1200-nji ýyllaryň başlarynda Çingiz han maldarçylyk bilen meşgullanyp, göçüp-gonup ýören taýpalary birleşdirip, ilki goňşy ýurtlary basyp alýar we soňra-da Hytaýy, Hindistany, Orsýeti we Gündogar Ýewropany öz içine alýan Mongol imperiýasynyň düýbüni tutýar.
Käbir taryhçylar mongollaryň öz ýurtlaryny giňeltmegine olaryň ýaramaz howadan gaçyp, maýylrak regionlara aralaşmak isleginiň sebäp bolandygyny aýdýardylar.
Mongoliýada gadymy agaçlaryň sütünindäki halkalara esaslanýan ylmy barlag işini alyp baran amerikan alymlary bolsa indi başga pikiri öňe sürýärler. Olaryň çaklamagyna görä, agzalýan döwürde Mongol imperiýasyna güýç-kuwwat beren dowamly ýagyş we maýyl howa bolupdyr.
Ylmy barlagçylar öz tapyndylary baradaky maglumatlary öten hepde "Proceedings Of The National Academy Of Sciences" habarnamasynyň internet neşirinde ile ýetirdiler.
Günbatar Wirjiniýa uniwersitetiniň alymy Ami Hessl öten ýyl ýaýradylan bir wideoýazgyda şeýle diýdi: "Çingiz hanyň güýç-gudrat gazanan döwründe howa adatdan daşary ygally bolupdyr. Munuň öri meýdanlarynyň önümçiliginden peýdalanyp, mongollara uly möçberde mal-gara we at ýetişdirmäge mümkinçilik beren bolmagy ähtimal. Olar muny hem uruş maşyny hökmünde ulanypdyrlar".
Barlaglar
Alymlar agaçlaryň sütünindäki halkalary barlamak bilen merkezi Mongoliýada howanyň 1112 ýyl mundan ozal nähili bolandygyny kesgitläpdirler.
Olaryň aýtmagyna görä, Hangaý daglaryndaky sosna agaçlarynyň sütünlerindäki degişli halkalar Mongol imperiýasynyň güýçlenen döwrüniň 15 ýyla çeken aşa bereketli howanyň höküm süren döwrüne gabat gelýär. Bu maýyl hem ygally howa müň ýyldan köpräk wagtyň içinde diňe bir gezek bolupdyr.
Çingiz hanyň hökümdarlygyndan soňrä 10 ýyla çeken guraklyk hem mongol taýpalarynyň agzalalygynyň üstüne urna bolupdyr.
Hessl aşa agyr guraklykdan aşa ygally howa geçilmegi "bir harizmatik ýolbaşçynyň garym-gatymlykdan çykyp, goşun düzüp, güýç-gudraty bir ýere jemlemegi" üçin amatly şert döredipdir diýýär.
Alymlar adatdan daşary ygally howanyň mongol sähralarynda atlar üçin ot-iýmiň köpelmegine getirendigini aýdýarlar. Mongol esgerleriniň hersiniň erkinde bäş at bolupdyr. Goşunyň yzyndaky mal-gara hem esgerleri iýmit bilen üpjün edipdir.
900-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli bolan döwri öz içine alýn agaç halkalary howanyň 20-nji asyryň ortalaryndan bäri çalt gyzyp ugrandygyny we soňky ýyllaryň hasaba alnan iň gurak ýyllardygyny-da görkezýär.