"Ýykylan köprüler howp döredýär"

Türkmenistanda opurlan köprüleriň biri.

Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlarda Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk şäherçesi bilen welaýatyň paýtagtyny birikdirýän esasy ýoluň ugrunda üç köpriniň hatardan çykandygy we munuň netijesinde hem ilatyň obanyň içinden aýlanyp ýa-da dürli aýlawly ýollardan geçip, Türkmenabada gitmeli bolýandygy aýdylýar.

Takmynan bir aý bäri bejerilmeýän bu köprüleriň ilata ýetirýän täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew Garaşsyzlyk etrabynyň adynyň efirde tutulmazlygyny soran ýaşaýjysy bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

"Ýykylan köprüler howp döredýär"