ÝB Ukraina boýunça duşuşyk geçirer

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aşton.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aşton Ukrainadaky krizisi maslahat etmek üçin indiki hepdede ABŞ-nyň, Orsýetiň we Ukrainanyň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşjagyny aýtdy.

Aşton maslahata ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň we Ukrainanyň daşary işler ministri wezipesini ýerine ýetirýän Andriý Deşytsanyň gatnaşjakdygyny aýtdy.

ÝB-niň diplomatlary duşuşygyň Ýewropada boljagyny aýtsalar-da, onuň ýerini we wagtyny takyklaşdyrmadylar.

7-nji apreldäki telefon söhbetdeşliginde Kerri bilen Lawrow dartgynlylygy gowşatmak üçin Ukrainanyň, Orsýetiň, ABŞ-nyň we ÝB-niň arasynda ýakyn on günüň dowamynda gönümel gepleşikleri geçirmegiň maslahatyny etdiler.

Kerriniň çykyşy

ÝB-niň soňky beýannamasy Kerriniň Orsýetiň agentlerini we ýörite gulluklaryny Ukrainanyň gündogarynda protestleri güýçlendirmekde aýyplamagynyň yz ýany edildi. Kerri şeýle usul bilen Orsýetiň, edil Krymdaky ýaly, gündogar Ukrainada-da harby hereketleri taýýarlamaga synanyşýandygyny aýtdy.

Kerri bu çykyşyny 8-nji aprelde ABŞ-nyň Senatynda etdi.

"Soňky 48 sagadyň dowamynda görýän zatlarymyzyň ählisi, orsýetli prowokatorlaryň we agentleriň Ukrainanyň gündogarynda edýän hereketleri olaryň şol ýerde bulaşyklygy döretmek üçin ýörite iberilendigi barada habar berýär”.

Kerry şeýle hereketleri “bikanun we kanunlara garşy” diýip atlandyrdy. Kerry, eger Orsýet Ukrainanyň garaşsyzlygyny bozmagyny dowam etdirse, ABŞ-nyň we onuň Ýewropadaky ýaranlarynyň Orsýet babatynda energiýa we bank hasaplaryna degişli täze sanksiýalary girizmäge taýýardygyny aýtdy: "ABŞ we biziň ýaranlarymyz Orsýetiň öz 19-njy asyra mahsus hereketleriniň jogapkärçiligini çekmegi üçin 21-nji asyryň gurallaryny ulanmakdan çekinmez”.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fogh Rassmussen 8-nji aprelde Orsýete duýduryş bilen çykyş etdi we Moskwanyň Ukraina girmeginiň “taryhy ýalňyşlyk” boljakdygyny aýtdy.

Gapma-garşylyk

Bu beýannamanyň öňüsyrasynda Ukrainanyň häkimiýetleri Ukrainanyň üç sany şäherinde hökümet edaralaryny eýelän orsýetparaz aktiwistlere garşy herekete başlapdy. Häkimiýetler Harkow şäheriniň administrasiýasynyň jaýynyň orsýetparaz aktiwistleriň elinden alnandygyny we 70 çemesi “separatistiň” tussag edilendigini aýtdylar.

Gündogar Ukrainanyň Donetsk we Lugansk şäherlerinde gapma-garşylyk henizem dowam edýär.

Ukrainanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy Luganskdaky “separatistleriň” döwlet howpsuzlyk edarasyny ele salyp, bu binada partladyjy serişdeleri ýerleşdirendiklerini we 60 adamy zamun alandyklaryny aýtdy. Aktiwistler bu aýyplamalary ret edýärler.

Moskwada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow orsýetparaz aktiwistlere garşy islendik güýjüň ulanylmagynyň Ukrainany graždanlyk urşuna iterip biljekdigini duýdurdy.

Lawrow Ukrainadaky ýagdaýyň gowulanmagy üçin Ukrainanyň ors dilli ilatynyň aladalanmalarynyň nazara alynmalydygyny aýtdy.