Ukraina ýurduň iki regionynda orsýetçi separatistler tarapyndan öz-özüňi dolandyrmak boýunça geçirilen referendumlary «jenaýatçylykly bolgusyzlyk» diýip atlandyrdy we olaryň Moskwa tarapyndan gurnalandygyny aýtdy.
Daşary işler ministrliginiň beýanatynda bu ses berişligiň Kreml tarapyndan «ruhlandyrylandygy, gurnalandygy we maliýeleşdirilendigi» aýdylýar.
Ukrainanyň iş başyndaky prezidentiniň adminstrasiýasynyň başlygy Serhiý Paşinskiý separatistler tarapyndan geçirilen referendumyň Donetsk we Luhansk regionlarynyň territoriýasynyň üçden iki böleginde bolmandygyny aýtdy.
"80 prosentden hem ýokary"
Emma Ukrainanyň iki gündogar regionynyň öz-özüni jar eden resmileri öz-özüňi dolandyrmak boýunça geçirilen referenduma köp saýlawçynyň gatnaşandygyny aýdýarlar.
«Donetsk halk respublikasynyň» saýlaw komissiýasynyň başlygydygyny aýdýan Roman Lýahin tutuş regionda ses berişlige gatnaşanlaryň 50 prosentden ýokary bolandygyny aýtdy.
Donetsk şäherindäki birnäçe saýlaw uçastogynda ses berijileriň uzyn nobatlara durandygy göründi.
Emma regionyň beýleki ýerlerinde saýlaw uçastoklary bolmady we separatist resmileri polisiýanyň Donetskiniň günbatar böleklerindäki saýlaw uçastoklaryna adamlary goýbermändigini aýtdylar.
Luhansk regionynyň özüni özi jar eden lideri Olekseý Çmilenko bu sebitde ses berişlige gatnaşygyň «80 prosentden hem ýokary» bolandygyny aýtdy.
"Girdaba tarap ädim"
Ukrainanyň iş başyndaky prezidenti Oleksandr Turçinow bu ses berişligiň «girdaba tarap ädimdigini» duýdurdy.
Günbatar hökümetleriniň birnäçesi Kiýewe goşulyp, bu referendumlary ýazgardy we olaryň bikanundygyny aýtdy.
Separatist ýolbaşçylar geçen aý Orsýet bilen serhetleşýän iki regionda, Donetsk bilen Luhanskde «halk respublikalaryny» yglan etdiler.
Ukriana tarapdar media 6.5 million çemesi ilaty bolan iki regionda hem umumy ses berişligiň derejesiniň pes bolandygyny aýdýar.
Şeýle-de ol ýerde çagalaryň hem ses berişlige gatnaşdyrylandygy, şol bir adamlaryň bir gezekden kän ses berendigi we saýlawçylaryň aýalym, beýleki maşgala agzalarym üçin ses berýän diýendigi barada habarlar bar.
Ukrainanyň ozalky premýer-ministri we 25-nji maýda geçiriljek prezident saýlawlarynda bäsleşýän Ýuliýa Timoşenko Odessanyň GRAD telewideniýesine «bu referendumlarda ses bermek biziň boýnumyza dakylan betbagtlyk we biz ony ymykly duruzmaly» diýdi.
Söweş dowam edýär
Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleri Krasnoarmiýsk şäherine girdiler we polisiýa bölümini, ýerli geňeşiň binasyny kontrol astyna aldylar. Şeýle-de olar saýlaw uçastoklaryndaky saýlawçy sanawlaryny we býulletenleri ele geçirdiler.
11-nji maý güni irden separatistleriň mesgeni Slowýanskde söweş bolandygy, gozgalaňçylaryň ukrain esgerleri tarapyndan goralýan Telewizion diňe hüjüm edendigi habar berildi.
Ukraina bu hüjümde bir esgeriň ýaraly bolandygyny aýtdy.
Prezident adminstrasiýasynyň başlygy Paşinskiý ukrain howpsuzlyk güýçleriniň, Telewizion diňe hüjüm edilmegine jogap hökmünde, Slowýansk we Kramatorsk şäherleriniň daşyndaky käbir barlag nokatlaryny «ýumrandygyny» aýtdy.
Emma Slowýansk şäheriniň öz-özüni bellän häkimi Wýaçeslaw Ponomarew bu ýerde ses berişligiň 100 prosent boljagyny aýtdy.
Resmiler Mariupolda, geçen hepde ganly çaknyşyklaryň bolan şäherinde, 500 müň çemesi ilat üçin diňe sekiz sany saýlaw uçastogynyň açylandygyny aýdýarlar.
Bu ses berilýän ýerlerde uzyn nobatlaryň döremegine, binanyň daşynda, köçede goşmaça çelekleriň goýulmagyna sebäp boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar