Derýada suw az, ministr käýinç aldy

Amyderýa

Türkmenistanda ýylyň örän gurak gelýändigini, derýalarda suwuň soňky 40 ýylda görülmedik derejede pesdigini aýdýarlar; prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gurakçylygyň mümkin bolan netijelerini azaltmagyň çärelerini agtarýana meňzeýär.

Şol bir wagtda resmi türkmen metbugatynda gurak gelýän ýyl, onuň döredip biljek meseleleri barada açyk pikir alyşma görünmeýär.

Ýöne döwlet eýeçiligindäki habar serişdesi Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni geçiren hökümet maslahatynda ýurduň suw hojalygy ministri Seýitmyrat Taganowa käýinç berendigini aýtdy.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu käýinç ministre gulluk wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmändigi, ministrligiň oba hojalyk pudagyny suw resurslary bilen üpjün etmek işinde goýberen kemçilikleri üçin berlipdir.

Şeýle-de prezident ministre ýurduň suw zerurlyklaryny doly üpjün emek üçin edilmeli anyk işler, ýer we suw resurslaryny netijeli ulanmak, ekerançylyk ýerleriniň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak barada bir topar tabşyryk beripdir.

Resmi metbugatda berilýän maglumata görä, Suw hojalygy ministrliginiň öňünde uly meseleler, şol sanda suw howdanlaryny gurmak işini tizleşdirmek, ýöriteleşdirilen tehnikany netijeli ulanmak, oba hojalyk ekinlerine suwuň harçlanyşynyň gözegçiligini ýokarlandyrmak, suwaryşyň damjalaýyn we ýagyş usullaryny ulanmak ýaly meseleler goýlupdyr.

Eýsem ýurtda gurak gelýän ýylyň kynçylyklaryny azaltmak barada ýerli spesialistler näme pikiir edýär?

Men şu we beýleki soraglary Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy, kärdeşim Osman Hallyýewe berdim.