8-nji mart: Jaý eýeleri nämä görä saýlandy?

Aşgabat şäherindäki "elitka" diýlip atlandyrylýan ýaşaýyş jaýlary

Türkmenistanda 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli sekiz çagaly zenanlara ýaşaýyş jaý sowgat berildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Bu jaýlar sekiz çagaly zenanlaryň ählisinemi ýa-da käbirlerine berildi? Käbir zenanlara berilýän bolsa, olar nämä görä saýlanýarlar?

Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.