Slowýansk: Iki dikuçar urlup ýykyldy

Ýerli ýaşaýjy ukrain esgerleri bilen gepleşýär, Slowýansk, 2-nji maý, 2014.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi 2-nji maýda Slowýansk şäherini gaýdyp almak boýunça geçiren uly hüjüminiň dowamynda özüniň iki sany dikuçarynyň urlup ýykylandygyny we uçujylaryň öldürilendigini tassyklady.

Ukrainanyň Döwlet howpsuzlygy gullugy (SBU) ýene bir uçar sürüjiniň pitneçiler tarapyndan ýesir alnandygyny aýtdy. YouTube websaýtynda ýerleşdirilen wideoda ýaralanan uçujynyň awtoulaga mündürilýändigini görkezdi.

Içeri işler ministri Arsen Awakow Facebookdaky ýazgysynda agzalýan hüjümiň “zamunlary boşatmak, pitneçileri ýaragdan el çekdirmek we administratiw binalary boşadyp, şäher administrasiýasynyň kadaly işini ýola goýmak” maksady bilen geçirilendigini habar berdi.

Hüjümiň netijeleri

140 müň ilatly Slowýansk şäheri geçen aýdan bäri orsýetparaz separatistleriň golastynda galýardy. Awakow separatistleriň uçarlara garşy raketalary, agyr artilleriýany we granatalary ulanandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Ukrainanyň goşunlary şäheriň daşyndaky ýollarda barlag-geçiş nokatlarynyň 9 sanysyny öz kontrollygyna alypdyrlar.

“Bu hakyky söweş we biz ony hakynatutma professionallara garşy alyp barýarys”, diýip, Awakow ýagdaýy beýan etdi.

Separatistler ukrain güýçleriniň hüjümini giň gerimli diýip atlandyrdylar.

Gozgalaňçylaryň metbugat wekili Stella Horoşewa hüjümde öz adamlaryndan biriniň heläk bolandygyny aýtdy, emma bu meselede jikme-jik maglumat bermedi.

Ýewropa Komissiýasy Ukrainanyň gündogaryndaky wakalara uly aladalanma bilen syn edýändigini aýtdy.

"Harby ýesirem däl, tussag hem däl"

Pitneçiler Slowýansk şäheriniň häkimini, birnäçe žurnalisti, Ukrainanyň howpsuzlyk gulluklarynyň üç agzasyny, şeýle-de ÝHHG-niň harby gözegçileriniň toparyny öz ellerinde zamun hökmünde saklaýarlar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow ukrain güýçleriniň amala aşyran hüjümini “jezalandyryş çäresi” diýip atlandyrdy we “parahat ýaşaýjylaryň” harby uçarlar tarapyndan oka tutulandygyny belläp, bu hüjümiň “Ženewada gelnen ylalaşyklaryň durmuşa ukyplylygyna bolan soňky umydy puja çykarandygyny” aýtdy.

Peskow Orsýetiň prezidentiniň wekili Wladimir Lukiniň Ukrainanyň günorta-gündogaryna iberilendigini we onuň ÝHHG-niň gözegçileriniň boşadylmagy barada gepleşik geçirjekdigini mälim etdi.

Öz-özüni Slowýanskyň häkimi diýip yglar eden Wýaçeslaw Ponomarýow 1-nji maýda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, ÝHHG-niň gözegçileri bilen bagly ýagdaý barada şeýle diýdi: “Alyş-çalyş bolmaz, bu ýerde boşatmaklyk barada hem nämedir bir zat aýdyp bolmaýar. Men ýene bir gezek aýdýaryn, bizde saklanýan oglanlar ýesir däl, olar harby ýesirem däl, olar tussag hem däl, olar mende myhmançylykda bolýarlar”.

Donetskdäki ýagdaý

Şol bir wagtyň özünde-de Slowýanskdan 100 kilometr uzaklykda ýerleşýän Donetskde orsýetparaz separatistleriň Donetskiniň demirýol gözegçilik merkezini eýeländigi barada habar berildi. Bu ýagdaý orsýetparaz ýüzlerçe separatistleriň prokuraturanyň jaýyna hüjüm etmeginiň yz ýany ýüze çykdy.

Luganskdan gowuşýan maglumatlarda, Içeri işler ministrligine salgylanylyp, ýerli häkimiýetler bilen gepleşiklerden soň gözgalaňçylaryň prokuraturanyň jaýyny we telewizion merkezi terk edendigi barada habar berildi.

Orsýetparaz demonstrantlar regionyň administrasiýasynyň binasyny, prokuraturany, polisiýanyň baş edarasyny we ýerli telewizion merkezini 29-njy aprelde eýeläpdiler.

Kiýewde Ukrainanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetiýän Oleksandr Turçynow ýurtda harby borçlulygy dikeltmek barada karara gol çekdi.

Ukrainanyň Harkow şäheriniň häkimi Hennadiý Kernes Ysraýýylda, keselhanada, özüne geldi. Ol 28-nji aprelde näbelli hüjümçiler tarapyndan oka tutulansoň, Ysraýyla äkidilipdi. Kernes başda Orsýetiň tarapynda durup çykyş edipdi, emma soňra ol Kiýewiň Günbatar bilen arany sazlamak ugrunda iş alyp barýan hökümete loýallyk bildiripdi.