Ukraina harby taýýarlygyny yglan etdi

Orsýetparaz gozgalaňçylar regional polisiýa binasyna hüjüm edýärler, Luhansk, 29-njy aprel, 2014.

Ukrainanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Oleksandr Turçynow 30-njy aprelde eden çykyşynda ýurduň goşunynyň söweşe doly taýýarlyk derejesindedigini aýtdy. Ukrainanadaky orsýetparazlar ýurduň gündogarynda ýene bir şäheriň administratiw binasyny eýelediler.

Turçynow regional ýolbaşçylaryň Kiýewde geçiren maslahatynda “Orsýetiň Ukrainanyň esasy bölegine garşy urşa başlamak howpunyň hakykydygyny” aýtdy. Turçynow “biziň ýaragly güýçlerimiz söweşe doly taýýarlykly” diýip belledi.

Harby taýýarlyk

Turçynowyň bu beýannamasy wagt taýyndan ukrain goşunynyň we polisiýasynyň orsýetparaz separatistleriň ýurduň gündogar böleklerinde öz täsirini artdyrýan döwrüne gabat geldi. Mälim bolşy ýaly, Ukrainanyň separatistik hereketleriň öňüni almak boýunça geçirýän çäreleri häzirlikçe degerli netijeleri berenok.

Turçynow mundan ençeme hepde ozal hem Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň ýokary taýýarlyk derejesindedigini yglan edipdi. Emma olar geçen hepdeleriň dowamynda ýurduň günortasyndaky ona golaý şäherde separatistleriň hökümet jaýlaryny we polisiýa bölümlerini eýelemeginiň öňüni almagy başarmady.

Soňky wakalarda orsýetparaz aktiwistler 30-njy aprelde Gorlowka şäherinde hökümet jaýyny we polisiýa bölümlerini eýelediler. Turçynow ýerli polisiýanyň birnäçe ýolbaşçysyny wezipesinden boşatmaga we olary “hereketsizlikde, ygtybarsyzlykda we belli bir derejede dönüklikde” aýyplamaga mejbur boldy.

Şol bir wagtyň özünde-de ABŞ we Orsýet Ukrainada durnuksyzlygy güýçlendirmekde bir-birini günälediler.

Bir-birini günälemek

29-njy aprelde ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Moskwany Ukrainada dartgynlylygy gowşatmak baradaky ylalaşygy ýerine ýetirmegiň deregine durnuksyzlyga bat bermekde aýyplady.

Şol günüň özünde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Günbataryň Ukrainada dartgynlylygy tutaşdyryp, indi bolsa günäni başga biriniň boýnuna dakmakçy bolýandygyny aýtdy. Şeýle-de Putin Ukrainada orsýet harbylarynyň ýokdugyny belledi.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 29-njy aprelde eden çykyşynda Orsýeti Ukrainanyň işlerine goşulyşmazlyga çagyrdy. Merkel “Orsýetiň ukrain häkimiýetleriniň gelen kararlaryna goşulmaga” hakynyň ýokdugyny aýtdy we, eger Orsýet halkara kanunlaryna boýun bolmaýan bolsa, “biz ozalkymyz ýaly, sanksiýalar bilen jogap bermäge borçly” diýip belledi.

Orsýete garşy çäre

Angela Merkel şeýle diýdi: “Biz Ukrainada ençeme dürli pikirleriň bardygyny bilýäris. Emma biz olara ýardam bermek isleýän bolsak, biz olaryň erkin karara gelmäge ukyplydygyny aýtmaly. Orsýetiň bu kararlara goşulyşmaga haky ýok”.

Merkel bu barada ÝB-niň täze sanksiýalara sezewar edilen 15 orsýetliniň adyny yglan etmeginiň yz ýany aýtdy. Agzalan sanawdaky orsýet raýatlarynyň Ukrainadaky krizisde rol oýnandygy aýdylýar.

Täze sanksiýalaryň sanawy Orsýetiň baş ştabynyň ýolbaşçysy general Waleriý Gerasimowy we Orsýetiň Harby aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy diýlip tanadylan general Igor Serguny hem öz içine alýar