Gazagystan turizm merkezine öwrülip bilermi?

Gazagystanyň Kaspi kenarlary

Gazagystan özüniň syýahatçylyk ulgamyny has kämllieşdirmek üçin milliardlarça dollarlyk pul serişdesini sarp edýär. Muňa garamazda, bu ýurduň meşhur syýahatçylyk merkezine öwrülmegi üçin entek köp işler edilmeli.

Borat özüniň adybir kinofilminde döreden keşbi bilen gazaklaryň edýän käbir çykdajylaryny mawy ekranda kinaýaly äheňde janlandyrmagy başardy we munuň netijesinde köp sanly tomaşaçynyň söýgüsini gazandy. Ýöne şol bir wagtyň özünde ol halkara syýahatçylara öz ýurduny tanatmagy hem başardy.

2006-njy ýylda surata düşürilen “Borat ýa-da şöhratly ýurduň, Gazagystanyň, peýdasyna amerikan medeniýetini öwrenmek” atly kinofilm öz döwründe syýahatçylara Gazagystany tanadypdy.

Häzirki wagtda Gazagystan ýurduň içindäki we halkara derejesinde syýahatçylar üçin iň naýbaşy syýahatçylyk merkezine öwrülmegi maksat edinýär.

Guruber, ýöne syýahatçylar gelermi?

Astana 2020-nji ýyla çenli bu ulgamy ösdürmek ugrunda on milliard dollar (şonuň alty milliardy hususy maýadarlaryňky) möçberinde pul serişdesini sarp etmegi maksat edinýär.

Gazaklar öz ýurdunyň tebigy gözelliklerine, ajaýyp köllerine, beýik-beýik daglaryna we arhelogiki täsinliklerine buýsanýarlar.

Üýtgeşiklige teşne syýahatçylar ýurduň beýik dag gerişlerinde öz çäklerini synamak bilen bir hatarda yzgytsyz çöllerde çarwa durmuşyny tejribe edinip bilerler. Ýa-da bolmasa tussaglar üçin gurlan ozalky işçi lagerlerine, ýadro testleri geçirilýän ýerlere baryp, köp zatlary öwrenip bilerler.

Şäher durmuşyny küýseýän syýahatçylar ýurduň paýtagty Astanada meýmiräp, soňra Gazagystanyň biznes paýtagty bolan Almata baryp, öz göwünlerini hoşlap bilerler.

Ýurtda täze-täze oteller bina edilýär, ozalky bar bolan buzda typmak boýunça kurotrtlar täzeden remont edilýär. Şu çäreleriň hemmesi 2020-nji ýyla çenli Gazagystana syýahat etjek turistleriň sanyny iki esse köpeltmegi, ýagny sekiz milliona çykarmagy maksat edinýär.

Boratyň gazaklaryň “Beýik ýeňşini” jar etmäge synanyşan bolmagy ahmal, ýöne her näme diýseňem, Gazagystanyň syýahatçylyk ugrundan halkara derejesinde meşhurlyga eýe bolmagy üçin entek edilmeli işler köp.

Müşderiler

Gazagystanyň syýahatçylyk merkezlerine baryp görmäge, esasan, öz raýatlary, ozalky Sowet Soýuzyna degişli ýurtlaryň watandaşlary we, hususan-da, orta aziýalylar ýykgyn edýärler.

Ýöne ýurduň syýahatçylyk ulgamynyň resmileri halkara syýahatçylaryny, aýratynam gapjygy galyň turistleri ýurda çekmegi maksat edinýändiklerini aýdýarlar. Ýöne bellenilmeli bir ýagdaý bar, ýagny diňe köp möçberde pul sarp etmek bilen agzalýan ýurtlaryň syýahatçylaryny Gazagystan bilen gyzyklandyryp bolmaz.

Syýahatçylar wiza we hasaba duruş meselesinde çylşyrymly prosesi başdan geçirýärler. Ýurtda bu ugurda käbir işler alnyp barylýar.

Şu aý Gazagystan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Ýaponiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň we Malaýziýanyň raýatlaryny hem öz içine alýan jemi on döwletiň raýatlaryna ýurda wagtlaýyn wizasyz girmek mümkinçiliklerini hödürleýär. Görülýän bu çäre agzalýan döwletleriň raýatlarynyň 2015-nji ýylyň 15-nji iýulyna çenli Gazagystana biränçe sapar girip-çykyp bilmeklerine we ýurda girenlerinden soňra ol ýerde 15 güne çenli wizasyz galyp bilmeklerine mümkinçilik döredýär.

