Krym tatarlary öz ýarymadalaryna rus goşunlarynyň aralaşmagyna nähili reaksiýa bildirýärler? Azatlyk Radiosynyň habarçysy Simferopoly etekläp oturan tatar obalarynyň birine baryp geldi.
Göräýmäge, Fontany 5 (ozalky Ýagmurça – red.) obasy ümsümlige bürenen ýaly. Ýöne 500 adamdan ybarat ilatly bu tatar obasyna içgin syn etseň, halky gorky duýgusynyň gaplap alandygyna düşünmek kyn däl.
Krymyň paýtagty Simferopolda eli ýaragly rus esgerleri tatarlara howp salýar. “Olar ýakyn wagtda tatarlaryň üstüne çozar” diýen myş-myş ýyldyrym çaltlygynda çar tarapa ýaýraýar.
55 ýaşly etniki tatar, Mudasir Kafodar gyz agtyjygany ýanyna alyp, bakjasynda dynç alýar. Onuň beýleki agtyklary töwerekde oýnap ýörler. Ol şeýle gürrüň berýär: “Biziň parahat durmuşda ýaşasymyz gelýär. Ýöne rus goşunlary biziň territoriýamyza girdiler. Ýaragly adamlary hemme ýerde görmek bolýar. Bu bizi gorkuzýar. Diňe bir meni däl, biziň hemmämizi gorkuzýar. Olaryň aýdýan zady ýok. Ýöne olaryň ukrainaly däldikleri, orsýetlidikleri öz-özünden düşnükli”.
Kafodar Özbegistanda doglupdyr we 2000-nji ýylda Kryma göçüp gelipdir. Ol Krymy öz watany hasaplaýar. Onuň 93 ýaşly kakasy we 85 ýaşly ejesi 1954-nji ýylda Stalin tarapyndan sürgün edilipdirler.
Krymyň 2 million adamlyk ilatynyň takmynan 12 göterimi tatarlardan ybarat. Ikinji jahan urşy döwründe olaryň köpüsi Iosif Stalin tarapyndan Orta Aziýa sürgün edilipdirler. Sürgün edilen tatarlar faşistler bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýyplanypdyrlar. Olar 1991-nji ýylda, Ukraina garaşsyzlygyny alansoň, yzyna, ýagny Ukraina göçüp barypdyrlar.
Alada
Krymyň beýleki ýaşaýjylary Ýewromaýdan protestlerini goldamasalar-da, tatarlar maýdançylaryň tarapyny tutdular. Şeýle-de olar Ukrainanyň garaşsyzlygyny, Krymyň Ukrainanyň çäginde galmagyny we Kiýewiň Ýewropa bilen integrasiýasyny aňry ýany bilen goldaýarlar.
Ynha, bu günki gün ors goşunlarynyň Kryma girmegi bilen tatarlar Krym Moskwa tabyn ediler diýip gorkýarlar. Ýöne Kafodar ýalylar diňe bir rus goşunyndan gorkmaýarlar. Olary alada goýýan başga meselerler hem bar.
Ukraina gagarşsyzlygyny alaly bäri, ýagny takmynan ýigirimi ýyldan bäri Krym tatarlary gürrüňi edilýän ýarymadada etniki orslar bilen zordan oňşup ýaşaýarlar. Sebäbi ilatyň 60 göterimini emele getirýän etniki ruslar Krymyň Orsýete birikdirilmegini isleýärler.
Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde Kadofar golaý-goltumdaky tatar obalaryna rus goşunlarynyň çozmagynyň ähtimaldygy barada ýaýran mym-myşlardan çen tutup, şeýle diýýär: “Biz näme edip bileris? Biz parahat adamlar. Biz hiç zada taýýarlyk göremzok. Göräýenimizde-de, biziň edip biljek zadymyz barmy? Birnäçe gün mundan ozal kimdigi näbelli adamlar tatar maşgalalarynyň ýaşaýan jaýlaryna kürsäp girip, öý eýesini we ogullaryny ýenjipdirler. Olar häzir hassahanada. Indi şol ýaňky kimdigi näbelli adamlar biziňem üstümize çozarlar-da...”
“Orsýet! Orsýet!”
Simferopolyň köçelerinde kazaklar we “moskwaçylar” bogazlaryny ýyrtyp, aýak aldygyna “Orsýet! Orsýet!” diýip bagyryşýarlar. Kafodar ýaly pespäl obalylar bolsa, ýetip gelýän ors güýçleriniň hem eden-etdilikleriň howpunyň öňünde öz howpzulyklaryny nädip kepillendirjekdikleri hakda kelle döwýärler. Ol öz gürrüňinde her agşam ýigrimi töweregi adamyň Fontany 5 obasynyň köçelerinde nobatçy durýandygyny aýdýar.
Kafodar özleriniň ýarag götermeýändiklerini, parahatçylygyň tarapdarydyklaryny nygtaýar: “Biz Krym tatarlary. Biziň öýümiz şu ýeri. Bize galagoply ýagdaýyň geregi ýok. Biziň adam bilen işimiz ýok. Biz erbet zatlary meýilleşdiremzok. Biz hatda hiç kime iki agyz ýakmaz sözem aýdamzok”.
Krymyň paýtagty Simferopolyň tatar kethudalary häzirki bolýan ýagdaýlardan biynjalyk bolýarlar. Ýöne olar gaýduwsyzlygy elden berenoklar. Olar 1-nji martda Krymdaky tatar Mejlisinde dörän galagoply ýagdaý boýunça maslahat geçirdiler.
Mejlisiň wekili Al Hamzi bu barada şeýle gürrüň berýär: “Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Krymy basyp almak barada buýruk beripdir öýdýärin. Ol gündogara-da goşun ugradar. Men bir zady anyk aýdyp bilerin. Men hiç ýere gaçyp gitmerin. Bu ýeri ne ukrainlaryňky, ne-de orslaryňky, bu ýeri Krym tatarlarynyň dogduk topragy”.