Berdimuhamedow Konstitusiýany özgertmekçi

Türkmen Konstitusiýasy

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 16-njy maýda geçiren giňişleýin hökümet maslahatynda ýurduň 22 ýyl mundan ozal kabul edilen Konstitusiýasyna özgertmeleri girizmäge bireýýäm wagt ýetendigini aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasy boýunça özgertmeleriň birinji tapgyrynyň geçirilendigini, şonda Baş kanuna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň «esasy kanunyň kadalaryny düýpli özgerdendigini» belledi.

Türkmen lideriniň tassyklamagyna görä, Konstitusiýa özgertmelerini geçirmek zerurlygy ýurtda «amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriniň depgininiň ýokarlanmagy we geriminiň örän giňelmegi bilen bagly».

G.Berdimuhamedow bu sözüni delillendirip, «häzirki döwürde ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçildi we raýat jemgyýetiniň gymmatlyklary durmuşa ornaşdyryldy» diýdi.

Onuň ynandyrmagyna görä, indi şu ýagdaýa görä, «ýurdumyzyň häzirki hereket edýän konstitusiýasynyň käbir kadalary döwrüň talaplaryna belli bir derejede indi laýyk gelmeýär».

Emma prezident bu diýilýän «käbir kadalar» barada anyk bir zat aýtmady.
Prezident Berdimuhamedow «konstitusiýada ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler öz beýanyny tapmalydyr» diýdi.

Hukuklar we azatlyklar

Geçiriljek özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesini girizmegiň hem hökman göz öňünde tutulmalydygy aýdylýar.

Mundan başga, prezident ýurtdaky ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hukuklarynyň giňeldilmelidigini belledi, «raýatyň, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kazyýet tarapyndan goralyşyny güýçlendirmäge hem aýratyn üns bermeli» diýip, Ministrler kabinetiniň giňeldilen mejlisiniň dowamynda aýtdy.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatynda aýdylmagyna görä, «geçiriljek özgertmeler... döwlet häkimiýetiniň täze edaralaryny we raýat jemgyýetini döretmäge-de mümkinçilik berer; raýatyň we adamyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny has-da giňeltmek we doly goramak üçin hem zerur şertleri döreder».

Prezident Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň penşenbe güni geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky permana hem gol çekdi.