Türkmenistanda II-nji jahan urşunyň tamamlanmagy bilen baglanyşykly her ýylyň 9-njy maýynda “Ýeňiş güni” bellenilip geçilýär. Bu günüň bellenilmegine sebäp bolýan 1941-45-nji ýyllardaky uruş Türkmenistanda, sowet döwründen galan bir miras hökmünde, “Beýik Watançylyk urşy” diýlip atlandyrylýardy.
Emma bu ýagdaý geçen ýyldan başlap üýtgedi. Ýagny 2013-nji ýyldan bäri bu sene türkmen metbugatynda diňe “1941-45-nji ýyllarda bolan uruş” diýip agzalýar.
Eýsem, munuň nähili sebäpleri bolup biler?
Azatlyk Radiosynyň bu soragyna aşgabatly synçy Ýaýlym Begow jogap berdi. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.