Orsýet: Dožd telekanaly ýaşaýyş ugrunda göreşýär

Dožd kanalynyň eýeleri Natalýa Sindeýewa (çepde) we Aleksandr Winokurow. 4-nji fewral, 2014 ý.

Mundan dört ýyl ozal Orsýetiň telewizion dünýäsinde täze bir kanal peýda boldy. Täze-täze talantly işgärleri bilen syýasatdan garaşsyz gepleşikleri öz tomaşaçysyna ýetirmegi başaran Dožd TW (Ýagyş TW) kanaly gysga wagtyň içinde halkyň söýgüsini gazandy we şol bir wagtyň özünde-de Kremliň siňňin ünsüni çekip başlady. Gürrüňi edilýän kanal aýratynam orta gatlagyň şäherli wekilleriniň arasynda gyzgyn garşy alyndy.
Ýurtda 2011-nji ýylda Kremle garşy geçirilen protestlerde Dožd telekanaly halkyň iň bir ynamdar çeşmelerinden biri boldy. Dožd TW habarlary gyzgyny bilen tomaşaça ýetirmekde, halkyň pikir-garaýyşlaryny we beýleki maglumatlary öz tomaşaçysyna ýetirmekde beýlekilerden tapawutlandy.

Şol döwürlerde oppozisiýanyň liderleriniň, Alekseý Nawalnyý we Sergeý Udaltsowyň resmi media organlary boýunça çykyş etmeklerine gadaganlyk girizilipdi. Ýöne Dožd telekanaly öz gepleşiklerinde olaryň hem öz pikirlerini aýtmaklaryna mümkinçilik döredipdi.
Dožd TW kanaly ýurduň içinde 17 million hojalyga ýaýlym arkaly ýetirilýär, şol sanda agzalýan kanala Internetiň üsti bilen her aý 2 million adam tomaşa edýär. Kanal üstünlikli sepgitlere ýetmegiň hötdesinden geldi.
Ýagdaý şeýle bolansoň, ýurduň içindäki emeli hemra üpjünçilik edaralary bu kanalyň ýaýlyma goýberilmeginde kynçylyk döredip başlaýarlar. Olar yzly-yzyna özleriniň Dožd TW-ni öz emeli hemralary arkaly ýaýlyma goýberip bilmejekdiklerini aýdýarlar.
Synçylar
Synçylaryň aýtmaklaryna görä, gürrüňi edilýän edaralar Kremliň basyşyndan çekinip, Dožd TW-niň ýaýlyma goýberilmegini bes etmeli bolýarlar. Bu ýagdaý, elbetde, Dožd TW-niň ors mediasynda, beýleki media gulluklary bilen deňeşdireniňde, üstünlikli sepgide ýetendigini görkezýär.

Žurnalistler Dožd kanalynyň eýeleri tarapyndan geçirilýän metbugat konferensiýasyna gatnaşmak üçin kanalyň edarasyna geldiler.

“Merсator” atly analiz toparynyň esaslandyryjysy, syýasy synçy Dmitriý Oreşkin Dožd telekanalynyň ähmiýetini şeýle düşündirýär: “Döwletiň propagandasyna boýun egmeýän islendik garaşsyz teleýaýlym Kremliň gözüne howp bolup görünýär. Sebäbi haçan-da häkimiýetleriň abraýy pese gaçyp başlanda, şeýle kanallar hakykaty bolşy ýaly efire berýärler. Şeýle etmek bilen bu kanallar adamlara başgaça ýaşap bolýandygyny görkezýärler”.
Sişenbe güni, 4-nji fewralda, Dožd telekanalynyň eýesi Aleksandr Winokurow we kanalyň müdiri Natalýa Sindeýewa žurnalistler bilen gürrüňdeş boldy. Öz gepleşiklerini Apple TW-ä satmak arkaly Dožd kanalynyň media giňişliginde galmagynyň ahmaldygy aýdylýar.
Dožd kanalynyň teklibi
Emeli hemra üpjünçilik edaralarynyň “basyşdan çekinip”, Dožd kanalyny ýaýlyma goýbermekden saklanandyklary, ýöne Winokurowyň olara üýtgeşik teklibiniň bardygy aýan edilýär. Winokurow şeýle diýýär: “Biz Orsýetdäki kabel operatorlaryna, köpçülige açyk bir teklip edýäris. Biz olara tutuş 2014-nji ýylyň dowamynda biziň tolkunlarymyzy, biziň gepleşiklerimizi doly mugt ulanmagy teklip edýäris. Goý olaryň özleri hem bulary öz abonentlerine islän bahalaryndan satybersinler”.
Dožd telekanaly geçen hepde “Ikinji jahan urşy döwründe Leningrad şäheriniň gabawy” boýunça pikir soralyşyk geçirdi. Pikir soralyşykda, ‘Leningradyň 900 günläp gabawda saklanyp, million adamyň ölümine getirmegini dogry hasaplaýarsyňyzmy ýa-da muňa derek Leningrad nasistlere boýun egmelimidi?’ diýlip soralýar.
Taryhda bolup geçen bu wakanyň ýyl dönümine gabatlap geçirilen bu pikir soralyşyk ýurtdaky milletçileriň gaharyny getirýär. Hatda käbir syýasatçylar Dožd telekanalynyň ýapylmagyny we “ekstremizde” aýyplanyp jenaýat jogapkärçiligine çekilmegini talap edip, çykyş etdiler.
Internet mediasyna we käbir erkin neşirlere Orsýetde biraz erkinlik bar, ýöne Kreml teleýaýlymlary berk çäklendirip, olary öz gözegçiliginde saklajak bolýar.
Oreşkin “Eho Moskwy”, ýagny ”Moskwanyň ýaňy” radiosynda hem ýakyn wagtda üýtgeşiklikleriň bolup biljekdigini aýdýar. Çünki bu radio hem efirde käbir biynjalyk syýasy meseleleri gozgaýar.
Dožd TW kanaly 2010-njy ýylyň aprel aýynda ilkinji gezek efire çykypdy.