Russiýa Krymyň Tatarlar jemgyýetiniň liderine bäş ýyl ýarymada girmegi gadagan etdi.
Moskwanyň goldamagyndaky Krymyň häzirki wagt hereket edýän lideri Sergeý Aksýonow 7-nji iýulda žurnalistlere beren öz maglumatynda Refat Çubarowyň “etnikara ýigrenji öjükdirmek üçin alyp barýan işleri” sebäpli “Russiýanyň territoriýasy” diýip atlandyran sebitlerine girmegi gadagan edildi diýdi. Çubarow Krym tatarlarynyň ýerli öz-özüni dolandyryş organy – Mejlisiň başlygydyr.
Russiýa Krymy mart aýynda Ukrainadan anneksiýa edipdi. Bu hereket halkara jemgyýeti tarapyndan bikanun diýlip, giňden ýazgarylypdy.
Çubarowyň Gara deňzindäki Krym ýarymadasyna girmegi 5-nji iýulda gadagan edildi we tatar liderine onuň 2019-njy ýyla çenli Russiýanyň territoriýasyna girmegi gadagan edýän resmi dokument gowşuryldy. Çubarow dokumenti “häzirki wagt Krymda bolýan uly adalatsyzlygyň kiçi bir bölegi” diýip atlandyrdy.
Maý aýynda Russiýanyň ýolbaşçylary bir ukrain kanunçykaryjysynyň we Krym tatarlarynyň weteran lideri Mustafa Jemilowyň regiona girmegini hem gadagan edipdi.