Türkmen kino sungatynyň iň meşhur eserleriniň biri “Aýgytly ädim” kartinasyny görmedik, onda esasy rollary ýerine ýetiren Baba Annanowy, Žanna Smelýanskaýany Türkmenistanda bilmeýän ýok bolsa gerek. Berdi Kerbabaýewiň edebi eseriniň esasynda döredilen “Aýgytly ädim” kartinasynda Aýnanyň roluny ýerine ýetiren Žanna Smelýanskýa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş boldy we türkmen kino sungaty barada öz pikirleri bilen paýlaşdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, Orsýetiň at gazanan sungat işgäri, Orsýetiň Teatr sungat akademiýasynyň professory, balet artisti, pedagog Žanna Smelýanskaýa bilen geçirilen söhbetdeşligi dykgatyňyza hödürleýäris.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda kino sungatynyň ösüşi bilen bagly iň möhüm döwür, siziň pikiriňizçe, haçan bolupdy?
Žanna Smelýanskaýa: Meniň pikirimçe, Alty Garlyýewiň döredijiliginiň başlanan döwrüni we türkmen kinosynda beýik ors aktrisasy Nina Alisowanyň oýnan döwrüni bellemek mümkin. Şeýle-de uruş döwründe “Mosfilm” kinostudiýasynyň Sowet Soýuzynyň üç respublikasyna ewakuasiýa edilmegi bilen bagly döredijilik döwürlerini bellese bolar. Kinostudiýanyň bir bölegi Daşkende, ýene bir bölegi Almaty şäherine we ýene biri-de Aşgabada göçürilipdi. Aşgabada kino sungatynyň ägirtlerinden Mark Donskoý barypdy. Ine, moskwaly kinematografistleriň barmagy bilen uruş ýyllarynda Türkmenistanda kino sungatynyň güýçli ösüş döwri başlanypdy.
Azatlyk Radiosy: Žanna Leonidowna, siziň türkmen kinosynda karýeraňyz haçan başlandy?
Žanna Smelýanskaýa: “Aýgytly ädim” meniň kinodaky ilkinji işim boldy. Men 1946-njy ýylda Moskwada artistleriň maşgalasynda doguldym. Meniň ejem we kakam meşhur horeograf Igor Moiseýewiň ansamblynyň solist tansçylarydy. 1959-njy ýylda meniň kakamy Türkmenistana türkmen ansamblyna ýolbaşçylyk etmek üçin çagyrdylar. Men Aşgabada 1963-nji ýylda tans toparynda işlemek üçin bardym. Men çagalykda horeografiýa bilen meşgullanýardym. Aşgabatda horeografiýa mekdebinde okadym we tans ansamlynda işledim.
1964-nji ýylda meni Alty Garlyýew “Aýgytly ädim” filmi üçin geçirilen synaglara çagyrdy. Mende drama aktýorlygyna degişli tejribe bolmansoň, synagda diňe tans etmek bilen oňdum. Synagda Aýnanyň gije Artyk bilen duşuşyga çykyşyny görkezmelidi, men bolsa gara oýden çykyp garaňkyda duşuşyga çykyşymy balet şekilli tans bilen görkezdim. Çeperçilik geňeşi maňa düýpgöter garşy çykyş etdi we diňe Alty Garlyýewiň tutanýerliligi, “ol filme gatnaşmasa, men kartinany aljak däl diýmegi, meniň kartinada oýnamagyma Çeperçilik geňeşiniň zoraýakdan rugsat bermegine getirdi. Alty Garlyýew örän güýçli režissýordy ol her bir aktýor bilen düýpli işleşýärdi. Biziň ählimiz, onuň bilen işleşmegiň netijesinde, döredijilik taýdan ösýärdik.
Azatlyk Radiosy: Türkmen kino sungaty ajaýyp eserleri döreden onlarça režissýorlary we aktýorlary bilen tanalýar. Emma soňky 20 ýylyň dowamynda il içinde meşhurlyk gazanan täze atlar göze ilmeýär. Türkmen kino sungatyna näme boldy diýip pikir edýärsiňiz?
Žanna Smelýanskaýa: Türkmenistanda kino sungatyna näme bolanyna düşünmeýärin. Men Turkmenistana soňky sapar merhum prezident Nyýazowyň çakylygy boýunça ýurduň garaşsyzlygynyň 5 ýyllygy mynasybetli barypdym. Şonda meniň atama, ýagny baletmeýster Leonid Smelýanska, ýogalanyndan soň, Türkmenistanyň Halk artisti diýen ady berdiler. Maňa bolsa meniň horeografiýa tans sungatynda bitiren işim üçin Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri diýen ady berdiler. Emma bu sylag kino sungatyna degişli bolmady. Şeýlelikde meniň “Aýgytly ädim” üçin Magtymguly baýragyndan soň Türkmenistanda alan iň beýik baýragym halk söýgisi boldy. 1964-nji ýyldan bäri dowam edýän bu süýgini men şu güne çenli duýýaryn we bu meni örän bagtly edýär.
Azatlyk Radiosy: “Aýgytly ädim” ýaly eserleriň meşhurlygyny siz nämeden görýärsiňiz? Sungatyň halk tarapyndan kabul edilmegi üçin näme etmeli?
Žanna Smelýanskaýa: Meniň pikirimçe, düýnki sungaty şu günki sungatdan tapawutlandyrýan esasy zat - onda girdejiniň, puluň gatnaşygynyň agdyklyk etmeýänligidir. Öň sungata hyzmat eden adamlar hiç kimiň göwnüni tapjak bolmandylar. Olar hiç kimiň öňünde öz mertebesini kiçeltmeýärdiler. Olar obrazy döretmek ideýasyna hyzmat edýärdiler we beýik ahlagy wagyz edýärdiler. Olar näçe pul gazanjagy barada däl-de, [ideýany], pikiri [adamlara] ýetirmek barada oýlanýardylar, olar çeper obrazy öz ýüreklerinde besleýärdiler. Hiç bir ideýa, eger ýürekden çykmasa, ýürekde beslenmese, tomaşaça, diňleýjä we okyja ýetmeýär. Ol döwürde [sungaty] tüýs ýüregi bilen duýýan we muny tomaşaça ýetirmek isleýän hem-de tomaşaçyny gowulyga tarap özgertmäge çalyşýan ussatlar sungaty döredýärdiler.