Saz – halas ediji

Pianinoda saz çalyp oturan bir aýal

Pagta ýygymy döwründe saý-sebäp bilen bir uly daýhan birleşigine bardym.

Adamsyz oba

Bu örän uly hojalyk bolup, birnäçe obany özüne birleşdirýär. Meniň baran ýerim – merkezi posýolokda hiç kim görünmeýärdi. Edil uruş döwründe dürli edaralaryň gapylaryny tagta bilen çüýläp, "Hemmeler frontda!" diýip ýazyşlary ýaly, obanyň hem bar milleti pagta meýdanynda bolmaly. Oba içi ümsümlikdi, hatda çagalaryň sesi-de eşidilmeýärdi. Mekdep ýapyk, söwda dükanlary işlänok. Köçede adam-gara görünmeýärdi.

Heý bir açyk gapy barmyka diýen umyt bilen aýlanyp ýörşüme, mekdebiň gapdalyndaky köne edara jaýyndan saz sesini eşitdim.

Ol ýere bardym. Jaýyň gapysynda «SAZÇYLYK MEKDEBI» diýen ýazgy bar ekeni. Hawa, oba ýerinde sazçylyk mekdebi! Bu nähili geň hem gowy.

Täsin mekdep

Meni bir sypaýy ýigit garşy aldy. Ol tar çalmak boýunça çagalara sapak berýär ekeni.

– Nähili, bularyň arasyndan Barbat dörejekmi? – diýdim.

Ýigit ajy ýylgyrdy-da, gönüsinden geldi.

– Bilmedim. Bu mekdebi çagalary pagta ýygymyna goýbermezlik üçin açdylar. Sazçylyk mekdebine gatnaýan okuwçyny pagta ýygymyna sürmeýärler.

Çagasynyň saglygyna haýpy gelýän ata-ene oňa bir saz guralyny satyn alyp berýär-de, şu mekdebe ýazdyrýar. Biz bolsa şäherden gatnap, bulara sapak berýäs.

Men saz öwrenýän çagalara seretdim. Elbetde, saz öwrenmek pagta ýyganyňdan aňsat iş däl, onuň has agyrrak bolmagy-da mümkin. Ýöne meýdanda pagta ýyganyňdan, mekdepde saz öwrenmek has ganymat bolsa gerek.

Bularyň deň-duşlary bilini büküp, pagta meýdanyndadyr. Olar üçin dynç güni ýok, iş sagady bolsa gün dogandan, gün ýaşýança. Ol agyr iş azyndan üç aýlap dowam edýär. Pagta ýygymy çagalary diňe bir bilim almakdan mahrum etmän, eýsem ösüşden kesýär hem saglyga agyr zyýan ýetirýär. Üznüksiz agyr iş, gowaça sepilýän her dürli zäherli himikatlar hem howa şerti ösüşde bolan çagalara täsirini ýetirýär.

Hojalyk ýolbaşçylary çagalaryň bir bölegini şol surnukdyrjy zähmetden halas etmegiň gowy usulyny tapypdyrlar. Çagalar mejbury işiň öwezine gözelligi öwrenýärler hem saza – mukama düşünýärler.

Aslynda saz diňe çagalary däl, uly ýaşdakylary hem dürli azapdan, çykgynsyz ýagdaýdan halas edip bilýär. Saz käbir ruhy keselleriň dermany saýylyp, ol adamyň ruhy dünýäsine derman bolýar. Gyzamykda ýatan bir bendäniň derdini ýeňletmek üçin döredilen “Gyrmyzy” diýen saz türkmen milli sungatynyň ajaýyp mukamy saýylýar.

Men gapa tarap ýöränimden, saz mugallymy okuwçylaryna “başlalyň” diýen yşaraty etdi.

Arzuw

Şeýle mekdebi her obada açyp bolsady, ol ýaş ynsanyň bir bölegini agyr zähmetden gorap saklardy.

Diňe sazmy, obalarda çeperçilik – şekillendiriş mekdeplerini-de açmak gerek.
Eger obalarda ýöriteleşdirilen sport mekdeperi bolsady, belki, halkara olimpiada ýaryşlarynda baýrak alyp biljek ýaşlar ýetişerdi.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.