Yrakdaky ýagdaý ABŞ-da jedel döretdi

ABŞ-nyň prezidenti B.Obama (s) we Yragyň premýer-ministri N.al-Maliki (ç) Waşington, 2013.

Yrakda yslamçy meýletinçiler güýçlenýärler. Bu ýagdaý Waşingtona-da täsir edýär. Birleşen Ştatlardaky ozalky we häzirki syýasatçylar Yrakdaky soňky ýagdaýlar sebäpli birek-biregi aýyplaýarlar.
Yrakdaky yslamçy meýletinçileriň hüjümleri sebäpli Waşingtondaky partiýalar biri-birine içi kitüwli garaýarlar. Häzirki we ozalky resmiler Yrakda ýüze çykan ýagdaýlar sebäpli biri-birlerini günäkärleýärler.

Respublikan kanunçykaryjylardan biri ”Yrak yslam döwleti we Lewant” toparynyň adatdan daşary ýagdaýda örüsini giňeltmegini Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamadan görýär. Ol Obamany Siriýadaky ýagdaýlar babatda aýgytly hereket etmezlikde aýyplaýar, şeýle-de ol “2011-nji ýylda amerikan goşunlary Yrakdan doly çekilmeli däldi” diýýär.

Yrak barada jedel

Demokratlar bolsa Obamany goldap, esasy aýyplanmaly adamyň Jorj Buşdugyny aýdýarlar. Demokratlaryň pikirine görä, Buş 10 ýyl mundan öň amerikan goşunlaryny Yraga girizmek bilen ýalňyşypdyr we häzirki ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr.

15-nji iýunda CNN kanalynda çykyş eden günorta karolinaly respublikan Lindsiý Graham Obamany “boş” hem-de “garabaş” diýip häsiýetlendirdi.

Ol: “Biziň öz kellesine görä we keçjal hereket edýän prezidentimiz bar. Ol hemme zady hemmelerden has gowy bilýändirin öýdýär. Ynha, şeýdibem ol goşunlary yzyna çekýär, ýurdy kyn ýagdaýa salýar. Obama tizden-tiz alyp barýan syýasatyny üýtgetmeli. Eger-de ol şeýle etse, biziň entegem ýagdaýdan baş alyp çykmaga mümkinçiligimiz bar” diýdi.

Obamanyň administrasiýasy Yrakdaky amerikan goşunlarynyň doly yza çekilmegini Bagdatdan gördi. Olaryň aýtmagyna görä, bagdat resmileri şonda amerikan esgerlerine tarhanlyk hukugyny bermändir.

2012-nji ýylda prezidentlige dalaş edip, Obamadan ýeňlen Mit Romniý hem Grahamyň tankydy bellkilerine goşulyp, NBC kanalynda şeýle çykyş etdi: “Biz Yragyň premýer-ministri Malikä “Harby güýçleriň statusy baradaky şertnama” gol goýduryp bilýäris. Prezident şony şeýle etdirtjek diýipdi, ýöne etdirmedi. Ynha, munuň netijesinde bolsa häzirki krizis ýüze çykdy”.

Geçen hepde Birleşen Ştatlarda harbylar bilen gizlin gullugyň resmileriniň arasynda geçirilen ýygnakdan soňra miçiganly demokrat Senator Karl Lewin administrasiýanyň tarapyny çalyp çykyş etdi we Yrakdaky krizis babatda “oýlanyşykly” çemeleşmeli diýdi: ”Mundan sanaglyja ýyl ozal Yragyň hökümeti amerikan esgerleriniň belli bir kontingentiniň Yrakda galmaklary baradaky ylalaşyga gol çekip bilýärdiler, ýöne çekmediler. Şonuň üçinem biz häzir bir işe baş goşmazdan ozal gaty ünsli we oýlanyşykly hereket etmeli”.

Respublikanlaryň wekili Maýk Rojers Obamanyň administrasiýasynyň soňky üç ýylyň dowamynda Siriýany ünsden düşürendigi sebäpli, demirgazyk Yrakda gerimini giňelden ”Al-Kaýda” ilteşikli ISIL-iň öz potensial mümkinçiliklerini ösdürendigini aýtdy.
Rojers ”Fox News-e” beren interwýusynda şeýle diýdi: “Ýaýdanjaňlyk ýagdaýy şu derejä getirdi. Biziň ýaýdanjaňlygymyz sebäpli meýletinçiler saglyk bejergilerini aldylar, maliýe kömegini aldylar, türgünleşik geçdiler we şeýdibem Yrakda harby operasiýa başladylar”.

