Owganystanyň demirgazygyndaky Garkyn etrabynyň ýaşaýjysy, etniki türkmen Abdul Gapbar 2004-nji ýylda buýan köküni almak üçin türkmen-owgan serhediniň golaýyna baranynda, türkmen serhetçileri tarapyndan tussag edilendigini aýdýar.
Mundan soňra Gapbar özüniň Kerki raýonynyň deslapky tussaghanasynda 13 gije-gündiz saklanandygyny, şol günleriň dowamynda hem türkmen howpsuzlyk edarasynyň işgärleriniň özüne gaty gödek we adamyň şahsyýetini kemsidiji görnüşde daraşandyklaryny belleýär.
Munuň yzy bilen Gapbar, degişli deňew işleri geçirilenden soňra, sud diňlenişiginiň bolandygyny, onuň dowamynda hem özüne üç sany, şol sanda ogurlyk, gaçakçylyk ýaly aýyplamalaryň ýöňkelendigini aýdýar. Gapbar bularyň toslama aýyplamadygyny öňe sürüp, olaryň anyk mazmuny barada özüne hiç hili düşündirişiň berilmändigini hem nygtaýar.
Gapbar sud diňlenişiginiň dowamynda prokuraturanyň bildirilýän her aýyplama üçin sekiz, jemi 24 ýyl türme tussaglygyny sorandygyny aýdýar. Haçan-da bu netije boýunça sud Gapbaryň pikirini soranynda, ol bu netije bilen razy bolmajakdygyny aýdypdyr.
Mundan soňra Gapbar suduň özara “maslahatlaşmak” üçin çykandygyny, bir salymdan hem yzyna “täze teklipler” bilen gelendigini belleýär.
Netijede Gapbar özüne ýedi ýyl türme tussaglygynyň berlendigini, mundan soňra hem gözenegiň aňyrsynda bir ýyl çemesi oturyp, 2005-nji ýylda Gadyr gijesi mynasybetli amnistiýa düşüp, azatlyga çykandygyny aýdýar.
Bu aralykda Gapbar türkmen türmelerinde “bikanun” basyldy diýilýän owganystanly türkmenleriň işine ýaňadandan garalmagyny soraýandygyny aýdýar.
Türkmenistanyň türmelerinde saklanylýan owganystanly etniki türkmenleriň anyk sany baradaky resmi maglumata duş gelinmedi. Owganystandaky etniki türkmenleriň aglabasy ýurduň demirgazygynda, owgan-türkmen serhediniň ýakynlarynda ýaşaýarlar. Ýatladyp geçsek, Türkmenistan bilen Owganystanyň araçäginiň uzynlygy 744 kilometre deňdir.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar