Soňky ýyllarda Türkmenistanda sporta uly üns berilýändigi aýdylsa-da, käbir türkmenistanlylar ýurtda sport bilen meşgullanmak üçin ýeterlik şertleriň ýokdugyny aýdyp, öz sport ýoluny daşary ýurtlarda dowam etdirýändigini belleýärler.
Şeýle ildeşlerimizden biri hem Azat. Azat häzirki wagt daşary ýurtlaryň birinde sportuň agyr atletika ugrunyň powerlifting görnüşi bilen meşgullanýar. Ol 2010-njy ýyldan bäri sportuň bu ugry bilen meşgullanyp, häzirki wagt ýaşaýan ýurdunda degişlilikdäki agram boýunça “Sport ussady” diýen ada hem mynasyp bolandygyny, şeýle-de, ol birnäçe halkara ýaryşlaryna gatnaşandygyny aýdýar.
Azat Türkmenistanda sportuň powerlifting görnüşi bilen meşgullanmak üçin ýeterlik şertleriň ýokdugyny, şol sebäpden hem sport bilen meşgullanmagy daşary ýurtlarda dowam etdirýändigini belleýär. Azatlyk Radiosynyň türkmen sportsmeni Azat bilen geçiren söhbetdeşligini diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar