Türkmenistan: Jaýy ýykylanlar näme etmeli?

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Jaýy ýykylanyň gözi bilen...

Türkmenistanda garaşsyzlyk döwrüniň dowamynda paýtagtda we beýleki ýerlerde müňlerçe jaý ýykyldy. Köp halatlarda jaýy ýykylanlaryň çeken zyýanynyň öwezi dolunmaýar.

Ýaşaýyş jaý ýykylyşy şu günki güne çenli dowam edýär. Käbir ýerlerde tutuş obalaryň ýaşaýjylaryna jaýlaryň ýykyljagy barada resmi duýduryş berildi.

Adamlaryň ýaşap oturan jaýy ýykylanda ýa-da indi ýykylmak howpy abananda Türkmenistanyň raýatlary näme etmeli? Nirä ýüz tutmaly? Nädip öz emlägini goramaly? Raýatlaryň kanuny haklary näme we olary nädip talap etmeli?

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda jaýlaryň ýykylmagy barada maglumat ýygnaýar we jaýyndan mahrum edilýän raýatlaryň öz hukugyny we emlägini goramak üçin bar bolan mümkinçilikler barada ýörite gepleşik taýýarlaýar.

Sizi öz başdan geçiren ýa-da şaýat bolan wakalar barada gürrüň bermäge çagyrýarys. Eger şu meselede siziň hem soraglaryňyz bar bolsa aşakdaky forumdan peýdalanyň ýa-da Moskwadaky +7 926 236 0455 telefon nomerimiz we hat@azatradio.org elektron poçtamyz arkaly habarlaşyň.

Azatlyk Radiosy soraglaryňyza, maglumatlaryňyza, bellikleriňize we pikirleriňize garaşýar!