Öňki saglyk ministriniň şalygyndaky hassalyk

Howly süpürdilýän doktorlar

Dogry-dürs medisina edaralarynyň bolmazlygy, ýalňyş diagnoz goýmak we emelsizlik şu günki Türkmenistanyň uly saglyk problemalarynyň diňe bir bölegi bolup görünýär.

Bu ýurduň perzidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýete 2006-njy ýylyň aýagynda, öňki prezidentiň nädogry kararlarynyň bir toparyny düzetmek wadasy bilen geldi. Düzedilmeli, ezeneginden galdyrylmaly pudaklaryň biri hem S.Nyýazow döwründe dargadylan saglyk sistemasydy.

Prezident Berdimuhamedowyň portreti çörek önümleriniň arasynda

Emma berlen wadalaryň ýerine ýetirilişiniň ugry bolmady. Has dogrusy, öňki prezident S.Nyýazow ýogalanda saglyk ministri bolup işlän Berdimuhamedow indi bu ýagdaýa düýpden üns bermeýän ýaly görünýär. Has beteri, häkimiýetler adamlaryň daşary ýurtlara gidip, dogry-dürs medisina kömegini almak, özlerini bejertmek synanyşyklaryna hem garşy çykýarlar.

Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugy Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynyň ýagdaýyna göz aýlap, akyla sygmajak zatlaryň üstünden bardy.

Azatlyk Radiosynyň bir habarçysy Lebap welaýatyndaky Birata etrabyndan iň ýakyndaky gowy enjamlaşdyrylan medisina edarasyna barmak üçin birnäçe sagat ýol geçmelidigini habar berdi.

Emma türkmen raýatlarynyň bar bolan medisina edarasyna gelip ýetmegi hem olaryň saglyk problemalarynyň soňlanjagyny aňlatmaýar.

Tersine, kynçylyklar şondan soň başlanýar.

Emelsizlik

Özüni Umyda diýip tanydan aýal Azatlyk Radiosyna Türkmenistandaky doktorlaryň özüne inçekesel diagnozyny goýup, kesel ýokaşmazlygy üçin ýaş çagasyndan daşrak durmagy maslahat berendiklerini aýtdy. Ol aýal doktorlaryň diýşi ýaly edýär, emma geçen ýyl öz saglygyny barlatmak üçin Türkiýä gidýär. Türkiýedäki doktorlar onuň inçekesel bilen kesellemändigini, jan saglygynda hiç bir kemçiligiň ýokdugyny aýdýarlar.

Başga bir aýal bolsa, Azatlyk Radiosyna türkmen doktorlarynyň öz iki ýaşly çagasyna doga maýyp diýendiklerini we onuň hiç wagt düzüwli ýöräp bilmejegini aýdandyklaryny gürrüň berdi. Ol aýal ugruny tapyp, çagasyny Moskwada bir saglyk edarasyna getirýär we indi onuň çagasy kynçylyksyz ýöreýär.

Özüni Läle diýip tanydan bir aýal bolsa, Azatlyk Radiosyna öz ejesiniň alty ýyl çemesi ýürek keselinden ejir çekendigini, zol-zol hassahana girip-çykandygyny gürrüň berdi. Ahyrynda doktorlar ol aýala özleriniň indi hiç hili kömek edip bilmejeklerini, onuň öljekdigini aýdýarlar. Onsoň ol maşgala Türkiýä gidýär we ýüregi agyrýan enäniň ýüregi operasiýa edilýär. Şondan soň enäniň saglygynyň gowulaşandygy aýdylýar.

Bu adamlaryň ählisiniň türkmen doktorlaryndan eşiden zatlaryndan uly gaýgy-alada galandygyna, horluk baryny görendigine garamazdan, olaryň hemmesi soň sag-aman gutulýar.

