Şahyr bolup dogulmak

Gurbannazar Ezizow

Gurbannazar Ezizow poeziýa çagalykdan, iň bolmanda ýaş oglanlykdan gelendir diýip çak etmek mümkin. Megerem, onuň oýunjaklarynyň arasynda poeziýa kitaplary-da bolandyr. M. Lermontowyň, A.S. Puşkiniň, W. Brýusowyň hem Magtymgulynyň onuň oglanlyk döwrüniň ruhy dostlarydygyny göz öňüne getirmek kyn däl.

Gurbannazar Ezizow aýaly Halnabat bilen

gAýtmak, diýmek höwesi Gurbannazarda has ir oýanyp başlapdyr. Sebäbi onuň üçin edebiýata girmedik, çeper beýan edilmedik ömür tümlükde geçen ýaşaýşa meňzeýär. Ynsan ömrüni diňe çeper edebiýat ýagtylandyryp, köpçülige aýan edip bilýär, adamyň ýaşap geçenini çeper edebiýat görkezýär.

Gurbannazaryň döredijilik ýolunyň şeýleräk başlanmagyna azyndan iki möhüm sebäp bar.

Iki sebäp

Ilki bilen nesil-nebere täsiri arkaly ol sungata baglanan bolmaly. Ol Hümmet ussanyň agtygy. Hümmet ussa diýilýäni Büzmeýin-Gökdepe sebitlerinde tanalýan, eli hem dili çeper adam bolupdyr. Olaryň maşgala hünäri zergärçilik eken. Zergärlik bilen tutuş maşgala meşgullanypdyr. Gurannazaryň özi-de gülýaka gaş goýup, onuň ýüzüni altyn bilen bezemegi başarýan eken. Eger Gurbannazar şahyr bolmadyk bolsa, gürrüňsiz kümüşçi ussa bolardy.

Ikinji möhümlik maşgala takdyr sebäpli sungata baglanmak. Onuň kakasy, Eziz aga dünýädäki iň ýowuz urşuň gazaply synagyndan geçen hem ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolup, diri yzyna dolanan ynsan. Ol harby ýesirlikde, Mauthauzen lagerinde jebir çekipdir. Ol gören görgülerini kimdir birine, owaly bilen öz ogluna aýtmalydy. Ogul bolsa ony beýan etmeli.

Gurbannazar Ezizow we Nury Halmämmedow

Sözledi ol teninden
Akan ganyndan.
Gaýdanyny ölümiň
Bäri ýanyndan.

Ýarynyň hor egnine
Goýdy-da elin,
Sessiz-üýnsüz aglady,
Towlandy gelin.

Ölümden diri galan esger diňe hakykaty aýdyp, özüniň kimdigini subut edip biljekdi. Gurbannazar “Aýallar”, “Çagalyk” “Sena”, “Uruş” we beýleki diriler hem ölüler baradaky goşgularyny, “Söwütlini” ýazmak üçin şahyr bolupdy.

Şeýlelikde, nesil şejeresi hem maşgala takdyry ony poeziýa örklän bolsa gerek. Şol hakykaty aýtmak üçin ol şygryýet meýdanyna örän ir gelipdir. Gurbannazaryň ilkinji goşgulary 15 ýaşyndaka “Mydam taýýar” gazetinde çykyp başlaýar.

Ol soň-soňlar, aýratyn-da studentlik ýyllaryndan edebiýat bilen çynlakaý gyzyklanyp ugranyny, “Edebiýat we sungat” gazetiniň ýaş awtorlaryndan esasy birine öwrülendigini ýatlapdy.

Ýaşlyk

Durmuş diňe maşgala takdyry bilen çäklenmeýär, ol dowam edýär. Ynsan ýetişýär, onuň öz durmuş ýoly başlanýar.

Gurbannazar Ezizow maşgalasy bilen. Pöwrize

Ol söýdi hem söýüldi. Onuň söýgüsi örän joşgunly hem açyk boldy.

Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim.
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.

Boýun alalyň, biziň köpimiz söýginiň öňünde ejizligi duýýarys. Şonuň üçin Gurbannazaryň sözi ýaşlaryň diliniň senasy hem ýüreginiň açary boldy.

Seni söýüp, göz ýetirdim bir zada:
Kynçylyk ýok,
Ejizlik bar dünýäde.

Bu eserler dörän badyna, aýratyn-da “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok” setirler bilen başlanýan goşgyny, “Söýgi” sonetler çemeniniň magstral bölegini köpler ýatdan bilýärdi. Sebäbi G. Ezizowda täze söýgi lirikasy bardy, ol durmuşa has golaýdy hem açykdy. Ol öz döwürdeşleriniň arasynda has aýdyň hem ýiti duýgyny başdan geçirdi. Hut şeýle söýgini beýan etmek üçin, ol şahyr bolmalydy.

Bakylyk

Söýgi mydama we ähli şertlerde ýaşapdyr. Söýgi bolmasa, dirilik bolmazdy. Söýgi diriligiň hereketlendiriji güýji saýylýar. Gurbannzar şahyr hökmünde muny aýtmaga borçludy.

Gurbannazarda perzende bolan söýgi barada ençeme ajaýyp goşgy bar. Ol çagany ýatlamak bilen ene hakda-da oýlanmaly bolýar. Sebäbi onuň özi-de biriniň perzendidi. Ony ekläp-saklapdylar. Şol ekläp-saklanyň gadyryny özüň ekläniňde has oňadrak bilýärsiň.

Gurbannazar Ezizowyň mazary

Ol şahyr hökmünde, ömrüniň başynda bolşy ýaly, ömrüniň ahyrynda hem ene öňündäki jogapkärçiligini duýýar. Şahyryň iň ýakyn dostlaryndan biri Ahmet Gurbannepesowyň ýatlamagyna görä, ol ömrüniň soňky döwründe, enä bagyşlap, goşgy döredipdi, ýöne ony göwnejaý tamamlap bilmändi.

Sen meni ýaman gözlerden gorap saklajak bolduň.
Sen meni süýt-gaýmak bilen ekläp-saklajak bolduň.
Juda ýagşy sözler bilen teşneligimi gandyryp,
Ýolumdaky ýaman sözleň baryn çöplejek bolduň.

Gurbannazaryň uly poeziýasy, onuň şahyrana dünýäsi şu zatlardan gözbaş alyp gadypdyr.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.