Yrak: Söweşijiler ýene bir şäheri basyp aldy

“Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparlaryň internetde ýerleşdiren suraty

“Yrak yslam döwleti we Lewant” atly topar (ISIL) Yragyň demirgazygynda ýene bir şäheri eeýeländigini yglan etdi we yzysüre ýüzlerçe yrakly esgeri öldürendigini aýtdy.

Bagdatdan 420 kilometr uzaklykda ýerleşýän Tal Afar şäheriniň ýaşaýjylarynyň we resmileriniň media serişdelerine aýtmagyna görä, sünni gozgalaňçylary şäheri gazaply söweşlerden soň 16-njy iýunda irden eýeläpdirler.

Tal Afar şäheri “Al Kaýda” bilen bagly “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly topar Yragyň iki sany iri şäheri Mosuly we öňki diktator Saddam Huseýniň ata mekany Tikriti basyp alandan sanlyja gün soň syndy.

Esgerleriň öldürilmegi

“Yrak yslam döwleti we Lewant” topary özüniň Tikritde 1700 şaýy esgerini öldürendigini yglan etdi we internetde ýerleşdirilen suratlarda şol jezalandyrylan esgerleriňki diýilýän jesetleri görkezdi.

Yragyň harbylarynyň metbugat wekili Kassim al-Mussawi (Qassim al-Mussawi) suratlaryň hakykydygyny tassyklady we suratlarda azyndan 170 sany esgeriň görkezilendigini aýtdy.

ABŞ bu rehimsizlikleri ýazgardy.

ABŞ-nyň döwlet departamentiniň metbugat wekili Jen Psaki 15-nji iýunda eden beýannamasynda “Yrak yslam döwleti we Lewant” toparynyň Tikritde Yragyň howa güýçleriniň 1700 şaýy esgerini öldürendigi barada eden beýannamasy “aýylganç we terrorçylaryň hakyky ganhorlugyny görkezýär” diýip belledi.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýolbaşçysy Nawi Pillay “Yrak yslam döwleti we Lewant” toparynyň Tikrit we Mosul şäherlerinde amala aşyran “köpçülikleýin we sud edilmezden geçiren jezalandyryş” çärelerinden öz guramasynyň hem habarlydygyny aýtdy.

Söweşijilere garşy göreş

Şol bir wagtyň özünde-de Günbatar media serişdeleri ABŞ-nyň resmilerine salgylanyp, Waşingtonyň “Yrak yslam döwleti we Lewant” toparyna garşy hereket etmek barada Eýran bilen gepleşmek meselesine seredýändigini habar berdiler.

Eýran we ABŞ köpden bäri garşydaş ýurtlar bolsalar-da, olaryň ikisi-de “Yrak yslam döwleti we Lewant” toparynyň regionda döredýän howpuny ýok etmäge islegli we Bagdada harby ýardam teklip etmek meselesine garaýarlar.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, eger ABŞ Yrakda agzalan mesele boýunça herekete geçse, onda Tähranyň Waşington bilen bu ugurdan hyzmatdaşlyk etmek pikiriniň bardygyny aýtdy.

Waşington bu waka bilen bagly Yrakda ABŞ-nyň hiç hili goşun bölümleriniň ýerleşdirilmejegini aýtdy.

Emma ABŞ-nyň uçar göteriji "USS George HW Bush" atly harby gämisi ýene iki sany harby gämi bilen bilelikde eýýäm Pars aýlagynda ýerleşdirildi. Şeýle-de Waşington Bagdatdaky ilçihanasynyň howpsuzlygyny güýçlendirýändigini we käbir işgärlerini has howpsuz ýere göçürýändigini mälim etdi.

Şol bir wagtyň özünde-de Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki “Yrak yslam döwleti we Lewant” toparynyň basyp alan giňişliklerini yzyna gaýtaryp almagy wada berdi.

Al-Malikiniň howpsuzlyk boýunça metbugat wekili general-leýtenant Kassem Atta (Qassem Atta) 15-nji iýunda eden çykyşynda hökümet güýçleriniň Bagdadyň demirgazygyndaky söweşlerde inisiatiwany öz eline alandygyny aýtdy