Yragyň parlamenti 12-nji iýuna bellenen we sünni gozgalaňçylaryň hüjümini güýçlendirmegi bilen baglylykda ýurtda adatdan daşary ýagdaýy girizmek meselesini geňeşmek üçin niýetlenen ýörite maslahatyny yza tesdirdi.
Maslahatyň yza tesdirilmegine umumy pikire gelinmezligiň sebäp bolandygy aýdylýar. Maslahata garşy çykyş edenleriň köpüsi sünnüleriň we kürt toparlarynyň wekilleridir. Olar şaýy premýer-ministr Nury al-Malikä çäksiz häkimiýet berilmegine garşy çykyş edýärler.
11-nji iýunda “Al-Kaýda” bilen bagly “Yragyň yslam döwleti we Lewant” atly toparlaryň (ISIL) söweşijileriniň Mosul şäherini öz gözegçiligine almagynyň ertesi Tikrit şäherini hem basyp aldylar we 80 sany türk raýatyny zamun aldylar.
Indiki nyşan
Söweşijiler indiki nyşanynyň Bagdatdygyny aýdýarlar.
“Yragyň yslam döwleti we Lewant” atly toparlaryň metbugat wekili Abu Mohammed al-Adnani söweşijileriň websaýtynda ýerleşdirilen ses ýazgysynda “Biz Bagdada barýarys, biziň etmeli işimiz bar” diýdi.
Şeýle-de Adnani söweşijileriň şaýylaryň Kerbala we Najaf şäherlerini hem basyp aljakdygyny aýdyp, haýbat atdy.
Kürtleriň “Peşmerga” ýaragly toparynyň metbugat wekili Jabbar Ýawar 12-nji iýunda eden çykyşynda federal güýçler Kerkuk şäherinden çekilensoň, ýarym awtonom Kürt regionynyň harby güýçleriniň nebite baý bu şähere doly gözegçilik edýändigini aýtdy.
Yragyň syýasy toparlarynyň liderleri, şol sanda Maliki we sünni parlament ýolbaşçysy Osama al-Nujaifi 11-nji iýunda Bagdatda duşuşyp, krisizi maslahat etdiler.
Maliki Mosulyň söweşijileriň eline düşmegini “dildüwşük” diýip atlandyrdy we şäheriň üstünden gözegçiligi güýç bilen gaýtaryp almaga çagyrdy. Ol, öz wezipelerini taşlap, yza çekilen harbylar jezalandyrylmaly diýdi.
Söweşijler 10-njy iýunda Mosuly basyp alansoňlar, howpsuzlyk güýçleriniň wekilleriniň öz ýörite geýimlerini taşlap, şäherden gaçyp çykan graždan ilatyň arasyna garyşyp, gaçyp gidendikleri habar berilýär.
Tas 2 million ilatly Mosulyň 500 müň çemesi ilatynyň öz öýlerini terk edendigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.
Halkara raýdaşlygy
BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon Yrak bilen raýdaşlyga çagyrdy.
Ban Ki-Moon 11-nji iýunda Mosulda türk diplomatlarynyň zamun alynmagy barada eden çykyşynda şeýle diýdi: “Men Yragyň hökümetini we regionyň ýurtlaryny, tutuş halkara jemgyýetçiligini birleşmäge we günäkärleri jogapkärçilige çekmäge, diplomatik wekilleriň mümkin boldugyndan tiz we sag-aman boşadylmagy ugrunda elimizde baryny etmäge çagyrýaryn”.
Ak Tam soňky 24 sagatda howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny aýtdy.
Döwlet departamentiniň metbugat wekili Jen Psaki 11-nji iýunda Waşingtonda eden çykyşynda ýagdaýy, hakykatdanam, howsalaly diýip häsiýetlendirdi. Jen Psaki Waşingtonyň söweşijilere garşy göreş üçin Yraga kömek bermegine garaşylýandygyny aýtdy.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 12-nji iýunda eden çykyşynda jyhadçylaryň soňky hüjümleriniň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň 2003-nji ýylda Yraga harby goşun salmagynyň şowsuz ädimdigini görkezendigini aýtdy.