"Zähmet biržasyndan kowýarlar"

Lebap welaýatyndaky Garaşsyzlyk etrabynyň "Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň öňi.

Türkmen döwlet habarlar gullugy, 28-nji fewralda geçirilen hökümet maslahatyna salgylanyp, 2014-nji ýylda Türkmenistanda 56,7 müň raýatyň iş bilen üpjün ediljegini habar beripdi.

Maglumatda 2014-nji ýylyň 1-nji fewralyndaky ýagdaýa laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet edaralarynda, kärhanalarynda we guramalarynda boş duran iş orunlarynyň sany 22,5 müň; ykdysadyýetiň döwlet pudagyna degişli bolmadyk kärhanalarda, şol sanda şu ýyl döredilýän täze iş orunlary hasaba alnanda, boş iş orunlarynyň sany 10,6 müňden hem kän bolar diýlipdi.

Emma ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlara görä, işe ýerleşip bilmeýän adamlaryň sany o diýen az däl.

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň ýaşaýjysy eýýäm üç ýyldan bäri etrabyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölüminde hasapda durandygyny, gürrüňi edilýän bölüme baryp resmilerden iş sorap ýüzlense-de garaşyň diýlip, gapydan kowlup goýberilýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň ýaşaýjysy bilen geçiren söhbetdeşligini diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.