FH: "Orsýet peselişde esasy rol oýnaýar"

Prezident Wladimir Putin döwlet sylaglary dabarasynda söz sözleýär. Moskwa, 12-nji iýun, 2014.

«Freedom House» guramasynyň täze hasabatynda Orsýet post-sowet giňişliginde demokratiýanyň pes gaçmagynyň dowam etmeginde «esasy rol» oýnaýar diýilýär.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän gözegçilik topary özüniň ýyllyk hasabatyny 12-nji iýunda çap etdi. Bu hasabatda ozalky Sowet Soýuzynyň, Balkan ýurtlarynyň we Merkezi Ýewropa ýurtlarynyň 29-syna syn edilipdir.

"Repressiýanyň täze derejesi"

«Geçiş ýurtlary 2014: Ýewraziýanyň demokratiýadan daşlaşmagy» (“Nations in Transit 2014: Eurasia’s Rupture with Democracy”) diýen at bilen çap edilen hasabatyň awtorlary Orsýet sebite geçen ýylyň dowamynda «repressiýanyň täze, howsalaly derejesini getirdi» diýilýär.

"Azatlyk öýüniň" «Geçiş ýurtlary» proýektiniň direktory Sylwana Habdank-Kolaczkowska Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna Orsýet, gözegçilik çelgileriniň köpüsinde, demokratiýadan yza dolanmaklyga täsir etmek bilen, demokratiki görkezijiler boýunça «dramatiki pese gaçyşyň» simwoly bolup durýar diýdi.

Hasabat sebitiň ortaça demokratiki görkezijisiniň 2013-nji ýylda ýene, geçen onýyllygyň her ýylynda bolşy ýaly, aşak gaçandygyny görkezýär. On alty ýurduň demokratiki görkezijileri aşaklady, bäş ýurduň görkezijisi gowulandy, emma sekiz ýurduň görkezijilerinde hiç hili üýtgeşme bolmady.

Korrupsiýa tutuş sebitde ýokarlandy, Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleriniň arasynda syn edilen 10 ýurduň ýarysy pes dereje aldy.

"Berkişen awtoritar režimler"

Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolmadyk öňki sowet ýurtlarynyň 12-sinde soňky on ýylda demokratiýanyň derejesi mazaly aşak gaçdy we bu ýagdaý, "Azatlyk öýi" guramasynyň atlandyrmagyna görä, sebitiň ilatynyň 80 prosente golaýynyň «berkişen awtoritar režimleriň» astynda ýaşamagyna getirdi.

Bulara Täjigistan, Orsýet, Gazagystan, Azerbaýjan, Belarus, Türkmenistan we Özbegistan girýär.

«Freedom House» Orsýetde, Azerbaýjanda we Gazagystanda raýat jemgyýeti babatdaky garaýyşlaryň has duşmançylykly bolandygyny aýdýar.

Hasabatda Kremliň lesbian, geý, biseksual we transgender adamlary yzarlamak, garaşsyz raýat jemgyýetini ýanamak, metbugata döwlet kontrollugyny berkitmek, interneti «aýak astyna» getirmek üçin täze kanunlary çykaryp, ýygjamlaşdyrylan repressiýa syýasatyna eýerendigi aýdylýar.

Orsýetiň «gomeseksual propagandany» we hökümetden aýry raýat jemgyýetleriniň daşary ýurtlardan maliýeleşdirilmegini çäklendirmek baradaky kanunlaryna çalymdaş kanunlar Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Gürjüstan, Gazagystan, Moldowa, Türkmenistan, Ukraina we hatda ÝB agzasy bolan Latwiýa ýaly ýurtlarda hem maslahatlaşyldy ýa-da girizildi.

Özbegistan we Türkmenistan hasabatda raýat jemgyýetleri boýunça, şol sanda beýleki görkezijileriň hem aglabasynda mümkin bolan iň pes bahany almaklaryny dowam etdirdi.

Emma muňa garamazdan, raýat jemgyýeti Ukrainada we Gyrgyzystanda durmuşa ukyply bolup çykdy we bu ýurtlaryň ikisiniň hem bu ugurdaky görkezijisi ýokarlandy.