Okalmaýan beýik kitaplar

Kitaplar we äýnek.

Bu geň bolsa-da, okalmaýan beýik kitaplar bar. Günbatarda oňa “Great unread books” diýilýär. Muňa mysal edip, dünýä edebiýatynyň ölmez-ýitmez ýadygärligi bolan, italýan şahyry Aligiere Danteniň üç bölümden we 100 aýdymdan ybarat “Hudaýy komediýalaryny” görkezýärler.

Täzeden oýanyş döwrüniň ilkinji genial eseri Ýewropa medeniýetiniň ösmegine güýçli täsir ýetiripdir. Ol häzirki zaman italýan dilini emele getirdi. Ýöne indi okalmaýan beýik kitaplaryň sanawynyň başynda durýar. Okalmaýan kitaplar ýa-da awtorlar hökmünde şol döwürden fransuz ýazyjysy Fransua Rableni, soňky XX asyrdan bolsa Frans Kafkany hem Tomas Manny görkezýärler.

Olaryň her biriniň özünden soňky medeniýete täsiri çäksiz uly bolupdyr. Şeýle-de bolsa, olaryň eserleri häzir okalmaýan beýik kitaplaryň hatarynda.

Gynasak-da, şeýle edebiýat bizde-de bar. Oňa Andalybyň poemalaryny, Şeýdaýynyň eserlerini, Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” kitabyny, Abdysetdar Gazynyň “Jeňnama” poemasyny görkezmek bolar. Bu sanawy artdyrmak mümkin, ýöne şolar ýeterlik.

Möhümlik

Biz owaly bilen “Jeňnamany” öwrenmelidik. Sebäbi ol ýerde dagynaklykda ýaşaýan türkmen halkynyň öz umumy Watanyny hem topragyny goramak üçin, ilkinji gezek birleşendigi beýan edilýär. Ol eser Eýran şasynyň harby tälimli, ummasyz köp sanly goşunynyň öňünde durmagy başaran göreşijiler barada. Türkmenler 1858-nji ýylyň güýzünde Garrygalanyň eteginde taryhy ähmiýetli möhüm ýeňiş gazanypdy. Şonda birnäçe taýpanyň birleşip, Watan üçin göreşe çykmak hereketi başlanypdy.

Milli taryhyň iňňän möhüm sahypasyndan söz açýan bu eser döräli bäri ilkinji gezek, örän gysgaldylan görnüşde 1943-nji ýylda çap edildir.

Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” kitaby hem şeýledir. Bu ajaýyp eserde döwletiň nähili gurulmalydygy barada gürrüň gidýär. Ol ýerde jemgyýetçilik ahlagy hakda aýdylýar. Döwletiň berkararlyk tapmagynda, halkyň ahlak arassalygynyň kämilleşmeginde, bu eseriň gadyr-gymmady örän ýokary bolupdyr. Ol ýurduň bilimli adamlary üçin ahlak kadalarynyň ýol görkezijisi saýylypdyr. Şeýle beýik eser geçen asyrda ilki gysgaldylan görnüşde, soňra doly şekilde çap edildi. Ýöne onuň soňky neşirini satuwa çykaýan badyna yzyna alyp “tussag etdiler”.

Şeýdaýynyň eserleri barada-da şeýleräk pikirleri aýdyp bolardy.

Sebäp

Olar näme üçin okalmaýar diýen sorag döreýär. Olaryň ideýa-gymmadynyň könelendigi üçin däldigi belli. Olaryň ideýasy könelse, biziň döwrümize ýetmezdi hem dilden-dile geçmezdi.

Türki hem pars edebiýatyny öwrenijiler, çagataý dilini bilýänler “Wagzy-Azada” iňňän ýokary baha berýärler hem onuň çeperçilik taýdan kämildigini aýdýarlar. Biz bolsa onuň guraklygyndan, dilimiziň öwrülmeýändiginden zeýrenýäris. Aslynda biz ony kadaly okap bilemzok. Has takygy, okamagyň ebeteýini tapamyzok. Ýadyňyzda bolsa, uly söz ussady Kerim Gurbannepesow bir şahyrana eser barada gürrüň edip, “ony okamagyň ugruny tapmaly” diýipdi. Şeýlelikde, her şahyryň özüniň bir okalyş usuly – ýoly bar.

“Wagzy-Azadyň” aruz ölçeginde ýazylandygyny bilýäris. Ýöne ol nähili ölçegde we nähili okalmaly? Ondan biziň habarymyz ýok. Biz ony başga bir galypda, ýagny sillabik usula getirip okajak bolýarys. Munda, elbetde, biziň dilimiz döwülýär hem oňa dil aýlanmaýar. Munuň üçin “Wagzy-Azat” ýa “Jeňnama” günäkär däl.

Çäre

Sungaty öwreniji alymlar şeýle mysal ulanýarlar. Örän geýnüwli, üst-başy tämiz eşikli bir adam gök önümleriň saklanýan hem ugradylýan ammaryna girse, hemmeler oňa çiňerilip sereder. Şol ýiti bakyşlar ol ynsanyň egnindäki eşiginiň tikininden ýa-da biçüwinden aýyp gözlemek üçin däl.

Aslynda nusgawy edebiýat örän belentde. Megerem, ol medeniýet asmanyň 7-nji gatyndadyr. Biz bolsa 1-nji ýa-da 2-nji gat asmany görýäris. Şondan, 7-ji gatdaky medeniýet bize düşnüksiz hem ýat duýulýar. Üstesine-de, şu günüň örän pes hilli hem bolar-bolmaz medeniýeti bizdäki barja üşügi ýok edýär. Nusgawy medeniýetiň aşa belentligi ýerdäkiler bilen arada boşluk emele getirýär. Bizde “Wagzy-Azady” ýa-da “Jeňnamany” labyzly okaýanlar bolsady, belki, onuň owazy biziň kalbymyza ýeterdi.

Her niçik bolsa-da, okalmaýan beýik edebiýat üçin, özümiz kemgaýrat bolsak gerek.

Okalmaýan kitaplar okalsa, köp nadanlyk aradan aýrylardy.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.