Dowlatowyň ady Nýu-Ýork köçesine dakylýar

Sergeý Dowlatow

Rus ýazyjysy Sergeý Dowlatowyň bir zaman Nýu-Ýorkda ýaşap, iň bir ýatda galýan eserlerini döreden ýerinde, öz ýaşan köçesine ady dakylmaly edildi.

Ol bu ýeri her dürli sowet emigrantlarynyň: ýuristleriň, ýazyjylaryň, emläk agentleriniň «rus garakçylary, dälileri we jelepleri bilen ýanaşyk ýaşan» mesgeni hökmünde suratlandyrypdy.

"Hatda bu ýerde bir rus sazandasy hem bar» diýip, Dowlatow 1986-njy ýylda çykan «Daşary ýurtly aýal» atly romanynda ýazypdy.

Şondan bäri geçen wagt içinde rus dilinde gepleýän emigrantlaryň «üçünji tolkuny» diýilýäniň wekilleriniň köpüsi bu ýerden göçdi. Emma Dowlatowyň ady welin basym onuň ýaşan we döreden ýerindäki köçä resmi taýdan berkidiler. Ol bu ýerde 1990-njy ýylda, 48 ýaşynda aradan çykýança ýaşapdy.

Nýu-Ýork şäher geňeşi geçen hepde Kwinsde 63-nji köçe bilen 108-nji köçäniň kesişýän ýerine «Sergeý Dowlatowyň köçesi» diýen ady dakmagy karar etdi. Bu karar indi Nýu-Ýork şäheriniň merine iberilip, gol çekileninden soň, kanuna öwrülmeli.

"Eger bu amala aşsa, meniň buýsanjymyň çägi bolmaz - diýip, merhum ýazyjynyň gyzy Ketrin Dowlatowa aýdýar. – Eger kakam diri bolan bolsa, ol hem muny uly hormat hasaplardy diýip pikir edýärin."

Dowlatow Sowet Soýuzynda özüniň ýiti kinaýaly, tragikomik eserlerini çap etdirmek üçin köp ýyllap azap çekdi, ýöne olar ahyrynda dissidentleriň «samizadat», ýagny özbaşdak çykarýan kitaplarynda elden-ele geçmek bilen çäklenmeli boldy.

Ol Birleşen Ştatlara 1979-njy ýylda, Sowet Soýuzyndan gaýdan köp sanly ýewreý emigrantlarynyň hatarynda, «üçünji tolkun» diýilýäniň arasynda geldi. Ol öz aýaly we gyzy bilen Forest Hillsde, Tokaý baýyrlary diýilýän ýerde ýerleşdi.

Dowlatowyň karerasy bu ýere göçüp baranyndan soň asmana galdy: Birleşen Ştatlarda çykýan "The New Yorker" žurnaly onuň hekaýalaryny çap etdi we şondan soň onuň häzir ady dakylýan köçesinde ýaşan kwartirasynda oturyp ýazan 12 kitaby Birleşen Ştatlarda we Ýewropada okyjylara ýetmelidi.

"Bu köçe meniň ejemiň henizem ýaşap oturan ýeri. Ol köçe meniň kakamyň Nýu-Ýorka geleninden soň, Birleşen Ştatlarda 12 ýyllap ýaşan we öz çap edilen eserleriniň köpüsini ýazan ýeri» diýip, Ketrin Dowlatowa aýdýar.

Bu köçä Dowlatowyň adyny dakmak kampaniýasy geçen ýyl, onuň eserleriniň muşdaklarynyň awtoryň adyny Forest Hillsde, Tokaý baýyrlyklarynda bir hatyra ýazgysyny goýdurmakda gazanan üstünliklerinden ruhlanmaklary bilen başlandy.

Bu inisiatiwa internetde dünýä ýündäki goldawçylardan 18 müňden gowrak gol toplady.

Dowlatowyň ölüminden soň geçen ýyllarda onuň eserleri Orsýetde we ozalky sowet giňişliginde köp okyjynyň ünsüni özüne çekdi. Bu meşhurlyk ýazyjynyň adyny ýaşan köçesine dakmak ideýasyny goldan okyjylaryň galdyran ýazgylarynda hem öz yzyny galdyrypdyr.

"Sen onuň eserlerini islendik ýerinden okap, her gezek özüň üçin täze bir zat tapyp bilýärsiň» diýip, özüni Ukrainanyň Odessa şäherinde ýaşaýan Sergeý Bogdanow diýip atlandyran goldawçy ýazypdyr.