Emma özüni Aýna diýip atlandyran aýala beýle şowlulyk ýetdirmändir. Ol Türkmenistandaky doktorlaryň birnäçe ýyllap göwsündäki kiçijik çişi bejermek bilen meşgul bolandyklaryny, käte sanjym edendiklerini, käte bolsa, iňňe sançmak bilen bejerendiklerini gürrüň berdi. Ol ahyrynda Türkiýä gidýär we ol ýerdäki doktorlar onuň rak bilen keselländigini aýdýarlar.

Günorta Türkmenistanda ýaşaýan bir ýigide bolsa doktorlar aýagynda süňk keseliniň bardygyny aýdypdyrlar. Onuň wagtal-wagtal aýagy çişýän eken. Maşgala agzalarynyň aýtmaklaryna görä, doktorlaryň ýazan dermanlary näsagyň gowulaşmagyna hiç bir kömek etmändir.

Onsoň olar ony paýtagt Aşgabatdaky hassahana alyp gelipdirler. Aşgabatdaky doktorlar hassanyň aýagyny rentgen barlagyndan geçirip, barlagyň netijesini ýerli doktorlara görkezmegi tabşyrypdyrlar. Emma ýerli doktorlar rentgen ýazgylaryny okap bilmändirler.

Gülmesiz gülki

Her näçe geň hem bolsa, haly harap hassalar ýa-da olaryň hossarlary üçin ýeke-täk çykalga Türkmenistandan daşardaky medisina edaralaryna ýüz tutmak bolup galýar.

Türkmenistanyň ilatynyň aglaba köplüginiň daşary ýurda saglygyny bejertmäge gitmek üçin maliýe mümkinçiligi ýok. Emma bu-da esasy mesele däl. Hatda eýdip-beýdip pul tapylan ýagdaýynda hem, näsaglaryň hemmesine daşary ýurda gitmäge rugsat berilmeýär.

Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň 2012-nji ýylda çap eden hasabatynda aýdylmagyna görä, «saglyk edaralaryndaky medisina hyzmatynyň derejesiniň pesligi zerarly, agyr kesellerden ejir çekýän hassalaryň köpüsi, professional medisina bejergisini almak üçin daşary ýurtlara gitmäge mejbur bolýar.»

"Emma muňa garamazdan, Türkmenistandan daşary ýurt saglyk spesialistlerini gözläp gitmek ýurduň milli saglyk edaralaryndaky ýagdaýy gytaklaýyn tankyt etmek hasaplanansoň, syhatçylygyň sebäbi belli bolan ýagdaýynda, bu hili adamlaryň köpüsi serhet geçelgelerinde ýa aýeroportlarda saklanyp, yzyna gaýtarylýar» diýip, hasabatda aýdylýar.

Türkmenistan barada günbatar metbugatynda çykýan habarlarda, şeýle-de öňki sowet ýurtlarynyň metbugatynda çykýan habarlarda köplenç bu ýurduň dünýäniň iň bir repressiw ýurtlarynyň biridigi bellenilýär.

Emma bu habarlarda hökmany suratda Türkmenistanyň prezidenti hem agzalýar we hakykatda çynlakaý seredilmeli tema gülkünç bir zada öwrülýär.

Prezident Berdimuhamedow we ondan öňki prezident Nyýazow eksentrik liderler we, has dogry sözde aňladyljak bolsa, olara keminden gelmişek diýip bolardy.

Türkmenistanyň prezidentleri hakynda gürrüň edeňde ýylgyrman saklanmak tas mümkin däl we men «Türkmenbaşynyň» we «Arkadagyň» geň-taňlyklary barada ýaňsyly makalalary ýazan köp adamyň diňe biri.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasyndaky emelsizlik, bolmanda meniň üçin, hemişe gülkünç bir zat däl.

1990-njy ýyllaryň aýagynda käbir türkmen dostlarymyň aýdyşy ýaly, «bu ýurduň içinde ýaşaýan adamlar üçin asla gülkünç däl».

-- Brus Pannier, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahiriň kömegi bilen ýazyldy.