agzap bolar.
Edebiýatyň ikinji tarapy ýa pozisiýasy barada aýdylanda, bu güýmenje, wagt geçirmek bilen bagly. Ýagny, internetde, kinoda, arhitekturada bolşy ýaly, adamlar özlerine görä, kim bolsalar, şoňa ýakyn zady saýlap alýarlar.
Umuman, bu islendik hodožnige degişli zat: eger ol häzirki zaman dünýäsinde çynlakaý bir adam bolsa, onuň sesi eşidilmeli, ýagny ol jemgyýete syýasy, sosial manyda nähilem bolsa bir täsir ýetirmeli ýa-da güýmemek, wagt geçirmek bilen meşgullanmaga mejbur bolmaly.
Aýdaly, diňe prezidentiň kitaplary çyksa, başga hiç bir kitap çykmasa, bu jemgyýetiň çuňňur arhaizmleşmeginiň, gadymylaşmagynyň alamaty. Ýagny jemgyýet modernleşmeýär, özüni ösdürmegiň häzirki zaman usullaryna gelmeýär.
Edebiýat, sözsüz, arhitektura, žiwopis, teatr ýaly uly rol oýnaýar, olar adamlary ösdürýär, jemgyýetiň durgunlaşmagyna, geçmiş çaňyna garylmagyna, aşak çökmegine ýol bermeýär. Sebäbi olar arhaizmleşen pikirleniş bilen yza galarlar, ýeňlerler. Umuman, edebiýat bolmasa, jemgyýetde hiç bir gowulyk bolmaz, edebiýatyň roly meselesinde men şeýle pikir edýärin.
Azatlyk Radiosy: Siziň arhaizmleşmek diýýäniňiz bilen Türkmenistanda emele gelen ýagdaýa gelsek, bu ýerde ýazyjynyň günäsi näme? Jemgyýet nädip bu hili ýagdaýa gelip bilýär?
Ýelena Fanaýlowa: Döwletde we jemgyýetde emele gelen ýagdaý barada aýdylanda, meseläniň hemişe iki tarapy bolýar. Bu ýerde Wladimir Putin bilen rus ýazyjylarynyň arasynda dörän ýagdaý barada hem şuny aýdyp bolar. Ýagny, gatnaşyklaryň şeýle ýagdaýda gurulmagyna kim günäkär? Aýdaly, Zahar Prilepin ýaly ajaýyp eserler bilen edebiýata gelen ýazyjynyň imperiýanyň aýdymçysyna öwrülmegine kim günäkär? Bu hili soragy Prohanow barada hem berip bolar.
Türkmenbaşy bilen türkmen ýazyjylarynyň arasynda hem, şeksiz, şu hili ýagdaý bolup geçýär. Ýagny olaryň şol režime hyzmat etmekleri türkmen jemgyýetiniň Sowet Soýuzy dargandan soň uçran agyr netijeri bilen bagly. Ýagny bu Sowet Soýuzynyň dargamagynyň gamgyn netijesi.
Azatlyk Radiosy: Siziňçe, Türkmenistanda häzir emele gelen ýagdaý, informasiýa waakumy, intellektual durgunlyk nämä getirip biler, munuň jemgyýet, okyjylar üçin nähili netijesi bolar?
Ýelena Fanaýlowa: Men umuman Moskwanyň täsirindäki ýurtlaryň hemmesi üçin ýagdaý erbet diýip pikir edýärin. Men şundan başlardym. Sebäbi Kreml tarapyndan ýagdaýy Moskwa bähbitli bolan režimler goldanylýar. Men muny toslanyp tapylan zatlar esasynda aýtmaýaryn, men muny dürli postsowet ýurtlarynda ýaşaýan adamlaryň edýän pikirleri easynda aýdýaryn.
Onsoň bu ýerde halk bilen zalym hökümdardan başga üçünji bir tarap, Kreml hem bar. Ýagny ol özüne amatly režimi goldaýar. Elbetde, ýagdaýyň durgunlaşmagy, çuňňur arhaizmleşmegi, gynansak-da, ýurdy izolýasiýa getirip biler. Eger ýurt munuň bilen ylalaşsa, sözüň göni manysynda garyplaşma bolar. Sebäbi bazar açyk, ol ýapyk režimde işläp bilmeýär.
Ýagny bu tendensiýa, ýapyklyga, arhaizmleşmäge gitmek göni ykdysady çökgünlige getirer, medisina – saglygy saklaýyş çökgünligine getirer, bilim sistemasynyň çökgünligine getirer. Ýene bir gezek aýtsam, bularyň hemmesi birleşip ýurduň has garyp düşmegine, tozmagyna alyp geler.
Bu ýerde gep edebiýatyň owadanlygynda, gözelliginde däl, eýsem umumy geosyýasy tendensiýalarda, postsowet ýurtlaryndaky, ozalky sowet giňişligindäki gamgyn ýagdaý barada. Bu köp adama düşnüksiz, emma sistemanyň taryhy kanunalýyklyklaryndan habarly adamlara düşnükli. Onsoň bu ýagdaý azda-kände düşünýän, bolýan zatlara akyl ýetirýän adamlary diýseň alada goýýar.