Ukraina: Ýanukowiç işe dolanýar

Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç

Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç, dümewläp gysga wagtlyk işden galanyndan soň, duşenbe güni ýene öz wezipesini ýerine ýetirmäge başlady.

Ýanukowiç geçen penşenbe güni saglyk ýagdaýy zerarly dynç alşa çykypdy. Şonda onuň edarasy ukrain prezidentiniň dümewländigini, onuň respirator, ýagny dem alyş ýollaryndaky näsazlykdan ejir çekýändigini habar berdi.

Muňa garamazdan, oppozisiýa Ýanukowiçiň ýurtda adatdan daşary ýagdaýy girizmäge taýýarlanmak üçin wagt utjak bolýanlygyny güman edýär.

Geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri Ukrainada günde diýen ýaly demonstrasiýalar bolup geçýär. Bu protestler prezident Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça uzak wagtdan bäri garaşylýan özara ylalaşyga gol goýmakdan ýüz öwrensoň başlandy.

Protestler we protestçiler

Ýanukowiçiň wezipesinden çekilmegini talap edýän uly ýygnanyşyklar ýekşenbe güni Ukrainanyň paýtagty Kiýewde we ýurduň beýleki künjeklerinde ýene-de geçirildi.
Ýekşenbe güni häkimiýetler, saglygyny bejertmegi üçin, belli oppozision aktiwiste Ukrainadan daşary ýurda gitmäge rugsat berdiler. Ol aktiwistiň, alnyp gaçylyp, gynamalara sezewar edilensoň, saglygyna düýpli şikes ýetendigi aýdylýar.

“Baltik” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, aktiwist Dmitriý Bulatow Litwanyň paýtagty Wilnýusa barypdyr we şol ýerde keselhana ýerleşdirilipdir. Bulatow 22-nji ýanwarda ýitirim bolupdy we ol şondan bir hepde soň agyr ýaralanan we gulagy dilnen halda gaýtadan tapylypdy.

Polisiýa Bulatowy köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamakda güman edip, gözleýärdi. Ýöne prokuratura onuň ýekşenbe güni azat ediljekdigini aýdypdy.

Ýekşenbe güni irden Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasyna ýygnanan takmynan 50 müň töweregi protestçilere ýüzlenip, ukrain oppozisiýasynyň liderleriniň biri Kliçko ýurtdaky krizisi çözmegiň ýeke-täk ýoly Ýanukowiçiň wezipesinden çekilmegi we şondan soň geçiriljek saýlawlardyr diýdi: “Biz 2004-nji ýyldaky konstitusiýa dolanmagy teklip edýäris. Ýagny, häkimiýetiň prezidentiň, parlamentiň we hökümetiň arasynda bölünmegini; täze hökümetiň düzülmegini; we bu meseleleriň çözülmegi üçin-de iň esasy zat hökmünde – wagtyndan öň prezidentlik we parlament saýlawlarynyň geçirilmegini talap edýäris”.

Günbatar resmileri bilen duşuşyk

Ukrain oppozisiýasynyň liderleri Kliçko we Arseniý Ýatsenýuk şenbe güni Mýünhendäki howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşdylar we şol ýerde Günbataryň resmileri bilen duşuşdylar.

Ýekşenbe güni Kliçko protestçilere “Ýanukowiç bilen gepleşikleri geçirmek üçin halkara derejesindäki araçylygyň” proseslere goşulmagyny sorandygyny aýtdy.

Ýatsenýuk bolsa “Biz günbatarly kärdeşlerimiz bilen gürleşdik we biziň maliýe ýardamyna mätäçdigimizi aýtdyk” diýdi: “Tutuş dünýä bize diňe syn edip oňanok, tersine, ahyrsoňy dünýä bize kömek etmek kararyna geldi. Besdir. Bize indi artykmaç söz gerek däl. Ukrainler takyk herekete geçilmegini soraýarlar we bize bu hereketiň amala aşyryljakdygyna mundan ozal söz berlipdi”.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Ketrin Aştonyň sözlerine görä, ÝB we Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ukraina üçin uly göwrümli maliýa kömegini bermek baradaky planyň üstünde işleýärler. Aşton "Wall Street Journalyna" beren maglumatynda Ukraina beriljek ýardamyň ýurduň geçiş döwründe, prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda wagtlaýyn hökümetiň syýasy we ykdysady reformalary gowulaşdyrmagyna kömek etmek maksady bilen beriljekdigini aýtdy.

Ukrainada prezidentlik saýlawlarynyň 2015-nji ýylda geçirilmegi planlaşdyrylýar.
Geçen hepde prezident Ýanukowiç ýurduň premýer-ministri Mikola Azarowyň wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny kabul edipdi. Ýöne Ýanukowiç häzirlikçe onuň deregine hiç kimi bellänok.