"Ýollarymyzy böwetlediler"
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Aşgabadyň etegindäki Çoganly daçalarynyň ýaşaýjylary özleriniň gatnaýan ýollarynyň gazylandygyny, bu sebäpli hem özleriniň gündelik gatnawlarynda uly kynçylykaryň dörändigi aýdýarlar. Şol bir wagtda, Çoganlydaky daçalaryň ýaşaýjylary indi ep-esli wagtdan bäri dürli çäklendirmeler bilen ýaşaýarlar. Agzalýan daçalara awtoulag bilen barmak isleýänler üçin açyk galan diňe bir köçe bar, olam polisiýanyň gözegçiliginde saklanylýar. Bu çäreleriň näme sebäpden ýola golýandygy barada ýerli resmilerden hiç hili maglumat almak başartman gelýär.