Bellenmeýän sene
Diri gezip ýörenliginde Akmyrat Şir 14-nji iýunda: “Bizem 66-ny tegeledik” diýip, belki, begenerdi. O döwürler biz üçin 60-70 diýilýäni örän uly ýaş görnerdi. Sebäbi adamlar ýaş gidýärdiler. Ýazyjy Akmyrat Şir hem 43 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
Tanyşlyk
60-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda Türkmen döwlet uniwersitetinde okaýanlaryň köpüsi, rus filologiýasy fakultetiniň studenti Akmyrat Şiri tanaýan bolsa gerek. Sebäbi ol başgalardan saýlanýan, gepi-sözi örän dürüs hem tutanýerli ýigitdi.
Uniwersitetde esasy okuwyň gapdalyndan, harby-türgenleşik sapagy geçilýärdi. Dördünji kursy tamamlanlar iki aýlyk harby gullukda bolup, ekzamen tabşyryp, ofiserlik derejesini alýardy. Akmyrat harby türgenleşikden ýüz öwürdi. “Men harby ofiser bolmagy islämok, gulluk etjek däl” diýdi. Şol döwürde, 70-nji ýylda Sowet Goşunyny ýigrenýändigini açyk aýtdy. Ony kursundan galdyrdylar.
Bizi geň galdyran beýleki bir ýagdaý, uniwersiteti gutaranlar gowy ýere işe ýerleşip bilýärdiler. Akmyrat rus filologiýasyny tamamlansoň, rus dilinde kadaly gürlemegi hem ýazmagy başarýardy. Beýle kadry iň bolmanda, komsomol guramasyna işe alýardylar. Akmyrat wezipä gitmedi. Bar bähbitden geçip, rus medeniýetiniň gülläp ösen merkezi saýylýan Leningrada gitdi. Ol sowetler zamanyndaky iň soňky derwüş boldy. Onuň sergezdanlykda görmedik güni ýok, etmedik işi. Aýratyn-da, naharhanalarda adamlardan galan galyndyny iýendigini gürrüň bererdi.
Geň ynsan
1975-nji ýylyň mart aýynda ýaş ýazyjylaryň Bütinsoýuz maslahaty geçdi. Men Moskwa baranymda, tötänlikde Akmyrada duşdum. Maslahata gelendigimizi aýtdym. Ol ýene kimleriň bardygyny sorady. Onuň bize gözi gitdi, bu onuň balkyldap duran gözlerinden bellidi.
Şol döwürde Akmyrat Moskwanyň Kino dramaturglary taýýarlaýan kursunda okaýan ekeni.
Şondan soň ýene birnäçe ýyl geçdi. Bize gözi giden Akmyrat Soýuzda tanalýan ýaş ýazyjylardan biri boldy.
Leningradda onuň iki kitaby yzly-yzyna çap boldy. “Topýunsaw oglanjyk” hem “Erem bagy” kitaplary örän gowy garşy alyndy. Leningradda wagtynda ol SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edildi. Şol döwürde onuň ata Watany Türkmenistanda ýeke setiri hem çykmandy.
Aslynda bolsa haýsydyr bir çet respublikada bolup, agzalyga geçmek aňsatdy. Köpler şeýle edýärdiler. Çet respublikada agzalyga geçýärdiler ýa-da alymlyk derejesini goraýardylar. Soňra çet ýurdy taplap, Moskwa ýa-da beýleki bir merkezi şähere gidýärdiler.
Akmyrat bolsa merkezde wagty kitaplaryny rus dilinde çykartdy. Onuň eserlerine leningradly belli ýazyjylar ýokary baha berdiler. Ol şol ýerde öýlendi, bir gyzy, bir ogly dünýä indi. Şondan soň öz ýurduna dolanmak barada pikir edip başlapdyr.
Döredijilik ýoly
Akmyrat Leningrady taşlap, Aşgabada göçüp geläýende, biz ýaşuly ýazyjymyz Çary Aşyr bilen çaýlaşdyk. Çary aga Akmyrat bilen içgin gyzyklandy. Şonda Akmyrat döredijilik ýoly barada Çary aga gürrüň berdi. Ol owal başda goşgy ýazypdyr, soňra şol goşgularyň temasynda liriki hekaýalar döredipdir. Tejribesi artansoň “Toýunsaw oglanjyk”, “Erem bagy” hem “Älem ruhy” powestlerinini ýazypdyr.
Akmyrat Şiriň döredijiligi hem eserleri barada türkmenistanly rus ýazyjysy Albert Polýakowskiý şeýle diýdi.
– Men Akmyrada haýran galýan. Gaty geň talant, rusça gürleýşi çalgyrt. Ýöne ýazýan zatlary şeýle kämil hem arassa.
Akmyradyň hekaýalaryny ilkinji bolup Aman Ahally türkmen diline terjime edipdi, soňra Nobatguly Rejep, Kömek Kuly, Juma Hudaýguly, Gowşutgeldi Daňatar, Döwlet Garkyn ýaly, edebiýatyň geljegi saýylýan iň zehinli ýaşlar terjime etdiler. „Älem ruhy” powestini meniň terjime etmegimi isläpdi. Men ony terjime edip, öz eline gowşuryp bildim, ýöne neresse, kitap bolanyny görmedi.
Ýurduň erkinligi
Akmyrat Şiriň beýik maksady Türkmenistanyň erkin bolmagyny görmekdi. Ol bu ugurda köp jan çekdi.
1881-nji ýylyň Gökdepe urşunda ölen rus soldatlaryna hem türkmenlere Aşgabatda „Meýletin Birikmek” diýip, ýadygärlik galdyryp bolmajakdygyny ilki ol aýdypdy.
Paýtagtyň baş köçesine Oguz hanyň adyny dakmagy ilki teklip eden Akmyrat boldy. Salyr Gazanyň, Göroglynyň ýadygärliklerini döretmegi ilki Akmyrat öňe sürüpdi. Şeýdip, ol 89-njy ýylyň Mart wakasyna ýetip geldi.
Türkmenistanyň erkinliginiň ilkinji Manifestini Akmyrat ýazdy. Ol Manifest bilen 1989-njy ýylyň martynda öz galamdaşlarynyň arasynda çykyş etdi. Şondan soň Akmyrat berk yzarlanma duçar boldy.
1991-nji ýylyň 13-nji maýynda, şübheli ýagdaýda, „Türkmenfilm“ studiýasynyň edarasynda, 3-nji gatdan ýykylyp, aradan çykdy.
Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.