Misrihanow: Jaý ýumrulsa BMG-ä arz edip bolýar

Ýumrulan jaýlar, Aşgabat

Kanunçy ýuristler Türkmenistanda jaýlary ýumrulan raýatlaryň öz hak-hukuklarynyň berjaý edilmegini talap etmek boýunça ýurduň içinde eden synanyşyklary şowsuzlyga uçran halatlarynda meselä halkara kanunlarynyň esasynda garalmagyny gazanmak mümkinçiliginiň bardygyny aýdýarlar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly ýurist, häzir düýbi Gollandiýada ýerleşýän “Garaşsyz aklawçylaryň bileleşigi” atly guramanyň ýolbaşçysy Timur Misrihanow türkmenistanlylaryň jaý meselesine Türkmenistanyň daşynda seredilmegi bilen bagly tejribeler barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda garaşsyzlygyň dürli ýyllarynda häkimiýetler tarapyndan müňlerçe ýaşaýyş jaýlarynyň ýumrulandygy barada habarlar bar. Emma takyk sanlar elýeterli däl. Ýykylan ýaşaýyş jaýlaryň sany barada sizde maglumat barmy?

Timur Misrihanow: Bizde bu barada takyk maglumat ýok, ýöne mälim bolşuna görä, hususy ýaşaýyş jaýlaryň iň köp ýumrulan ýeri Aşgabat boldy. Bu ýerde köne jaýlaryň ýykylmagy bilen bir hatarda soňky ýyllarda gurlan jaýlar we hatda daşary ýurtly kärhanalaryň hem ençemesi ýumruldy, bu döwrüň ähli talaplary berjaý edilip we kanuny rugsatnamalaryň esasynda gurlan jaýlaryň ýumrulmagyna hem degişli. Ýumrulan jaýlaryň takyk sanyny anyklamak kyn, emma köpgatly ýaşaýyş jaýlary hasaba almazdan, diňe hususy jaýlar barada aýdylanda, biz azyndan 30-40 müň hususy jaýyň ýumrulandygyny çak edýäris.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda jaýlary ýykylan adamlaryň näçesi öz bähbitlerini goramak üçin ýurduň içinde we daşynda degerli edaralara ýüz tutdular. Ýüzlenmeleriň näçesi şowly netije berdi? Sizde bu barada nähili maglumat bar?

Timur Misrihanow: Türkmenistanyň içinde häkimiýetlere ýüz tutýanlaryň sany köp däl. Adamlar gorky sebäpli öz problemasyny arz-şikaýat etmän çözmäge çalyşýarlar. Emma suda ýüz tutunlardan 30%-niň adalaty gazanyp bilendigini, olaryň mahrum edilen emläginiň oweziniň dolunmagy üçin pul kompensasiýasyny ýa-da ýer, gurluşyk materriallaryny alyp bilendigini bilýäris.

Azatlyk Radiosy: Ýurduň içindemi? Ýa daşynda?

Timur Misrihanow: Bu ýurduň içinde. Daşary ýurtlar barada aýdylanda, kynçylyk bar. Sebäbi Türkmenistandan halkara edaralaryna çykmak kyn bolýar. Birinjiden, adamlar halkara guramalara ýüz tutup bolýandygyny, haýsy gurama ýüz tutmalydygyny bilmeýärler. Ikinjiden, köp adam hatda jaý meselesine gezek gelende-de, gorkýar we çekinýär. Şol bir wagtda-da bize ýüz tutan raýatlaryň arzalary halkara guramalara tabşyrylanda, jemi 25 adamdan üç adamyň işi boýunça pozitiw netije boldy. Galanlaryna häzir seredilýär.

Azatlyk Radiosy: Şu günki gün Türkmenistanyň raýatlary jaý meselesi boýunça haýsy halkara guramasyna ýüz tutup bilýärler?

Timur Misrihanow: Türkmenistanyň raýatlary BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetine ýüz tutup bilýärler. Sebäbi Türkmenistan bu ugurdan ylalaşyga gol çekdi we 1996-1997-nji ýyllarda ylalaşygy ratifisirledi. Emma Türkmenistan Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudy ýaly beýleki halkara guramalar bilen ylalaşyga gol çekmänsoň, şu günki gün Türkmenistanyň raýatlarynyň ýüz tutup biljek başga halkara edarasy ýok.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň raýaty BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetine ýüz tutmak kararyna gelende, näme etmeli? Nämeden başlamaly?

Timur Misrihanow: Birinjiden, daşary ýurt raýaty öz indiwidual şikaýaty üçin ilki öz ýurdunyň içinde zerur bolan ähli instansiýalardan geçmeli. Etrap, şäher, welaýat häkimliklerinden başlap, ýurduň Baş suduna ýa prezidentine çenli arza bilen ýüzlenmeli. Agzalan bu instansiýlarda işi çözülmedik halatynda Türkmenistanyň raýaty öz ýurdunda bozulan hukuklaryny dikeltmek üçin BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetine ýüzlenmäge hakly. Indiwidual şikaýatyň ýörite formasy bar. Arza bilen bilelikde adamlar Türkmenistanyň agzalan edaralaryna eden ýüzlenmeleriniň nusgalaryny we özlerine berlen jogaplaryň nusgalaryny jemläp, ibermeli. Muny poçta arkaly hem iberip bolýar, biz hem bu ugurdan ýardam berýäris.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň ýaşaýjylary köp halatlarda, döwlet edaralaryna ýüz tutulanda, jogap alyp bolmaýandygyny aýdýarlar. Şeýle ýagdaýda işine halkara guramasynda seredilmegini isleýän türkmenistanly zerur kagyzlary nädip toplamaly?

Timur Misrihanow: Adatça, Türkmenistanyň edaralarynda başdansowma jogap berýärler, ýa-da asla hiç hili jogap bermeýärler, şonuň üçin iň gowusy, edara ýüzlenende, arzanyň bir nusgasynda şony kabul eden adamyň goly bolmaly, ýa-da arzany poçta arkaly ýollap, kwitansiýanyň nusgasyny we habardar etmek baradaky resmi haýyşnamany almaly.