Döwlet derejesindäki ynsan

Magtymguly

Türkmenistan Magtymguly Pyragynyň doglan ýylyny halkara derejesinde baýram edýär.

Akyldar şeýle hormata aňry ýany bilen mynasyp. Ol berkarar Türkmen döwletini isläpdi. Onuň düýbüni tutmak hyzmatyna goşandyny goşupdy.

Sakada duranlar

Her bir döwletiň döremegi möhüm taryhy şertler bilen baglanyşykly bolýar. Şol taryhy şertler aradan aýrylan ýagdaýynda, ol döwlet dargap bilýär. Döwletiň zerurlygy baradaky taryhy şertler saklansa, ol müňlerçe ýyl dowam edýär. Bu meseleleri taryh ylmy öwrenýär.

Ägirt giň hem çylşyrymly meselä aralaşmazdan, onuň iň möhüm ugurlaryny agzap geçsek, döwlet gurmak üçin owaly territorial, ýagny toprak-ýer bitewiliginiň zerurdygy aýdylýar. Ikinjiden, ykdysady bitewilik öňe sürülýär. Soňra syýasata degişli meseleler orta çykýar. Bular obýektiw, ýagny möhüm taryhy zerurlyklara girýär. Şonuň bilen birlikde subýektiw, ýagny jemgyýetiň öz içki taýýarlyklaryna degişli zerurlyklar bar. Oňa esasan dil birligi bilen şol döwlet baradaky psihologiki bitewilik – agzybirlik meseleleri degişli saýylýar. Şu meselede Magtymgulynyň ägirt uly hyzmatyny görýäris.

Taryhçy hem edebiaýtçy alymlaryň aýtmagyna görä, milli türkmen döwletini gurmak zerurlygy XVIII asyrdan güýçlenip başlapdyr. Bu zeruryýeti öz wagtynda duýan Andalyp, Şeýdaýy, Şabende, Magrupy, Döwletmämmet Azady öz eserlerinde döwletçiligiň dürli ugurlary barada söz açdylar. Olar türkmeniň düşen agyr ýagdaýyny açyk beýan etdiler. Şol möhüm başlangyjy Magtymguly Pyragy ösdürip, kämillige ýetirdi. Ol öz eserlerinde birek-biregi çapyp ýörmegiň mertlik däldigini, erkin hem berkarar türkmen döwletini gurmagyň zerurdygyny aýtdy.

Beýleki ussatlara garanda, Magtymgulynyň sözi halka has düşnükli hem ýakyn boldy.

Halkyň ýüregine tarap

Owaly bilen ol öz eserleriniň gurluşy meselesinde, halka ýakynlaşypdyr. Ýazuwly edebiýatyň nusgawy usulyndan el çekip, türki halklaryň arasynda däp bolan goşgy usulyndan peýdalanypdyr. Şahyryň aglaba eseri dört setirli bentlerden düzülip, olar öz arasynda läleler, hüwdüler ýaly kapyýalaşýar.

Şahyr setirlerdäki aruz ölçeginden hem çykýar. Ol bogun ölçegli goşgular döredýär.

Şeýlelikde, onuň eserleri halk döredijiligine, aýratyn-da atalar sözüne ýakynlaşýar, käte bolsa garyşyp gidýär.

Nadan ogul atasyna seretmez.

Bende, sen bet işe bartyrlyk etme.

Owal akan ýerden akarmyş aryk,
Özün öwen ýigdiň tanapy çüýrük.

Beýle diýilse, Magtymgulynyň bar aýdany düşnükli diýildigi däldir. Halk Magtymgulyny düýpsüz ummana meňzedýär. Ondan ýedi ýaşdan 70 ýaşa çenli her ynsan üşüginiň ýetdigini alýar.

Döwür bilen aýakdaş

Magtymguly garşylykly pikiri, halkyň aňyny bulaşdyrjak ideýalary öňe sürmeýär. Onda kesgin ýa-da dowam edip gelen düzgünlere garşy durýan pikir ýok diýerlikdir. Onuň döredijiligi halkyň durmuşy hem dini dessurlar bilen berk baglanyşykly.

Köp babatda ol öz pikirini Mukaddes Kitaplaryň sözi bilen utgaşdyrýar. Magtymgulynyň pikiri Kurhany Kerimiň buýruklaryna laýyk gelýär. Ol jemgyýetiň ahlak taýdan sagdynlygy hem arassalyk meselesine ýüzlenende, Mukaddes Kitapdaky öwüt-ündewlerden peýdalanýar. Bu bolsa başgalarda gapma-garşylykly garaýyşlaryň döremezligine ýardam edýär.

Şeýdip, ol jemgyýetiň ähli gatlagy üçin aýdyň pikirli akyldara öwrüldi. Onuň pikiri sowatly-bilimli mollalara-da, ilatyň barjamly gatlagyna-da, garyplara-da, ejizlere-de degişli boldy.

Ol aýratyn bir syýasy ýa-da dini akyma hyzmat etmän, umumy adamzat gymmatlyklaryna ýüzlendi. Ol öz pikirini jemgyýetiň bir toparyna ýa-da bir bölek halka garşy goýmady. Şahyryň pikir-garaýşy öňde baryjy jemgyýetçilik aňy bilen baglanyşykly boldy.

Agzybirligiň binýady

Alymlar Magtymguly takmynan 25 müň söz ulanypdyr diýýärler. Şol müňlükleriň agramly bölegi sada halk diline degişli.

Magtymgulyda şiwe sözi ýok. Ol hemmelere ortalyk bolan türkmen edebi dilini döretdi. Onuň her bir sözi ähli türkmen üçin düşnükli boldy. Ol halkyň dil birligini döretdi. Öz eserleri arkaly türkmen taýpalaryny ruhy taýdan birleşdirdi.

Ol bir taýpanyň, bir toparyň däl, hemmeleriň şahyry boldy. Bu ýagdaýy türk dünýäsini öwrenýän alymlar bireýýäm belläpdiler. “Gökleňlerden bolan Magtymguly türkmenler üçin, şol sanda Stawropol türkmenleri üçin-de milli şahyr boldy.” “…türki halklaryň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir” diýip, geçen asyryň başynda akademik W.W. Bartold belläpdi.

Islendik türkmeniň öýünde Mukaddes Kitapdan soňraky orunda Magtymgulynyň eserleri durýar. Akademik W.W. Bartoldyň aýdyşy ýaly, Stawropol türkmenleri entek Magtymguly dünýä inmänkä, ata ýurtlaryndan göçüp, Orsyýetiň günorta sähralaryna barypdy. Ýöne Magtymguly olaryň arasyna hem bardy.

Magtymguly dünýäniň bir künjünde türkmen bolsa, olaryň her biriniň öýüne bardy. Onuň sözi her bir ynsana gerekli boldy. Sebäbi ol milletiň ruhy bitewiligini gazandy. Ol şahyrdan has artygrak, beýik akyldar hökmünde halkyň kalbyna aralaşdy.

Türkmen döwletiniň emele gelmeginde, Magtymgulynyň hyzmaty çäksiz ýokarydyr. Ol döwletiň binýady bolan edebi dili hem halkyň ruhy agzybirligini gazandy. Muny Italiýada Dante Aligieriniň, Pakistanda Muhammet Ykbalyň hyzmaty bilen deňeşdirip bolar.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.