Merkel: 'ÝB sanksiýalarda birleşen'

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, eger Orsýet Ukrainanyň toprak bitewiligini bozmakda mundan hem aňry gitse, Ýewropa Bileleşiginiň Orsýete garşy "berk sanksiýalary girizjekdigine hiç kim şübhelenmeli däldir" diýdi.

Merkel şenbe güni özüniň Hristian demokratik partiýasynyň ýygnagynda çykyş etdi.

«Ýewropada biziň hemmämiz dürli-dürli, emma biziň gowy agzybirligimiz bar, onsoň biz bilelikde şeýle karara geleris» diýip, Merkel nygtady.

ÝB hem Birleşen Ştatlar Orsýet Krymy anneksiýa edeninden soň rus we ukrain şahslaryna garşy eýýäm sanksiýa girizdi.

Şenbe güni ÝB-niň Gresiýada bolan maslahatynda bileleşigiň daşary işler ministrleri ÝB-niň Orsýete garşy ýene sanksiýa girizmäge taýýar bolmalydygyny duýdurdylar.

Emma muňa garamazdan, ministrler Moskwanyň Krymy eýelemegi bilen bagly dartgynlyklary ýeňletmek üçin, Orsýet bilen gepleşikleri dowam etmegi hem wada berdiler.