Gazak media gulluklarynyň habaryna görä, Astana üstümizdäki ýylyň aýagyna çenli ýene-de 48 döwletiň raýatyna şeýle mümkinçilikleri döretmegi maksat edinýär. Sanaw, esasan, ösen döwletlerden düzüler.

“Jennetiň” petekleri gymmat

Gazagystan syýahatçylyk ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda lükgeläp pul sarp edýänem bolsa ol entek syýahatçylyga taýýar däl. Ýurtda döwrebap desgalar, howa gatnawlary, ýollar we käbir hyzmatlar ýetmezçilik edýär.

Gazgystana syýahat eden ýaponiýaly bir tursit öz tejribeleri barada www.kapital.kz saýtyna gürrüň berdi. Ol: “Dürli hyzmatlary amala aşyrýan işlerde işleýän gazagystanlylaryň hiç haýsysy diýen ýaly iňlis dilinde gepläp bilenok, üstesine turistleriň baraýjak ýerlerinde daşary ýurt dillerinde ýazylan nyşanlar, bellikler ýok” diýýär.

Otellerde we restoranlarda syýahatçylara edilýän hyzmatyň hili we agzalýan ýerleriň arassaçylyk ýagdaýy hem “entek ösdürilmeli” ugurlaryň sanawyna girýär.

Ýaponiýaly turist: “Kafelerdäki we restoranlardaky ofisiantlar köplenç gaýtargyny yzyna getirmegi ýatdan çykarýarlar” diýip, biznes neşiri bolan kapital.kz sahypasynda bu ugurdan öz Gazagystanda gazanan tejribesinden gürrüň berýär.

Gazagystanda bir syýahatçylyk agentliginiň başlygy Galiýa Izbastowa ýurtdaky köp sanly myhmanhanalaryň halkara ülňüleriniň hatda gabadyndanam geçmeýändigini aýdýar. Ol “Çaryn milli parkyny” mysal hökmünde agzap, onuň töweregindäki otellerde hatda “ýuwnup ardynmak” üçin hem mümkinçileriň pesdigini aýdýar.

Ol eger-de Gazagystan özüne turist çekjek bolsa, onda ol ilki bilen “başlangyç meseleleri” çözmeli diýýär.

Öz öýüňe geljegi barmy!

Gazak häkimiýetleri pully syýahatçylary ýurda çekmegiň üstünde işlemek bilen bir hatarda ýurduň içindäki turistleriň tölemeli töleglerini hem töwekgelçilikli derejede artdyrýarlar.

Soňky ýyllarda Gazagystanyň syýahatçylyk merkezlerine syýahat edýän gazagystanlylaryň sany azalýar. Olar munuň sebäbini iýmitiň, ýoluň we ýatakjaýlaryň bahalarynyň gymmatlandygynda diýip düşündirýärler we ýerliler mümkinçilikleriň ählisiniň daşary ýurtly tursitleriň göz öňünde tutulyp döredilýändgini aýdýarlar.

Gazgystanlylar häzirki wagtda her ýylda 400 million dollar möçberinde puly daşary ýurtlarda dynç almak üçin sarp edýärler. Ýurduň içindäki kurort ýerlere syýahat edýän gazaklaryň sany gitdigiçe azalýar.

Almatynyň ýaşaýjysy Asel Sandybatow Gazagystanyň içindäki myhmanhanalaryň bahalarynyň galmagy onuň demirgazyk Gazagystanyň Boroweýo daglyk kurortyna etmekçi bolan sapary baradaky planlaryna täsir edipdir we Asel Boroweýony goýbolsun edip, Türkiýäni saýlapdyr.

Ol Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna beren gürrüňinde: “Men Boroweýo kurortynda 10 günlük dynç alşyň bahasynyň 1900 amerikan dollarydygyny eşidip, aňk-taňk boldum. Üstesine, bu diňe bary-ýogy ýatakjaý we ertirlik üçin tölenmeli töleg” diýip, gürrüň berýär.

Hususy syýahatçylyk gullugynyň eýesi Marina Sudakowa Gazagystanyň syýahatçylyk meseleleri boýunça bir çözgüdi maslahat berýär, ýagny eger-de döwlet köp syýahatçy çekmegi maksat edinýän bolsa, onda bahalar “economy-class”, ýagny orta girdejili maşgalalar üçin niýetlenilmeli diýýär.

Bu bolsa: üç ýyldyzly myhmanhanalar, gymmat bolmadyk merkezler we maşgalalar üçin niýetlenen desgalar diýmeklikdir.