"Talyban" hüjümlerini güýçlendirýär

"Talyban" jeňçisi, Hyrat

Demirgazyk Owganystanyň Farýap welaýatynda howpsuzlyk şertleriniň günsaýyn ýaramazlaşýandygy aýdylýar. Welaýatyň etraplarynda “Talyban” söweşijileri has güýçlenipdir.

“Talyban” söweşijileri Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň Farýap welaýatynyň merkezi Meýmene şäherinde ýerleşen postlaryna hüjüm edip, owgan harbylarynyň käbir postlaryny basyp alypdyr.

Ýerli ýaşaýjylar olaryň Meýmene şäherine-de wehim salýandygyny aýdýarlar. Mugallym Abdul Gapuryň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, Meýmene şäheriniň 5 kilometrliginde uruş dowam edýär. “Talyp ýaragly güýçleri Meýmene şäherine ýakynlaşypdyr, şonuň üçin bu şäheriň ýaşaýjylary howp astynda” diýip, ol aýdýar.

Farýap welaýatynyň welaýat geňeşiniň başlygy, deputat Rahmatulla Türküstanynyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, welaýatyň Şah etrabynda talyplar harby merkezleriň käbirini basyp alypdyr.

“Olary yza serpikdirmek üçin tagalla edilýär. Owganystanyň Ýaragly güýçleri talyp toparyna garşy çäre görmäge taýýarlanýar. Şu ururda halk hem Howpsuzlyk güýçleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýyn. Ol jeňçiler tiz wagtda Şah etrabyndan kowlup çykarylar” diýip, deputat aýtdy.

Türkmenistana golaýlan howp

Demirgazyk Owganystanyň Farýap welaýaty Türkmenistan bilen serhetdeş. Howpsuzlyk şertleriniň has ýaramaz etraplary hem Türkmenistanyň serhet ýakasynda ýerleşýär.

Deputat Türküstany Farýap welaýatynyň Gormaç we Gaýsar etraplarynda hem ýagdaýyň dartgynlydygyny aýtdy.

“Türkmenistanyň serhedine golaý ýerlerde hem ýaragly toparlar hereket edýär. Ýaraglylar Türkmenistana-da howp abandyryp bilerler” diýip, Farýap welaýatynyň geňeşiniň başlygy aýdýar.

Farýap welaýatynyň häkimi Muhammetylla Bataş hem “Talyban” söweşijileriniň owgan ýaragly güýçleriniň üstüne hüjüm edendigini tassyk etdi.

Häkim hüjümçilerden 21 söweşijiniň öldürilendigini hem sözüne goşdy. “Talyban” söweşijileriniň Seýfilla Wepa atly bir komandiri hem heläk bolupdyr.
“Talybanyň” 15 söweşijisi ýaralanypdyr. “Çaknyşykda owgan ýaragly güýçleri hem zyýan çekdi” diýip, häkim aýdýar.

“Talyban” topary hem Farýap welaýatynda owgan güýçleri bilen öz söweşijileriniň arasynda çaknyşygyň dowam edýändigini tassyk etdi.

Ýerli ýaşaýjylar Meýmene şäheri bilen Anthoý etrabynyň arasynda ýol gatnawynyň hem howpludygyny aýdýarlar. Meýmene bilen Anthoý aralygynda ýaragly adamlar ýolagçylaryň üstüne ok atypdyr.