Sişenbe güni rus prezidenti Wladimir Putin we anneksiýa edilen Krymyň liderleri Krym ýarymadasyny Russiýa Federasiýasynyň düzümine goşmak boýunça, halkara derejesinde ykrar edilmedik ylalaşyklara gol goýdular. Bu ýagdaý Türkmenistanda, türkmen intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda nähili garşylandy?
Krymyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegine türkmenistanlylaryň arasynda esasan iki hili garaýşyň bardygy görünýär. Aşgabatly publisist Amanmyrat Bugaýew bu ýagdaýlary şeýle düşündirýär: “Türkmenistanda, esasan, Russiýanyň habar serişdeleri diňlenilýär. Şoňa salgylanýan adamlar “Russiýa Krymy halas etdi”, “özüniň taryhy territoriýasyny yzyna gaýdyp aldy” diýen pikirde. Ýöne düşünjeli türkmen intelligensiýasy muňa [Krymyň anneksiýasyna] şübhe bilen seredýär. Sebäbi bu Russiýanyň öňki imperiýa höwesinden, ambisiýasyndan el çekmändigine ýene bir aýdyň subutnama boldy”.
Putiniň "pişesi"
Bugaýew rus prezidenti Wladimir Putiniň başga bir döwletiň işine gödeklilik bilen gatyşmagy, kimdir biriniň goýberen ýalňyşyny öz bähbidine ulanmagy özüne pişe edinendigini aýdýar.
Ýerli synçy Ýaýlym Begow bu tendensiýanyň Ukrainanyň mysalynda hem “äşgär bolandygyny” nygtaýar. Begow: “Ukrainadaky durnuksyzlykdan – hem-de Orsýet bilen Ukraina deňeşdirilende, elbetde, Ukriana gowşak – Russiýa bu ýagdaýlardan ussatlyk bilen peýdalanyp, Krymy adalatsyzlyk bilen özüne birikdirdi”.
Krymdaky bolýan wakalary aglaba rus habar serişdelerinden yzarlaýandygyny aýdýan türkmen talyby Merjen Krymyň Russiýa Federasiýasynyň düzümine goşulmagyny “dogry” diýip hasap edýändigini belleýär.
Merjen: “Meniň öz pikirme görä, [Krymyň] Russiýa goşulmagy gowy. Sebäbi Krymy öňden bäri hem Russiýanyň ýeri diýip bilýärin. Ýöne taryhyň belli bir pursatynda ol Russiýanyň düzüminden gidýär. Şonuň üçin hem [häzir onuň Russiýa birikdirilmegini] gowy diýip hasaplaýaryn”.
Emma şol bir wagtda-da Merjen, eger-de bu işe halkara hukuk normalary we Ukrainanyň beýleki regionlaryndaky ilatyň garaýşy nukdaýnazaryndan baha berlende, Krymyň Russiýanyň düzümine goşulmagynyň “diňe Moskwa üçin gowudygyny”, Ukraina üçin hem “erbetdigini” aýdýar.
Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Ak Welsapar bolsa Russiýanyň öz bu hereketi bilen SSSR dargandan soňra gelnen özara ylalaşyklary bozandygyny belleýär: “1991-nji ýylda, SSSR ýykylynda, ozalky sowet respublikalary öz aralarynda taryhyň şol pursatyna çenli emele gelen döwlet araçäklerini üýtgetmeli däl diýip, resmi suratda ylalaşdylar. Hut şu karar hem şol döwürde biziň hemämmizi [territorial dawalar sebäpli döräp biljek] uly gandöküşiklikden halas edipdi”.
Ak Welsapar häzir Russiýanyň Krymy “basyp alandygyny” aýdýar we munuň netijesinde geljek üçin howply göreldäniň, howply tejribäniň ornaşdyrylýandygyny nygtaýar: “Orsýet Krymy halkara kanunlarynyň garşysyna gidip, özüne birikdirmek bilen, ozalky SSSR-iň territoriýasynda hukuk normalaryna gabat gelmeýän gorkunç bir mehanizmi işe girizdi”.
Welsapar Moskwanyň häzirki hereketinden soň ozalky SSSR-iň giňişliginde dawaly territoriýalar sebäpli uly, hatda ganly konfliktleriň hem döremegine ýol açylandygyny aýdýar.
Krymyň anneksiýa edilmegi bilen bagly Türkmenistan özüniň resmi pozisiýasyny häzire çenli aýan etmedi.