Mergen: "Türkmen gyzy öz milliligini saklamaly"

Dürli stilde geýnen gyzlar

Britaniýanyň tanymal "The Guardian" gazetinde 26-njy ýanwarda çap edilen makalalardan biriniň sözbaşysy ünsümi çekdi. Onda: "Aýal-gyzlaryň daşky keşbiniň has köp tankyt edilmegine, olaryň aşa açyk geýinmekleri sebäp bolýarmy?" diýlen sorag orta atylýar.

"The Guardian" gazetinde gürrüňi edilýän tema, umuman, aýdylanda günbatar medeniýetine gönükdirilen, emma "aýal-gyzlar nähili geýinmeli?" diýlen sorag türkmen jemgyýetinden hem asla daşda däl.

Forma diýildi, keşdeli ýaka diýildi, ýaglyk daňynmaly diýildi, tahýa geýmeli diýildi, garaz, şunuň ýaly gürrüňler ýaşlaryň arasynda yzygiderli dowam edýän tema.

Ýaşlar, görşüňiz ýaly, siziň üçin ýokarda üç sany surat ýerleşdirdik. Siziň pikiriňizçe türkmen gyzlaryna olardan haýsysy has köp gelişýär we näme üçin?

Bu soraglar bilen, ýokary bilimini daşary ýurtlarda dowam etdirýän türkmen ýaşlary Mergene, Aýjahana we Arslana ýüzlendik. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.