​Şirin: "Mellegi diňe gurby çatýan alýar"

Mellek ýer.

Türkmen metbugatynda wagtal-wagtal berilýän maglumatlarda ilaty mellek ýerleri bilen üpjün etmek üçin zerur çäreleriň görülýändigi bellenilse-de, ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda bu çäräniň o diýen durmuşa geçirilmeýändigi aýdylýar.

Edil şu nukdaý nazardan ýurtda käbir raýatlaryň mellek ýerini birnäçe ýyllap alyp bilmeýändigi eýýäm täzelik bolmasa gerek. Şeýle raýatlardan ýene biri Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy Şirin daýza. Ol mellek ýer almak üçin eýýäm birnäçe ýyldan bäri nobata durandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň 60 ýaşly pensioner Şirin daýza bilen geçiren söhbetdeşligini diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

​Şirin: "Mellegi diňe gurby çatýan alýar"