Krymda dislosirlenen, ýagny ýerleşdirilen rus harbylary barada 28-nji fewraldan bäri dürli habarlar ýaýraýar. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ron Sinowitz bu ugurdaky gürrüňleri ilik-düwme seljerdi.
Häzirki wagtda Krymda näçe sany rus harbysy bar?
Ukrain häkimiýetleri Krym ýarymadasynda häzirki wagtda 16 müňe golaý rus harbylarynyň bardygyny aýdýar. Bu sanyň gün geçdigiçe köpelýändigi hem nygtalýar.
Harby güýçler boýunça halkara analitikler hem Krymdaky rus esgerleriniň sany barada ukrain häkimiýetleriniň berýän maglumatlary bilen ylalaşýarlar. “Jane’s Defense” atly hepdelik žurnalyň habarçysy Tim Ripliýniň aýtmagyna görä, 28-nji fewraldan soň Orsýet özüniň 6 müň ýa-da 7 müň esgerini Krymda ýerleşdiripdir. Şeýle-de Ripliý Orsýetiň Krymdaky Gara deňiz flotunda şu wagta çenli “köp boldy” diýlende 11 müň adam saklandygyny hem aýdýar. Ýöne olaryň köpüsiniň deňizçi we kömekçi işgärler bolandygy nygtalýar. Häzirki wagtda Krym ýarymadasyndaky rus harbylary barada aýdylanda bolsa, olar sözüň doly manysyndaky gury ýer goşunlaryna degişli harbylardyr.
Krymdaky rus harbylarynyň 2 müňüsi Orsýetiň 810-njy Deňiz-pyýada goşunlaryna degişli bölümiň gullukçylarydyr. Agzalýan harby bölüm Gara deňiz flotuna degişli. Krymda bolup geçen soňky gabawlary amala aşyrmaga , esasan, şol bölümiň harbylarynyň gatnaşandygy anyklanylypdyr.
Krymda täzelikde dislosirlenen rus harbylary barada nämeler bilýäris?
Orsýet Kryma täzelikde goýberen nyzamly goşunlaryny, Gara deňiz flotunda gulluk edip ýören harbylardan däl-de, gönüden-göni ýurduň içindäki harby bölümlerden ugratdy.
Ripliý bu barada şeýle gürrüň berýär: “Orsýet Kryma ugradan harbylaryny howa arkaly ýa-da deňziň üsti bilen ugratmaly boldy. Ol ýerde yzygiderli harby howa gatnawlary amala aşyrylýar. Ukrainadaky köp sanly “howa güýçlerine” degişli harby birikmelere Orsýet gözegçilik edýär. Şeýle-de olar Krymdaky bir gämi portuny hem ele geçirdiler. Agzalýan port Orsýetiň Kuban regionyna gaty ýakyn. Diýmek, ruslar şol portuň üsti bilen Kryma öz harby goşunlaryny we harby ulaglaryny geçirdiler”.
Düýbi Londonda ýerleşýän, garaşsyz “Çaknyşklaryň barlagy we analizi” merkeziniň direktory Kristofer Langton Orsýetiň soňky dislosirlän harbylarynyň aglaba böleginiň, easasan, Don boýundaky Rostowdaky harby birikmelerden alnandygyny aýdýar: “Esgerleriň harby lybaslaryna seretseň, olar entek “geýilmändir”. Täzeje. Olaryň eginlerinde hatda pogonlary hem ýok. Orsýet şeýle taktikany 2008-nji ýylda Gürjüstanda synagdan geçiripdi. Şonda, haçan-da orslaryň parahatçylyk goşunlary Gürjüstana girenlerinde, harby lybaslaryny çalşypdylar. Olar parahatçylygy “alamatlandyrýan” pogonlaryny aýryp, Gürjüstana şeýle giripdiler. Diýmek, indi nämeler bolar? Noworossiýskde Orsýetiň deňiz-pyýada goşunlaryna degişli birikmeleri bar. Onda ýokary derejede taýýarlykly harby türgenler gulluk edýärler. Şeýle-de şol harby strukturanyň düzüminde iki sany “aýratyn taýýarlykly, ýörite birikmeleriň” harbylary bar”.
Orsýetiň Ukraina bilen baglaşan şertnamalarynyň çäginde orslary nämeler çäklendirýär?
Orsýetiň Ukraina bilen baglaşan birnäçe harby we howpsuzlyk şertnamalarynyň çäginde olaryň Krym ýarymadasynda 25 müň sany harby gullukçy saklamaga hukugy bar. Şol harbylar dürli operasiýalary geçirmek üçin özleriniň ýerleşen harby birikmeleriniň daşyna çykmaga haklary bar. Ýöne “dislosirlemek” barada gürrüň edilende, olar hatda okuw-türgenleşigini geçirmek üçin hem käbir çäklendirmelere tabyn bolmaly bolýarlar.
Orslaryň Krymda bar bolan ukrain harby birikmeleriniň daşyny gabamaklary aç-açan “hüjüm maksatly operasiýalar” hökmünde kabul edilýär. Bu ýagdaý iki döwletiň arasynda baglaşylan şertnamalara dogry gelmeýär.
Orsýetdäki hususy howpsuzlyk firmalary hem rus goşunlary bilen bir hatarda Ukrainadaky harby operasiýalara gatnaşýarmy?
Ripliý öz sözlerinde Krym parlamentiniň basylyp alnan güni Orsýet tarapyndan operasiýalara gatnaşan harby lybasly adamlara we olaryň howpsuzlyk kameralary arkaly düşürilen wideoýazgylaryna ünsi çekýär. Agzalýan harbylaryň Orsýetiň hususy howpsuzlyk firmalaryna degişli adamlardygyna güwä geçýändigi aýdylýar.
Ripliý bu barada, ine, şeýle diýýär: “Elleri tüpeňli, granatly we ok-därili gapyrjaklary göterip ýören daýaw harbylary özüňizem görensiňiz. Olaryň biri-birini tanamaklary üçin aýratyn nyşanlary bardy, munuň kömegi bilen olar garaňkyda-da biri-birini tanap bilýärdiler. Olar örän taýýarlykly gullukçylardy. Ýöne, üns beren bolsaňyz, olaryň harby lybaslary ors goşunynyň düzümindäki harbylaryňkydan tapawutlydy. Meniň pikirimçe, olar ozal Orsýetiň ýörite harby gulluklarynda gulluk edip, soň hususy pudaga geçen harbylar bolmaly. Olaryň köpüsi rus oligarhlary bilen ylalaşyk şertnamalary bolan kompaniýalara gulluk edýärler. Elbetde, “oligarhlaryň aňyrsy” hem Orsýetiň prezidenti bilen ilteşdirilýär. Diýmek, operasiýalara Orsýetiň döwlet we hususy howpsuzlyk pudagynyň işgärleri bilelikde gatnaşýarlar”.
Langtonyň bellemegine görä Krymdaky etniki ruslaryň dartgynlylyga goşulmaklary üçin Orsýet öňünden çäreler görene meňzeýär. Agzalýan toparlaryň wagtyň geçmegi bilen dartgynlylygy has hem möwjetmekleri mümkin. Langton, etniki ruslary “öjükdirmek” çäresiniň orsýetli hususy howpsuzlyk firmalary tarapyndan ýa-da bolmasa Krymda hereket edýän aýratyn taýýarlykly harby güýçleriň gullukçylary tarapyndan amala aşyrlandygyny çaklaýar.