​Alkogol we Türkmen ýaşlary

Oturyşykda alkogol içgi bakallary çakyşdyrýan ýaşlar.

Dünýä Saglyk guramasynyň 2012-nji ýyl boýunça ýaýradan täze raportynda alkogolly içgileriň aşa ulanylmagy netijesinde tutuş dünýäde 3,3 million adamyň ölendigi aýdylýar. Bu san her ýyl tutuş dünýäde ölýän adamlaryň 5,9%-ne barabardyr.

Agzalýan guramanyň “Alkogolyň we saglygyň 2014-nji ýyl boýunça global statusy” atly raportynda alkogoly aşa köp sarp etmegiň diňe oňa garaşly etmeýändigi, şol sanda adamda 200-den gowrak keseliň döremek howpyny artdyrýandygy bellenilýär.

Bu raportda Türkmenistanda her ýylda bir adamyň ortaça 2,5-5 litr aralygynda alkogolly içgileri sarp edýändigi aýdylýar. Eýsem, edil häzirki wagt Türkmenistandaky ýaşlaryň arasynda alkogolly içgileri sarp etmek endigi nähili?

Ýaşlar nähili ýagdaýlarda alkogol içgilerini sarp edýärler? Alkogolly içgileri içýän ýaşlar içmeýänlere, içmeýän hem içýänlere nähili garaýarlar? Şeýle-de, ene-atalar çagalarynyň alkogolly içgileri içmegine ýa içmeýändigine nähili garaýarlar?

Täze Tolkun gepleşigimiziň nobatdaky sanynda şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky garaýyşlaryňyzy, tejribeleriňizi biziň gepleşigimize gatnaşyp hem paýlaşyp bilersiňiz. Munuň üçin biziň hat@azatradio.org email adresimize hat ýazyň, özümiz siziň bilen habarlaşarys. Garaýyşlaryňyzy aşakdaky teswir bölüminde hem galdyryp bilersiňiz.