Anneksiýa we türkmen garaýyşlary

Rus harbylarydygy çaklanýan adamlar Krymyň Simferopol şäherinden ýöräp barýarlar.

Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasy Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edip, halkara derejesinde ykrar edilmese-de, ony öz düzümine goşandygyny öňe sürýär.

Şol bir wagtda-da Azatlyk Radiosy türkmen audiotoriýasyndan degişlilikde has güýçli bir döwletiň beýleki bir ýurduň territoriýasyny basyp alyp, özüne goşmagyna bolan garaýyşlaryny beýan etmegini sorap, “Eger Orsýet Türkmenistany anneksiýa etse...” diýen ýörite forumy açdy.

“Eger Orsýet ol ýa-da beýleki ýagdaýda Türkmenistanyň bir bölegini anneksiýa etse, ýa-da onuň ol ýa-da beýleki sebäplere görä bölünmäge isleg bildiren regionyny goldasa, siz muňa nähili garardyňyz?” diýen foruma gelen ýüze golaý teswiriň käbirlerini dykgatyňyza hödürleýäris.

“Prowokasiýa”?

Foruma gelen ençeme teswirde, anyk düşündiriş berilmese-de, soragyň Azatlyk Radiosy tarapyndan “prowokasiýa” maksady bilen goýlandygy aýdylýar. Käbir ildeşlerimiz, meselem “Meret” atly ildeşimiz, öz pikirini esaslandyrmasa-da, “it üýrer, kerwen geçer” diýen ýaly deňeşdirmeleri hem getiripdir.

Bu aralykda, meseläniň türkmen auditoriýasynyň belli bir tema boýunça pikir alyşmagy, öz garaýşyny beýan etmegi üçin gozgalandygyny belläp, birnäçe okyjylarymyz öz teswirlerini galdyrypdyrlar. “Dana” şeýle ýazýar “... her akly başyndaky adamyň islendik meselä öz garaýşy [bolýar], onuň öz garaýşyny bellenen tertip-düzgüniň içinde beýan etmäge hukugy bolmaly... [B]iz eger pikir alyşmagy, beýlekiniň pikirine hormat goýup gürleşmegi başarmaýan bolsak, günä özümizde; prowokatoram, watan dönügi hem özümiz. Sebäbi adamlaryň garaýyşlaryny basyp ýatyrmak - jenaýat”.

Forumdaky ilkinji teswirleriň biri hem “Dawut” atly okyjymyzdan gelip, ol goýlan soraga şeýle jogap berýär: “Gaty gowy bolardy. Şu häzirki režimden dynardyk! Men-ä iki elim bilen razy... Edil Krym ýaly, Türkmenistanam böleýse Russiýa”.

“Dawudyň” bu pikirlerine ençeme ildeşlerimiz garşy çykyp, “Serdar” okyjymyz “[Türkmenistanyň] bölünmegine ýa-da başga bir döwlete garaşly bolmagyna ýol berilmeli däldigini” aýdypdyr.

Taryha “nazar”

“Dawut” ýokarky mazmunly teswirlere jogap hökmünde “Şumadam idili däl...” diýip, türkmen hökümetiniň raýatlary babatynda ýeterlik alada etmeýändigini öňe sürüp, ruslar bolmadyk bolsa (sowet zamanasy göz öňünde tutulýar – red.) Türkmenistanyň “ikinji Owganystan” boljakdygyny nygtapdyr.

Ýokarky pikir bilen ugurdaş, ýagny “ruslar gelmedik bolsa, onda Türkmenistanyň Owganystandan tapawudynyň bolmajakdygyny” aýdyp, başga-da okyjylarymyz öz garaýyşlaryny galdyrypdyrlar.

Şol bir wagtda, bu pikirlere garşy çykyp, “Türkmen” lakamly okyjy: “Näme orslar gelip seniň ezenegiňizi galdyrar öýdýäňmi? Orslar bizi ösdürjek bolsa, 70 ýylda ösdürerdi. Ýöne ony etmediler. Diňe çig mal hökmünde ulandylar” diýip belläpdir.

“Ali” lakamly ildeşimiz hem öz teswirinde “Russiýanyň hökümedi diňe türkmeniň baýlygyna göz gyzdyrýar” diýýär. Diňleýjilerimiziň başga biri “anneskiýa bolan halatynda [Türkmenistandaky] ähli zadyň rus oligarhlarynyň eline geçjekdigini” öňe sürüpdir.

Ýeri gelende belläp geçsek, foruma gelen 100-e golaý teswiriň aglabasynda Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmek pikirine garşy çykylýar.

Bu aralykda, anneskiýa meselesinde türkmen auditoriýasynyň işjeňligine garamazdan, Krymyň anneksiýasy boýunça türkmen hökümeti häzire çenlem resmi beýanat bilen çykyş edenok. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diňe Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi munuň bilen baglylykda öz pozisiýasyny aýan etmän gelýär.