Obamanyň tankytlara jogaby

Obamanyň administrasiýasy Siriýa krizisi barada aýdylýan tankytlary iňkär edýär. Olar Birleşen Ştatlaryň Damaska harby hüjüm etmek howpy Orsýet bilen Amerikanyň ylalaşyp, Başar Assady Siriýany himiki ýaraglardan saplamaga mejbur etdi diýýärler.

Tanymal demokratlardan biri respublikanlaryň tankytlaryny dolulygyna iňkär edip, “belanyň esasy körüginiň” Buşdugyny aýtdy. Buş 2003-nji yylda Birleşen Ştatlaryň baştutanlygyndaky halkara goşunyny Yraga girizdi.

Golaýda geçiren gepdelik ýygnagynda Wekiller öýüniň Ýokarky öýündäki demokratlardan kaliforniýaly Nensi Pelosi yrakly diktator Saddam Huseýniň, ahaman barmyş diýlen köpçlikleýin gyrýan ýaraglaryny bahanalap, Birleşen Ştatlary Yrak bilen uruşdyran ozalky prezidenti aýyplady: “Meniň pikirimçe, biz häzir 11 ýyl ozal goýberilen syýasy ýalňyşlygyň miwesini görýäris. Buşuň administrasiýasy faktlary amerikan halkyna ýalňyş ýetirdi. Olar köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň Yrakda ýokdugyny bilselerem, Yraga çozmaly diýdiler, söweş öz-özüni ödär diýdiler, tiz wagtda soňlanar diýdiler. Kondoliza Raýs bizi Yrakda adamlar gül desseleri bilen garşylarlar, şonuň üiçnem biz ol ýere hökman giräýmeli diýipdi.”

Pelosi öz sözlerini şeýle dowam etdi: “Olar ýagdaýy halka şeýle ýetiripdiler. Elbetde, bularyň bary ýalandy. Administrasiýanyň özi hem bu zatlaryň ýalandygyny oňat bilýärdi”.

Buş döwrüniň resmileriniň köpüsi Yrak bilen Siriýanyň çäginde halyfat döretjek bolýan ISIL barada dymýar.

Ýöne 2011-2005-nji ýyllarda goranyş syýasaty boýunça resmi wezipäni eýelän Duglas Feith “Politico” žurnalyna beren interwýusynda Obamanyň administrasiýasynyň Yrakdan amerikan goşunlaryny yza çekmegini “aşa biperwaýlyk” diýip häsiýetlendirdi: “Prezident, goşunlar yza çekilen halatynda nämeleriň ýüze çykyp biljekdigi barada oňa aýdylan peýdaly duýduryşlara gulak asmady. Muňa derek ol “biz doly çekilýäris” diýmegiň özüne getirjek syýasy bähbitlerine üns berdi”.

"Bu krizis sapak bolmaly"

Feith Birleşen Ştatlaryň Yraga garşy yglan eden söweşini meýilleşdiriji toparyň merkezindäki adamdy.

Onuň pikirine görä, häzirki ýagdaý “Siriýalylara, Yragyň halkyna we Amerikanyň milli bähbitlerine gymmada düşdi”. Ol, şonuň üçinem Obama: bu krizis sapak bolmaly diýýär.

Dowam edýän jedellere goşulanlardan biri hem Buşuň hyzmatdaşlaryndan Beýik Britaniýanyň ozalky premiýer-ministri Toni Bleýrdir. Ol geçen hepdäniň soňunda öz websahypasynda çap eden makalsynda Yrakda dörän krizisi Siriýada dörän graždanlyk urşundan gördi.

Bleýr öz makalasynda, “eger Birleşen Ştatlary we onuň hyzmatdaşlary öz wagtynda Yraga çozup, Saddam Hüseýni tagtdan agdarmadyk bolanlarynda, häzirki wawwaly meseleler ýüze çykmazdy” diýen pikirleri ret etdi. Ol öz makalasynda şeýle ýazýar: “11 ýyl mundan ozal Yrakda bolan wakalar barada çekeleşmegiň deregine, bir zada göz ýetirmeli, ýagny biz Yraga girenimizde-girmänimizde-de bu günki kynçylyklar ýüze çykardy”

Londonyň şäher häkimi Boris Jonson “The Telgraph” gazetinde çap etdiren makalasynda Toni Bleýriň sözlerine jogap berýär we ony “tentekleriň tassyklamalaryny” ulanyp taryhy täzeden ýazmaga çytraşmakda aýyplaýar. Ol öz makalasynda şeýle ýazýar: “Kimdir biri baryp Toni Bleýriň agzyny ýumdursyn ýa-da iň bolmanda heläkçilige sebäp bolandygy baradaky hakykaty kabul etmegini sorasyn”.